...

Muhammetgeldi Goshayev

@muhammetgeldi
Jadygöý

Syrýoznyý dizaýner

Kyn zatlary etmek barada... Göz ýetirenlerimden...

Kyn işleri etmek ukyby, belki, özüňizde ýa-da çagalaryňyzda terbiýeläp boljak iň peýdaly ukypdyr. Kyn işleri edip biljekdigiňizi subut etmek durmuşyňyzyň dowamyndaky iň peýdaly baýlyklaryň biridir. Öz keşbimiz, ukyplarymyzyň taryhy subutnamalaryndan ybaratdyr. Özüňizi näçe kyn iş etmäge mejbur etseňiz, şonça-da geljekde başarnykly bolarsyňyz. Marafon ylgap ýa-da bedeniňiziň agramyny iki esse trenajor zalynda göterip bilýän bolsaňyz, täze doglan çaganyň ukusyzlygy we ýatylmaýan gijeler diňe ýumşak bir işdir. Organiki himiýa ýa-da biologiýa boýunça ökde bolsaňyz, täze maliýe işini…

Ýanymda göterýän depderçämden pikirler... (

Siz hemişe yhlas edip işlän zadyňyzy alyp bilmersiňiz. Ýöne beýlekileriň saňa goýan we beren zadyna razy bolsaň hemişe şolary alarsyň. Siz işlemäni birden öz standartlaryňyzdan geçýän zat döredip bilmeýäňiz. Döredijilkde iki düzgün: Hezil edip işleýän adam ýeňýändir. Pellahana barýan ýol/Dagyň depesine çykyş progresiň iň gyzykly ýeridir. Başlamak üçin batyrlyk + tebigy taýdan saňa aňsat gelýän zada ünsüňi berip işläp bilmek + şol işde tutanýerlilik edip sabyr bilen kiçi ýeňişlere ýetmek + işlemek = Ine siziň…

Nädip "bet" bolmaly, sowuk e-maillaryň (cold e-mail) güýji we ussatlyk barada (dizaýnerdan...).

"Bet" bolmak üçin, durmuşyňyz bilen näme edip näme goýjagyňyzy bilmek hökmän dal, şu hepde näme etjekdigiňizi bilseňiz hem ýeterlikdir. Barjak ýeriňde duşýan zatlaryň hemmesine düşünmek hökman däl. Diňe indiki ädimiňizi bilseňiz hem ýeterlikdir. Siz islendik adama sowuk e-mail ugradyp bilýäňiz, ýöne näme üçindir hemmeler bu zadyň güýjüni bilmeýär. Hepdede bir e-mail ugratmak kyn, wagt alýan bir zat ýalydyr welin, durmuşuňyzy çalşyp biljek güýji bardyr. Dogry ýazan hatlaryňyza köplenç jogap bolmaz. Ýöne ajaýyp bir zata ýetmek…

Bagtsyzlygyň resepti, öýümdäki iň gymmatly zatlar we çäklendiriji ynançlary dolandyrmak

Bagtsyzlygyň reseptini isleseňiz, köp pul ýygnamak üçin wagtyňyzy sarp ediň we saglygyňyza we gatnaşyklaryňyzyň hiline üns bermegi ýatdan çykaryň. Dogrusyny aýtsam, öýümdäki iň gymmatly zatlar, gowy oturgyç we gowy stol bolup biler. Sport zaly enjamlaryny satyn öýe satyn alamda beden saglygyny satyn alandyryn öýdüpdim, ýöne aslynda rahatlyk satyn alan ekenim Adamlaryň özlerine aňsat gürleýändiklerine we ynanýandyklaryna üns beriň we şol bir ýoly kabul etmekden ägä boluň. Adamlar köplenç çäklendiriji ynançlaryny size satyp siziň hem şol…

Bagtsyzlygyň resepti, öýümdäki iň gymmatly zatlar we çäklendiriji ynançlary dolandyrmak

Ajaýyp we aňsat üstünlikli bolmak üçin 5 sany ädim, ýa-da şuňa meňzeş bir zatlar.

1-nji ädim: Islendik internetde tapan ädimme-ädim üstünlige ýetmek ýaly sistemalary ýa-da makalalary görseňiz, onda olary şol bada ýatdan çykaryň. Serediň, hawa dogry biziň hemmämiz ullakan öýde, süýji nahar iýip, gymmat bahaly eşikleri geýesimiz gelýär. Ol barada hiç hili şübhe ýok. Ýöne, geliň hakykata seredeliň. Üstünlige ýetmek üçin biz adatdan daşary zat etmeli. Asyl adyndan belli bolşy ýaly, adaty däl zady etmek üçin biz ilki bilen şol adaty däl zady tapmaly we ondan soňra hem şol…

“Bir zatlar et” ýörelgesi.

Dogrusy, häzir ýatlap otursam, makalany ýazmagymyň asyl sebäbi hem şol wagtdaky zähmet dersi mugallymymyň gaýtalap aýdan sözlerinde ýatyr. Meniň okan mekdebimde zähmet sapagy oturylyp gürrüň edilip geçirilýän sapaklaryň biridi (belki siziň mekdebiňiz hem şolar ýaly bolandyr, şübhe ýok). Ýöne asyl diýjek bolýan zadym onda däl. Şol wagtky mugallymymyň aýdan zady ýadyma berk ýazyldy, her gezek oglanlar bilen oturyp “gybat” edilen wagty mugallym: Beýdip oturmaňda oglanlar, bir zatlar ediň - diýerdi. Biz hem ýaşlyk edip, “Näme…

“Bir zatlar et” ýörelgesi.