Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Dünýäniň adaty däl ýadygärlikleri

1 minut alar

 

⭐Ýadygärlikler we heýkeller, köplenç, şäherleriň meýdançalaryny we seýilgählerini bezemek üçin goýulýar. Emma olaryň wezipesi diňe munuň bilen çäklenmeýär. Ýadygärlikler belli bir medeniýetiň geçmişini, ösüşini, ruhy dünýäsini açyp görkezmelidir.

Freýdiň sallanyp duran heýkeli. Bu heýkel adaty heýkeller ýaly seýilgähiň merkezinde däl-de, Praganyň belent binalarynyň biriniň depesinde ýerleşdirilendir.

Bir eli bilen ýapyşyp, ýokardan aşak sallanyp duran ýagdaýynda ornaşdyrylan bu täsin heýkelde belli psiholog Zigmund Freýd şekillendirilendir. Bu heýkel çehiýaly heýkeltaraş Dawid Çorny tarapyndan ýasalypdyr.  

Başam barmagyň äpet heýkeli. Parižde «Le Pouce» diýlip atlandyrylýan  başam barmagyň äpet heýkeli ýerleşdirilendir.

Bu ýadygärlik 1965-nji ýylda suratkeş Sezar Baldaççini tarapyndan taýýarlanylypdyr. Bu heýkeltaraş adaty zatlaryň, şol sanda öz başam barmagynyň hem äpet şekilini ýasamakda şöhrat gazanypdyr.

Heýkelleriň suwasty seýilgähi. Ilkinji suwasty heýkelleriň seýilgähi 2006-njy ýylda Jeýson De Keýros Teýlor atly britaniýaly heýkeltaraş tarapyndan ýasalypdyr.

Bu seýilgäh Karib deňziniň Grenada kenarynyň golaýynda ýerleşýär. Seýilgähde janly adamlara meňzäp duran heýkeller ýerleşdirilipdir. Bu ajaýyp sungat eserini akwalangyň we aşagy aýnaly gäminiň üsti bilen synlamak bolýar.

Çölüň ortasynda ýerden çykyp duran eliň heýkeli. Ýekeligi, adalatsyzlygy we gam-gussany alamatlandyrmak üçin çilili heýkeltaraş Mario Irarrasabal çölüň içinde 11 metrlik äpet eliň şekilini ýasapdyr.

Bu ýadygärlige golaýlaşsaň çägeden äpet adamyň eli çykyp duran ýaly duýgy döreýärmiş. Atakama çölüniň ortasyndaky bu ýadygärlige iň golaý şäher 75 kilometrlikde ýerleşýär.

30 |
|