2 minut alar
Ýigitlerimiz esgimi?
Gyzlarymyzdan biri özüni mata deňäp hekaýa ýazypdyr. Özem aň-düşünjesine hormat goýup ýörenlerimiň biri. Ol esassyz bir zat ýazmaz. Ýazgyny okap ol näme üçin ýazyldyka diýip bialaç pikire gitdim. Her bir ýazgy ýazylanda öňüňde haýsydyr bir maksat goýlup ýazylýar. Meniň 3 gyzym, 3-em oglum bar. Olaryň hemmesem öýli-işikli. Megerem şondandyr. Gyzlarymyň kejine gidip, durmuşa çykarmadym. Ogullarymyňam hiçisiniň diýenine däl diýip öýermedim. Ilde-de şeýle. Gyzyny zor bilen durmuşa çykaran hakynda şu ýaşyma enteg-ä eşidemok. Dogrusy käbir eserleri…