...

-The SETDARS

@Relax

Şäherler bilen atdaş tagamlar

Dün­ýä aş­ha­na­syn­da kä­bir ta­gam­lar «dog­lan» şä­her­le­ri bi­len meş­hur­lyk ga­za­nyp, şol şä­he­riň ady­ny gö­ter­ýär. Şol bir ta­ga­myň dür­li se­bit­de taý­ýar­lan­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ony dö­rän ýe­rin­de da­dyp gör­mek aýratyn lezzet berýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da aş­ha­na hyz­ma­ty­na uly üns be­ril­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar dynç al­ýan şä­her­le­rin­de fran­suz, ital­ýan, hy­taý we ýa­kyn gün­do­gar aş­ha­na­la­ryn­da myh­man­çy­lyk­da bol­mak bi­len, di­ňe şol şä­he­re mah­sus ýer­li ta­gam­la­ry hem da­dyp gör­ýär­ler. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da şä­her­ler bi­len at­daş ta­gam­laryň käbiri ba­ra­da­ gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris! 🟡 We­na şni­se­li. We­na…

Zägiñ peýdasy..!

Zäk — bu alýuminiý, kaliý, demir hem-de şonuň ýaly aşgarly metallaryň ikili kömürturşy duzy bolup, reňksiz kristal görnüşindedir. Zäk ajy bolsa-da, tebipçilikdir lukmançylykda has irki döwürlerden bäri ulanylypdyr. Halk tebipçiliginde zäk agyz boşlugyndaky we bedendäki ýaralary bitiriji serişde, içgeçmäni, deridäki kesikleri we gijilewügi bejermekde melhem hökmünde belli bolupdyr. Belli alym lukman Abu Aly ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» kitabynda zägiň agyz we beýleki ýaralary bejermekde peýdalydygyny, köýdürilen zägiň bir bölegini, süýji buýan köküniň we zagpyranyň…

Zägiñ peýdasy..!

Iñ howply kõl

Iñ howply kõl Tanzaniýadaky Natron köli, dünýädäki iň howply köl hökmünde tanalýar. Kölüň suwy aşa gyzgyn we mineral taýdan örän baý bolup posladyjy häsiýete eýedir. Ýagny kölüň suwuna galtaşan islendik jandar soňsuza çenli doňup ölüp galýar. Kölde ölen haýwanlar çüýremegiň ýerine kalsiý bilen örtülýär we daşa öwrülýär. Ýagny heýkel ýaly bolup galýar. Natron köli howply bolsada örän geň we owadan ýerdir. Kölüň reňki käte gyzyl we käwagt bolsa mämişi reňke öwrülýär. Bu ýeri görmäge gelýän…

Iñ howply kõl

MESJİD-İ AKSA [ Türk edebiýatyndan terjime ]

Mesjid-i Aksa-ny gördüm düýşümde, Bir çaga ýaly-dy, hem aglaýardy. Baryp gapysyna mañlaýmy goýdym, Göýä, bir ýer asty bahr-y joşýardy. Gözlerim ýollarda garaşyp ýörün, Nirde doganlaryñ diýýärdi bir ses, Ilk Kyblasy mendim, beýik Nebi-niñ, Unutdymy ýa-da muny ähliñiz. Burak aldow saldy ýörelerinde, Miraja ýol beren badalgadym men. Kutsallygym belli şäher adymdan, Çar ýana nur saçan uly bir tagtdym. Nirde ozalky deý müñlerçe mömin, Ýürekler bir bolup maña gelerdi. Hemşehrim Nebîler sarpasy üçin, Jogaba gowuşan dogalar bardy.…

Ta­ýa­jyk­lar bi­len na­har­lan­mak däbi

Iki sa­ny uzyn ta­ýa­jyk bi­len na­har­lan­mak, me­ge­rem, hem­me­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän bol­sa ge­rek. Hy­taý me­de­ni­ýe­ti­ne mah­sus bo­lan bu usul ýur­duň ýer­li aş­ha­na­la­ryn­dan baş­ga-da, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da­ky hy­taý aş­ha­na­la­ryn­da duş gel­ýär. Gaý­na­dy­lan tü­wü­den baş­lap, çor­ba­nyň dür­li gör­nüş­le­ri çöp­ja­gaz­lar bi­len iýil­ýän bu me­de­ni­ýe­tiň özü­ne mah­sus ta­ry­hy bar. Eý­sem, uzyn çöp­ja­gaz­lar bi­len na­har­lan­mak ha­çan ýü­ze çyk­dy­ka?! Hy­taý­ly ço­pan­lar bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki 1200-nji ýyl­lar­da il­kin­ji ge­zek na­har iý­mek üçin uzyn çöp­ja­gaz­la­ry ula­nyp baş­lap­dyr­lar. Bu ba­ra­da Şan dinastiýasy döw­rü­ne de­giş­li…

