Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Philologist

Paradoks

2 minut alar

Paradoks - kabul edilen umumy pikire, ylmy kadalara ters gelýän we şonuň ýaly-da sagdyn pähime garşylykly bolýan, özbaşdak bir pikir. 

Bu söz grek dilinde parádoxos , latyn dilinde paradoxum diýen sözlerden gelip çykyp "ynanyp bolmaýan" diýmegi añladýar.

Paradokslarda adaty kabul edilen düşünjelere, hatda öz-özüne garşy gidýän pikir öñe sürülýär.  Ilkiniji paradoks takmynan 1530-1540-njy ýyllarda ulanylýar. 
Paradokslar adamlary gyzyklandyrýan düşünje, sebäbi olar bizi durup pikirlenmäge mejbur edýär. Olar syrly, käwagt bolsa olara düşünmek kyn bolýar. Mysal üçin: 

Less is more ~ Az bolsun uz bolsun. 

Bu esasan hem minimalizm düşünjäni goldaýar. Häzirki döwürde azlyk, gysga maglumat, düşünmesi ýeñil bolan tehnologiýa, az goşly otaglara bolan isleg has ýokary. 

Paradokslar üns çekmek, täze düşünjelere itergi bermek üçin, esasan hem, edebiýatda çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylýar.



Iñ täsin paradokslar:

1. Adamlara özüñi gowy gördürjek boldugyñça, olar sizi halamazlar. 

2. Näçe köp şowsuzlyga uçrap ýalñyşdygyñyzça, şonça hem üstünlikli bolarsyñyz. 

3. Bir zady etmek sizi gorkuzýan bolsa, diñe şony etmek arkaly gorkuñyzdan dynyp bilersiñiz. 

4. Adamlardaky halamadyk häsiýetiňiz — siziň öz içiňizde gizlenendir.

5. Dünýäde näçe biri-birimize bagly bolup jemgyýetleşdigimizçe, biz özümizi şonça-da üzñelikde ýaly duýýarys.

Meşhur paradokslar: 

1. Bir zady bilýän bolsam, ol hem hiç zady bilmeýänligimdir. 

2. Bu soñunyñ/ahyrynyñ başy. (The beginning of the end) 

3.  Ýalançy "Men hiç haçan ýalan sözlämok/aldamok" diýip aýtdy. 

4. "Ýaşlygyñ ýaşlara sarp edilýänligi nähili gynançly"    -Jorj Bernard Şou 

5. Ikinji sözlem ýalñyş. Birinji sözlem dogry.

103 |