3 minut alar
Hrizantemalar haçan gülleýär?
Soragyň jogaby kimden soraýanyňa görä üýtgeýär. Botanika kitaplary bilen garnyny doýuran birine sorasaň “Paheý, bu-da bir soragmy? Elbetde güýzde gülleýär. Sebäbi Hrizantemalar “Uzak gije - gysga gündiz” ösümlikleridir. Şonam bileňogaý” diýer. Umumy gülleriň güllemegi barada hiç pikir etmeýän, ösümlikleri görende diňe saryja sygyry ýadyna düşýän birinden sorasaň “Aý haçan güllese şonda güllesin, maňa näme.” diýer. Ikisiniň hem jogaby özüne görä dogry. Meniňem özüme görä bir jogabym bar. Hrizantemalar gije güllär! “Goýsaňa houuu, gijede bir gül…