Teswirler (3)

Ýüklenýär...

GELIŇ, KINO HAKYNDA GÜRRÜŇ EDELIŇ

2 minut alar

Biziň döwrümizde kino hakynda köp gürrüň edilerdi. Hiç kimiň aladasy görünmek däldi, görenlerini aýtmakdy. Hasam Şükür bagşy kinosy ýaňy çykaýan döwürlerde. 

Bu kinony gören haýrandy. Hatda Çingiz Aýtmatam ony gowy görüpdir diýişerdik. Uly ýazyjyň Şükür bagşa beren bahasy her kimiň dilindedi. Şükür bagşyny täzelikde-de gördüm. Onuň şol gowulygy. Könelmändirem, “häh şu taýsyny oňarmandyrlar ekenowam” diýdirenok. Soň pikir etdim, bu kino näme üçin şeýle täsirlikä? 

Şükür bagşy köpçülige görä pikir edenok. Onuň ýaşaýyşa, bolýan wakalara özüçe garaýyşy bar. Adatça seniň obaňy çapdylarmy, senem git-de çap. Senem ýesir al, soň öz ýesirleriňe çalyş. Ýa ýesiriňi git-de handan satyn alyp gaýt. Oňam ýesirlerini satyp bilse başga armany ýokdur. Olaram gelip bizden ýesir satyn alyp gidýärler-ä.

Emma Şükür başgaça pikir edýär. Ine, şoň başgaça pikir edýänem biziň göwnümizden turýar. Ol agasyny saz bilen halas etjek. Ol ýowa ugraljak ýere dutaryny alyp gelýär. Garaşylmadyk bir zat. Garaşylmadyk pikir! Indi biz şol täze pikiriň ýol alanyny isleýäs. Şükür obaň adamlaryny, serdaryny öz pikiriniň dogrudygyna ynandyrmaly. Bu ýerde ýogaljak bolup ýatan ýaşulyň sözleri oňa goldaw bolýar. Birinji maslahatda-da ýaşulylar bardy. Olar gan dökülmegine garşy çykyp, ýesirleri satyn almagy teklip etdiler. Emma olary diňlemediler. Soň näme üçin ýaşulyň sözi ýer alýar? Bu ýerde ýaşuly täze pikiriň arkasynda durup çykyş edýär. 

Serdaram razy bolmaly bolýar. Ýöne “Soň gezek biziňkidir” diýýär. Bu jümle Şüküriň jogapkärçiligini hasam artdyrýar. 

Kino gutarýança biz Şüküriň tarapynda durup, onuň ýeňilmezligini isleýäris. Emma Gulam bagşam ussat. Özem çykgynsyz ýagdaýa düşen ussat. Eger Şükürden ýeňiläýse han ony ýanyndan kowar. Dartgynly, ýeňiş iki tarap üçinem gaty gymmatly, ýaryş başlanýar. Şükür  ýeňiläýmeli bolýar. Hatda agasam “Tur, tur, türkmeniň namysyna ysnat getirme “ diýip oňa gygyrýar. Ýene-de Şükür ussatlyk bilen dutaryna kakman, onuň bir kirşini aýyryp başlaýar. Agasy oňa näme üçin gygyrypdy? Ol garşydaşynyň dutarynyň bir kirşiniň ýolunany görübem, utanman oň garşysyna Şüküriň iki kirişde çalyp oturanyna namys edýär. Şükür namysa galmady. Gaýta Gulam bagşy haýran bolup dutaryny çalmasyny goýdy. Gör, türkmen nähili eken, ol ýeňişini adalatly gazanýar. 

Iň soňunda-da film “Adam öz bagtynyň Ýerde, Suwda, Zähmetdedigine düşünmese bu gan döküşikli durmuş dowam eder” diýen gaty güýçli, hemme döwürlere degişli, könelmejek pikir bilen jemlenýär. Ol mafiýalaryň, milletçi faşistleriň, ýarag söwdasyny edýänleriň... ýene-ýene haram ýol bilen baýamagyň garşysyna aýdylan şygar ýaly. Bu bolsa hemme döwürlerde-de derwaýys. 

Görüň, biz nähili kino alyp bilýän ekenik! 

100 |
|