Geografiýa

TÜRKMENISTANDA HALKALAÝYN WE DOLY GÜN TUTULMA HADYSASY HAÇAN BOLAR?

TÜRKMENISTANDA HALKALAÝYN WE DOLY GÜN TUTULMA HADYSASY HAÇAN BOLAR? 29.04.1976-dan bäri halkalaýyn, 30.06.1954-den bäri doly gün tutulma hadysasy Türkmenistanyň territoriýasynda bolup geçmedi. Indi haçan boljagyny bilmek isleseňiz bu makalamy okamaga dowam ediň! 😌🙌 Ýer ýü­zü­niň haý­sy­dyr bir ýe­rin­de Gü­nüň ýa-da Aýyň tu­tu­landy­gy­ny met­bu­gat we te­le­ýaý­lym ar­ka­ly görensiňiz, eşi­den­si­ňiz. Eý­sem, Gün nä­dip tu­tul­ýar­ka? Bu ha­dy­sa Aýyň Ýer bi­len Gü­nüň ara­ly­gy­na gir­me­gi esasynda ýü­ze çyk­ýar. Aýyň bu he­re­ke­ti Ýe­re kö­le­ge sal­ýar we tümlük ähli ýeri gurşap alýar.…

TÜRKMENISTANDA HALKALAÝYN WE DOLY GÜN TUTULMA HADYSASY HAÇAN BOLAR?

Syrly geografiýalar #1: Aždarha üçburçlugy

1-nji bölüm Aždarha üçburçlugy: Deňizdäki gizlin ýitirimler Aždarha üçburçlugy Demirgazyk ujy: 30 ° N, 140 ° E. Günorta-günbatar ujy: 24 ° N, 136 ° E. Günorta-gündogar ujy: 24 ° N, 144 ° E. Bu gizlin ýer Ýaponiýanyň günorta-gündogarynda, Ýuwaş okeanyň çuňluklarynda ýerleşýän ýerleri öz içine alýar. Şol syrly ýer "Aždarha üçburçlugy" bolup, ol öz ady bilen hem meşhurdyr, bu ýer "Iblisiň deňzi" diýlip hem atlandyrylýar. Bermud üçburçlugy ýaly meşhur bolmasa-da, aždarhanyň üçburçlugy suwasty gämileriň ýitip…

Syrly geografiýalar #1: Aždarha üçburçlugy

Syrly geografiýalar #7: Seddi Zülkarneýn

41°55'19.2"N 70°48'24.7"E Zülkarneýniň Beýik diwary (Seddi Zülkarneýn) diýlip çaklanylýan ýer Zülkarneýniň Beýik diwary (Seddi Zülkarneýn) diýlip çaklanylýan ýer Zülkarneýn (DALL-E 3 emeli aň tarapyndan döredilen surat) Zülkarneýn, Gurhany Kerimiň Kehf süresinde ady agzalan keramatly şahsyýetidir. Onuň ady "iki şahly" ýa-da "iki zamanyň eýesi" diýmegi aňladýar we onuň kimdigi barada dürli çaklamalar bar. Käbir düşündirişlere görä, ol Aleksandr Makedonskiý (Bu çaklama nädogrydyr, sebäbi Aleksandr gadymy grek taňrylaryna sygynan, Zülkarneýn bolsa Alla sygynan) beýlekileriň pikiriçe başga bir…

Syrly geografiýalar #7: Seddi Zülkarneýn

Syrly geografiýalar #6: Şeýtanyň çukury

ŞEÝTANYŇ ÇUKURY 47,8292254 DG -90,0495397 GB ABŞ-nyň Minnesota ştatynyň demirgazyk-gündogarynda tebigatyň syrlaryndan biri bolan "Şeýtanyň çukury" ýerleşýär. Bu geň we syrly tebigy emele geliş, bu ýerde şagawukdan suw uly bir çukura girip ýitip gidýär. Bu suw nirä akýar? Brule derýasynyň boýunda syýahat edýänler derýadan akýan iki şarlawuk akymyna şaýat bolup bilerler. Olaryň biri adaty şekilde aşaklygyna akýan bolsa, beýlekisi ullakan çukura akýar we soň ýitýär. Bu suwuň nirä gidýändigi barada ençeme ýyl bäri dürli teoriýalar…

Syrly geografiýalar #6: Şeýtanyň çukury

Syrly geografiýalar #8: 51-nji meýdan

51-nji meýdan Giriş Diňe aýdylýan teoriýalardan we hekaýalardan doly bolman, eýsem häzirki taryhyň iň uly syrlaryndan biri bolan syr we täsinlikden doly dünýä bar. Bu syrly ýere 51-nji meýdan diýilýär. Las Wegasyň demirgazygyndaky Newada çölünde gurlan bu syrly harby baza birnäçe ýyl bäri UFO synçylarynyň, dildüwşük teoretikleriniň we höwesjeňleriniň ünsüni özüne çekýär. 51-nji meýdan resmi taýdan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Howa güýçleriniň bazasy hökmünde bellidir. Ilkinji gezek 1950-nji ýyllaryň başynda, Sowuk Uruş döwründe Sowet Soýuzyndan üstün…

