Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallymym bilen “tualet” ýuwup başladyk.

2 minut alar

Günlerden çarşenbe güni agşam sagatlary 21:00 töwerekdi. Men hem mugallymym Merdan Ataýew bilen ähli işlermizi bolup baş-başa söhbetdeş bolup otyrdyk. 

Men halypa birinji sapar öz arzuwlarym hakynda paýlaşyp başladym. Orta mekdepde soňky ýylym we arzuwlaryma ýetmek üçin kynçylyklar bilen göreşip başlamalydygym hakynda aýtdym. Mugallym meni diňläp bu derejelere ýetmegiň nähili kyndygyny we göni birden ähli zat bolman, aşaky basgançaklardan başlamalydygym, durmuşuyň kyn synaglary hakynda aýdyp otyrdy.

Meniň arzuwum hakynda gyzyklanan bolsaňyz, dostlar, aýdyp geçeýin. Meniň maksadym lukman bolmak, arzuwym bolsa öz hassahanamy gurup, bu hassahanany dünýä ýurtlaryna tanatmak.

Halypam bu meseleler boýunça maslahatlar berip otyrka, birdenkä telefonuna jaň geldi. Telefona seredenimde birinji gatdaky oturýan Sakçy jaň edenini gördüm. Mugallym jaňy alanda Sakçynyň howsalasyndan ýaňa sesi maňa hem eşdilýärdi. Sakçy:”Merdan mugallym, oglanlaryňdan 2-si bilen kömege geliň 2-nji gatdaky hajathananyň turbasy atyldy” diýdi, Ýöne, gynansak-da otagda Merdan mugallym we menden başga hiç kim ýokdy. 

Biz tiz ýagdaýda 2-nji gatyň hajathanasyna düşdük. Hajathanaň içinde eli bedreli Sakçynyň suw aýryp duranyny gördük we ussanyň turbanyň syzýan ýerini eli bilen saklap bekeddip duranyny gördük. Hajathananyň içi topugy ýapjak derejede suwdy. Halypa eýlesine-beýlesine seredip, suwy nädip ýapyp boljagyna göz aýlady. Biz suwy nirden ýapyljagyny tapypdyk, emma ony ýapmak üçin “atagzy” gerekdi. Merdan mugallym maňa otagdan “atagzy” getirmegimi aýtdy. Men ony ylgap, gidip getirdim we suwy ýapdyk. Suw ýapyldy, emma yzynda topugyňa ýetip duran suw galypdy. Biz aýakgabymyzy çykaryp, suwy aýyrmaga başladyk. Ýöne suw diňe 2-nji gat bilen çäklenmän, 1-njy gaty we ýerzeminem suw alypdy.

Bu suwlary aýyrmak 2 sagatdan gowrak wagt alypdy. Işiň gyzykly ýeri, men 17 ýylyň içinde ilkinji gezek hajathana ýuwup gördüm. Men hajathanany ýuwup otyrkam içimden hiç hili närazylyk geçmedi, sebäbi men halypamyň aýdan durmuşyň synagynda üstünlügiň basgançaklarynda ýöreýändigime göz ýetirdim. 

Men öýe sagat 23:30 geldim. Ähli işleri bolanmyzda Sakçy bize minnetdar bolup galdy. Bir adamy begendirenim üçin  ähli ýadawlygym hem aýrylypdy.

Dostlar, bu wakadan alan sapagym durmuşda hiç bir işi kiçilik bilmeli däl, sebäbi şu günki beýik adamlar öz zähmet ýoluna şu kiçi işler bilen başlapdy. Menem bu gün öz arzuwlaryma ýetmek üçin birnji ädimi hajathana ýuwmakdan başladym we menem öz-özüme buýsanýaryn.

812 |
|