Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Bal nä­me üçin za­ýa­lan­ma­ýar?

2 minut alar

Ba­la­ry­çy­lyk oba ho­ja­ly­gyn­da üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri bo­lup, göz­ba­şy­ny has ir­ki ýyl­lar­dan alyp gaýd­ýar. Bal adam sag­ly­gy üçin peýdaly iý­mit­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ga­dymy dö­wür­ler­den bä­ri dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mek­de bu iý­mit­den peý­da­la­nylyp ge­lin­ýär. Esa­san hem, so­wuk­la­ma­nyň we dü­me­wiň öňü­ni al­mak­da ba­lyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Eý­sem, bu süý­ji iý­mi­tiň sak­la­nyş möh­le­ti nä­çe?

Ba­lyň ýaramlylyk möh­le­ti çäklendirilmedik. Balary­la­ryň taý­ýar­lan süý­jü­si­ni müň­ler­çe ýyl­lap sak­lap bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da Mü­sür­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de müň­ler­çe ýyl bä­ri sak­la­nyp ga­lan gol­ça­lar ta­pyl­dy. Bu ar­heo­lo­gik açy­şyň iň geň ta­ra­py gol­ça­la­ryň için­de ba­lyň bol­ma­gy­dyr. Şeý­le hem ta­py­lan bal­la­ryň bi­ler­men­ler ta­ra­pyn­dan iý­mek üçin ýa­ram­ly di­ýip tas­syk­lan­ma­gy­dyr. Gör­nü­şi ýa­ly, bal müň­ler­çe ýyl, hat­da mü­di­mi­lik za­ýa­lan­man sak­lan­ma­gy müm­kin bo­lan iý­mit­dir.

Nä­me üçin za­ýa­lan­ma­ýar?

Ba­lyň uzak sak­lan­ma­gy­nyň sy­ry dü­zü­min­de su­wuň az bol­ma­gy­dyr. Ýag­ny bal­da­ky çyg­ly­lyk pes. Ary­lar gül­le­re go­nup, şi­re ýyg­na­ýan wagt­y ga­nat­la­ry bi­len nek­ta­ra çalt-çalt­dan ur­ýar­lar. Bu ýag­daý gül­dä­ki dam­ja­la­ryň daş-tö­we­re­ge ser­pik­me­gi­ne ge­ti­rip, ary­la­ryň aras­sa şi­re ýyg­na­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bil­şi­miz ýa­ly, iý­mi­ti za­ýa­lan­maz­dan sak­la­ma­gyň usul­la­ry­nyň bi­ri-de, gu­rak ýag­daý­da sak­la­mak­dyr. Bal­da su­wuň iş­jeň­li­gi­niň pes bol­ma­gy mik­ro­or­ga­nizm­le­riň ýa­şa­ma­gy­na ýol ber­me­ýär. Şeý­le­lik bi­len ba­lyň için­de bak­te­ri­ýa­lar ösüp bil­me­ýär. Şol se­bäp­li bal za­ýa­lan­ma­ýar.

Nä­hi­li sak­la­ma­ly?

Bally ga­byň ag­zy­ny agyz­ýa­py bi­len ört­mek üns be­ril­me­li şert­le­riň bi­ri­dir. Çün­ki bal­ly ga­byň ag­zy nä­çe berk ýa­pyl­sa, çyg­ly­lyk oňa tä­sir edip bil­mez. Ga­pak ýa­pyl­sa ýa-da bu iý­mi­te suw go­şul­ma­sa, bal hiç wagt za­ýa­lan­ma­ýar. Şeý­le hem ary­la­ryň süý­ji iý­mi­ti­ni sak­la­mak üçin so­wa­dy­jy ze­rur däl. Ony ada­ty otag şer­tin­de sak­lap bol­ýar.

Nä­dip ön­dü­ril­ýär?

Ary­la­ryň gül­le­re go­nup, ýyg­na­ýan süý­ji iý­mi­ti­ne bal di­ýil­ýär. Ba­la­ry­la­ryň be­de­nin­de gül­le­riň nek­ta­ry­ny ba­la öwür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän fer­ment bar. Işeň­ňir uçu­jy­lar bir­nä­çe ki­lo­metr ýol ge­çip gül­ler­den top­lan nek­ta­ry­ny öý­jük­li gö­ze­nek­le­re da­şa­ýar­lar. Gö­ze­nek­ler gül şi­re­sin­den do­lan­soň, da­şy­ny mum bi­len gap­la­ýar­lar. Bir­nä­çe hep­de­den soň bal öý­jük­ler­den sü­zü­lip, iý­mit­lik hök­mün­de taý­ýar bol­ýar. Ba­lyň dü­zü­min­de wo­do­rod pe­rok­sidi at­ly mad­da sak­lan­ýar. Bu mad­da an­ti­sep­tik hä­si­ýe­te eýe bo­lup, bak­te­ri­ýa­la­ry bal­dan uzak­laş­dyr­ýar.

Gyzykly maglumatlar:

Bal mör-mö­jek­ler ta­ra­pyn­dan ýa­sal­ýan, iýil­ýän ýe­ke-täk iý­mit­dir.

Ba­la­ry­lar ýa­rym ki­log­ram bal ön­dür­mek üçin 2 mil­li­on gü­le go­nup, 90 ki­lo­metr tö­we­re­gi ýol geç­me­li bol­ýar­lar.

Ba­lyň bak­te­ri­ýa­la­ra gar­şy an­ti­sep­ti­ki tä­si­ri bar.

Ary­lar tans et­mek we dürli şe­killeri ýa­sa­mak ar­ka­ly bi­ri-bi­ri bi­len ha­bar­laş­ýar­lar.

Ba­la­ry­la­ryň ys aly­jy­ly­gy güýç­li bo­lup, 170 dür­li ysy saý­ga­ryp bil­ýär.

Bal ýyg­na­ýan işçi ary ba­ry-ýo­gy 5-6 hep­de ýa­şa­ýar. Bu dö­wür­de bu uçu­jy bir çaý çem­çe­si ýa­ly bal ön­dür­ýär.

42 |
|