Syrly geografiýalar #8: 51-nji meýdan

Tanalmaýan döwletler

Bu zatlary geografiýa sapagynda öwrenmediňiz: Ykrar edilmedik döwletler. Dünýäde BMG we beýleki halkara guramalary tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedik, ýöne öz hökümetleri, serhetleri we ilaty bolan birnäçe 'döwletler' bar. Bu "tanalmaýan döwletler" köplenç öz taryhyny, medeniýetini, adamlaryny gorap saklamak üçin göreşseler-de, köplenç syýasy we ykdysady taýdan çetde durýarlar. Bu makalada bu ykrar edilmedik döwletleriň birnäçesine jikme-jik durup geçeris. 1. Transnistriýa (Pridnestrovskaia Moldavskaia Respublica) Garaşsyzlygy ykrar edilmedik Transnistriýa Respublikasynyň baýdagy Moldowanyň gündogarynda ýerleşýän Transnistriýa Respublikasy 1990-njy…

Tanalmaýan döwletler

Älem modelleri #1

Adamzat taryhynda älem-jahan we onuň işleýşi hakynda orta atylan dürli teoriýalar we modeller. Men bu makalada adamzat taryhynda Älemimiz we onuň işleýşi hakynda orta atylan dürli teoriýalary we modelleriň birnäçesini (hemmesi däl) jemledim. 1. Häzirkizaman tekiz ýer teoriýasy (modeli) Tekiz Ýer modeli Bu modele görä Ýer ýüzi tekiz disk şekilindedir. Merkezi demirgazyk polýusydyr we daş töweregini Antarktida buzluklary orap durandyr. Asman gümmez şeklindedir... Bu model baradaky ähli dogry maglumatlary tekiz ýerçileriň resmi web saýty https://theflatearthsociety.org/home/…

Älem modelleri #1

Syrly geografiýalar #9: Winikunka "Älemgoşar" dagy

Görmeýärsiňmi? Allah gökden suw indirdi, şol suw bilen biz, dürli reňklerde miweler çykardyk. Daglarda hem dürli reňklerde ala-mula, ak, gyzyl we gara toprak bölekleri bar. (Kurany Kerim, Fatyr süresi 27-nji aýat) Peruň And daglarynyň ýüreginde, gözüňi alýan tebigy gudrat ýerleşýär: Winikunka, ýagny has meşhur ady bilen "Älemgoşar" dagy. Bu özboluşly ýer, Kusko sebitinde, dünýä belli Maçu Pikçudan takmynan 100 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýär. Winikunkanyň geografik koordinatlary takmynan 13.8691° GO, 71.3029° GB-de, Google Earth ýa-da meňzeş programmalarda…

Syrly geografiýalar #9: Winikunka "Älemgoşar" dagy

Syrly geografiýalar #2: Stounhendj

Giriş 51.1789° N, 1.8262° W Stounhendj dünýäde iň syrly we ikoniki gurluşlaryň biridir. Angliýanyň günorta-günbatarynda, Salisbury düzlüginde ýerleşen bu gadymy gurluş müňlerçe ýyl bäri adamlary haýran galdyryp gelýär. Uly daşlaryň tertipli düzülen bu gurluşy arheologlaryň we taryhçylaryň arasynda heniz hem köp sorag belliklerini galdyrýar. Stounhendj diňe bir taryhdan öňki döwürde gurlan gurluş bolman, eýsem mifologiýada we rowaýatlarda hem möhüm orun eýeläpdir. Taryhy we gurluşy: Stounhendj haçan we nädip gurlandygy henizem anyk belli däl. Umuman b.e.öň…

Syrly geografiýalar #2: Stounhendj

Syrly geografiýalar #5: Giperboreýa

Syrly geografiýalar #5: Giperboreýa Giperboreýa gadymy grek mifologiýasynyň bir bölegi bolup, Demirgazygyň ujunda bar bolan diýlip hasaplanylýan rowaýaty materik. Bu materik, aýylganç howa şertleri we barmak kynlygy bilen tanalýar. Gadymy çeşmeler Giperboreýanyň ilatyny adatdan daşary uzak we bagtly adamlar hökmünde suratlandyrýar. Giperborýanyň geografiki ýerleşişi: Gadymy ýazgylarda Giperboreýanyň takyk ýerleşýän ýeri görkezilmeýär, ýöne umumy kabul edilen teoriýa Demirgazyk polýusyň aňyrsynda bir ýerde ýerleşendigi. Gözlegçileriň köpüsi, Giperboreýanyň häzirki Arktika sebtine gabat gelýändigine ynanýarlar. Giperboreýa we gadymy çeşmeler:…

Syrly geografiýalar #5: Giperboreýa