Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Şäherler bilen atdaş tagamlar

2 minut alar

Dün­ýä aş­ha­na­syn­da kä­bir ta­gam­lar «dog­lan» şä­her­le­ri bi­len meş­hur­lyk ga­za­nyp, şol şä­he­riň ady­ny gö­ter­ýär. Şol bir ta­ga­myň dür­li se­bit­de taý­ýar­lan­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ony dö­rän ýe­rin­de da­dyp gör­mek aýratyn lezzet berýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da aş­ha­na hyz­ma­ty­na uly üns be­ril­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar dynç al­ýan şä­her­le­rin­de fran­suz, ital­ýan, hy­taý we ýa­kyn gün­do­gar aş­ha­na­la­ryn­da myh­man­çy­lyk­da bol­mak bi­len, di­ňe şol şä­he­re mah­sus ýer­li ta­gam­la­ry hem da­dyp gör­ýär­ler. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da şä­her­ler bi­len at­daş ta­gam­laryň käbiri ba­ra­da­ gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris!

🟡 We­na şni­se­li. We­na bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si şnisel res­to­ran­la­ry­na bar­man gaý­da­nok. Köp ýurt­da üwe­len to­wuk etin­den taý­ýar­lan­ýan bu ta­gam we­na aş­pez­çi­lik däp­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da çyl­ka gö­le etin­den taý­ýar­lan­ýar. Italýanlar We­na şnise­lin­den nus­ga alyp, şo­ňa meň­zeş «Coto­let­ta al­la Mi­la­ne­se» ta­ga­my­ny dö­re­den­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler. Awst­ri­ýa me­de­ni­ýe­tin­de çö­rek owun­tyk­la­ry bi­len da­şy ör­tü­lip, gy­zar­dy­lyp gow­ru­lan et (şnisel) XIX asyr­dan bä­ri meş­hur ta­gam­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

🟡 Pe­kin ör­de­gi Ming ne­be­re­si döw­rün­de oý­la­nyp ta­py­lan mil­li ta­gam­la­ryň bi­ri bo­lup, asyr­lar­bo­ýy halk ara­syn­da meş­hur iý­mit ha­sap­la­nyp­dyr. Pe­kin­de il­kin­ji pe­kin ör­de­gi res­to­ra­ny XV asyr­da açyl­ýar. Bu res­to­ran hä­zir­ki wagt­da hem müş­de­ri­le­re hyz­mat ed­ýär. Res­to­ran­da ör­de­giň bu gör­nü­şi ýa­pyk peç­ler­de ha­ýal­jak­dan bi­şi­ril­ýär. Pe­kin ör­de­gi ýum­şak­ly­gy we şi­re­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

🟡 Buf­fa­lo ga­nat­la­ry, ýag­ny hu­ruş­ly to­wuk ga­nat­la­ry res­to­ran­lar­da iň köp sar­gyt edil­ýän ta­gam­la­ryň bi­ri­dir. Il­ki­baş­da iň köp ilat­ly şä­her­le­riň bi­ri bo­lan Buf­fa­lo­da peý­da bo­lan bu ta­gam, soň­lu­gy bi­len tu­tuş Nýu-Ýor­ka we Ame­ri­ka­nyň beý­le­ki se­bit­le­rine ýaý­ra­ýar. Buf­fa­lo ga­nat­la­ry taý­ýar­la­nan­da il­ki ýa­ry­myn­dan ke­si­lip, ma­ri­nad edil­ýär. Soň­ra ga­ty gow­ru­lyp, ýagy sü­zü­len­den soň üstüne gy­zyl burç­ly hu­ruş guýlup, müş­de­ri­le­re hö­dür­len­ýär.

🟡 Bo­lon ba­tyr­ma­sy. Ital­ýan aş­ha­na­sy­nyň meş­hur­ly­gy­na Bo­lon­ýa hem öz go­şan­dy­ny go­şup­dyr. Bu şä­her­de taý­ýar­lan­ýan bo­lon ba­tyr­ma­sy her bir sy­ýa­hat­çy­da uly tä­sir gal­dyr­ýar. Bo­lon ba­tyr­ma­sy­na kä­şir, sel­dereý (uk­ro­ba meň­zeş ot), so­gan, et, kä­bir ýag­daý­lar­da-da po­mi­dor hem go­şul­ýar. Bo­lon ba­tyr­ma­sy, adat­ça gaý­na­dy­lan ital­ýan una­şy (tag­lia­tel­le) bi­len bi­le­lik­de be­ril­ýär.

🟡 Ýork­şir pu­din­gi. Ang­li­ýa­nyň de­mir­ga­zyk se­bi­ti bo­lan Ýork­şir şä­he­rin­de taý­ýar­lan­ýan pu­ding meş­hur ta­gam­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýork­şir pu­din­gi­ne un, ýu­murt­ga, ýag we süýt go­şu­lyp, öňün­den gyz­dy­ry­lan te­ge­lek gap­lar­da bi­şi­ril­ýär. 1700-nji ýyl­lar­da peý­da bo­lan kö­me­le­ge meň­zeş bu ta­ga­myň içi­ne il­ki­baş­da et­li ba­tyr­ma goý­lup iý­lip­dir. Soň­lu­gy bi­len Ýork­şir pu­din­gi şo­ko­lad bi­len ör­tü­lip, meş­hur süý­jü­lik­le­riň bi­ri­ne öw­rül­ýär.

25 |
|