Ta­ýa­jyk­lar bi­len na­har­lan­mak däbi

Bedene ýumurtgasynyň peýdasy

Bedene beýleki guşlardan özüniň çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Ol üç ýyla çenli ýaşaýar. Bedenäniň teniniň gyzgynlygynyň towuklaryňkydan iki gradus ýokary bolandygy üçin ol öý guşlaryna mahsus bolan keseller bilen kesellemeýär. Olar 35-40 günlük bolanlarynda, ýumurtga guzlap başlaýarlar. Bedenäniň önüm berijiligi ýylda 280 ýumurtgadan-da geçýär. Ýumurtgasy düzümindäki peýdaly maddalaryň mukdarynyň köpdügi boýunça beýleki öý guşlarynyňkydan aýratyn tapawutlanýar. Özüniň iýmitlik ähmiýeti bilen towuk ýumurtgasyndan tapawutlanýan bedene ýumurtgasy adamyň saglygy üçin zerur bolan köp iýmit maddalaryny saklaýar. Onuň…

Bedene ýumurtgasynyň peýdasy

Bal nä­me üçin za­ýa­lan­ma­ýar?

Ba­la­ry­çy­lyk oba ho­ja­ly­gyn­da üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri bo­lup, göz­ba­şy­ny has ir­ki ýyl­lar­dan alyp gaýd­ýar. Bal adam sag­ly­gy üçin peýdaly iý­mit­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ga­dymy dö­wür­ler­den bä­ri dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mek­de bu iý­mit­den peý­da­la­nylyp ge­lin­ýär. Esa­san hem, so­wuk­la­ma­nyň we dü­me­wiň öňü­ni al­mak­da ba­lyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Eý­sem, bu süý­ji iý­mi­tiň sak­la­nyş möh­le­ti nä­çe? Ba­lyň ýaramlylyk möh­le­ti çäklendirilmedik. Balary­la­ryň taý­ýar­lan süý­jü­si­ni müň­ler­çe ýyl­lap sak­lap bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da Mü­sür­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de müň­ler­çe ýyl bä­ri sak­la­nyp ga­lan gol­ça­lar ta­pyl­dy. Bu…

Bal nä­me üçin za­ýa­lan­ma­ýar?

Muny bilmek gyzykly..!

- Tebigy gyzyl saçly adamlar, umumy ilatyň 1-2 göteriminde görülýär; – Uçar heläkçiliginiň köpüsi uçuşdan üç minut soň ýa-da gonmazdan sekiz minut öň bolup geçýär; – Jeki Çan we Brýus Li biri-biri bilen meýletin tutluşyk geçirdiler. Brýus Li ýeňiş gazandy; – Pingwinler fiziki taýdan yza ýöräp bilmeýärler; – Oksford uniwersiteti şeýle bir köne welin, haçan gurlandygyny hiç kim bilenok; – «Lamborghini» şereketi başda diňe traktor öndürýärdi. Soňlugy bilen awtoulag önümçiligine başlady; – 4 ýaşly çaga…

Muny bilmek gyzykly..!

Dünýäniň adaty däl ýadygärlikleri

⭐Ýadygärlikler we heýkeller, köplenç, şäherleriň meýdançalaryny we seýilgählerini bezemek üçin goýulýar. Emma olaryň wezipesi diňe munuň bilen çäklenmeýär. Ýadygärlikler belli bir medeniýetiň geçmişini, ösüşini, ruhy dünýäsini açyp görkezmelidir. Freýdiň sallanyp duran heýkeli. Bu heýkel adaty heýkeller ýaly seýilgähiň merkezinde däl-de, Praganyň belent binalarynyň biriniň depesinde ýerleşdirilendir. Bir eli bilen ýapyşyp, ýokardan aşak sallanyp duran ýagdaýynda ornaşdyrylan bu täsin heýkelde belli psiholog Zigmund Freýd şekillendirilendir. Bu heýkel çehiýaly heýkeltaraş Dawid Çorny tarapyndan ýasalypdyr. Başam barmagyň äpet…

Dünýäniň adaty däl ýadygärlikleri

“Halloween”

“Halloween” gadymy keltleriň Samhain baýramyndan gözbaş alyp gaýdýan we soňra hristiançylyk bilen birleşdirilen baýramçylykdyr. Samhain, tomus gutaryp, gyş başlanda, 31-nji oktýabr gijesinde bellendi. Keltler bu döwre ölüler dünýäsiniň dirileriň dünýäsi bilen birleşýän döwri hökmünde garadylar. Şol sebäpli bu gije ölenleriň ruhlary dünýä gaýdyp geldi we hasyl ýok edilip bilnerdi. Adamlar ot ýakýarlar, geýim geýýärler we erbet ruhlardan goranmak we gowy ruhlara salam bermek üçin dürli däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. 1-nji asyrda Rim papasy Gregori III 1-nji…

“Halloween”