Akyl Saglygy

Psihopatlar we Sosýopatlar

Wyždan, ahlak we empatiýa (garşyñdaky kişiñ duygularyna düşünmek we özüñde duýmak ukyby). Olar, adam jemgyýetini aýakda tutýan esasy faktorlardandyr. Bu üçüsi adamlaryñ daşky gurşaw bilen aragatnaşygyny kadalaşdyrýar. Adamlaryñ adamkärçilik diyilýan sypatlaryny emele getirýär. Adamlaryñ çäklerini bu üçüsi çyzýar. Emma, bu üçüsiniñ işi bir adamda bozulsa näme bolar? Bu ýerde biz eýýäm adam jemgyýetiniň antisosýal häsiýetli wekillerinden söz açýarys. Antisosýal şahsyýetler iki görnüşde tapawutlandyrýarlar. Sosiopat we psihopatlar. Olar bir-birinden özüne erk etmek ukyplaryna görä tapawutlandyrylýarlar. Sosiopatlar…

Sosýal mediýa

Häzirki wagtda sosial ulgamlar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bize dünýädäki millionlarça adam bilen aragatnaşyk gurmaga, durmuşymyzy paýlaşmaga we başgalaryň durmuşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, psihologiki we filosofiki nukdaýnazardan sosýal mediýa, aslynda kimdigimizi däl-de, kim bolmak isleýändigimizi görkezýän ýerimize öwrüldi. Meşhur filosof Erasmus Rotterdam: "Adam tomaşaçy däl-de, sahnanyň ýaşaýjysy" -diýdi. Bu sözlemi, onlaýn barlygymyz bilen baglanyşdyryp bolar. Sosial mediýa girenimizde, ägirt uly dünýä sahnasynda aktýor bolýarys. Nyşanlary döredýäris, durmuşymyzdan iň gowy pursatlary saýlaýarys we…

Sosýal mediýa