...

j.a. nurmyradowna

@janjennet

"Tanalma, tanajak bolma her kesi"

Edepliligiñ derjeleri barmy?!

Bir wagtlar—ürç edip ýaşlyk depder tutulýan döwri(5-7 klas aralyk bolsa gerek) menem özümçe bir depder tutunypdym: “Danalardan dürdäneler”. Oňa esasy okamak hakynda, edep hakynda we ş.m zatlar göçüren bolardym. Oňa ýadygärlik hökmünde ýazgy ýazdyrmazdym.Özümem hiç kimiň depderine ýazmazdym. Ýöne ynjytmazlyk şerti bilen okamaga beren gezeklem bolupdy. Şol wagtlar men eýýäm özümi edepli bir şahs hasaplaýardym. Ene-ata ýygnagynda mekdep müdiri: “Sagbol, gaty gowy gyz ýetişdiripsiň”—diýip, ejemiň arkasyna kakanda ýolboýy gözünden boýur-boýur ýaş akyp gelendigini indi-indiler gürriň…

Edepliligiñ derjeleri barmy?!

Özüni mata ýaly duýýan gyz

(hekaýa) - Iň gowusy maňa eliňizem, diliňizem degirmeseňizläň, gelineje! - Men nä biläýin gyz, suratlarda gaşsyz ýaly bolup duraňsoň biraz reňkläýjekdim... - Reňklemäň! Nä size sypatymdan zeýrendimmi?Ýa gelýän-gidýänler, soraýan-ideýänler, gyzyňyzyň gaşy hilal, ýöne biz galyň gaşlylary halaýas diýäýýämi? *** Maňa indi ullakan gyz bolupdyr diýýäler. Gowy gyz diýýämişler, temek diýýänlerem barmyş. Garaz birgiden myş-mişler. Ýöne men özümi soňky wagtlar mata hasaplaýan. Hamala kimdir biri meni nätanyş ülkeden, köne döwürden getirip, öýi elmydama akan-dökän bolan tikinçiň…

Özüni mata ýaly duýýan gyz

bir goşgy

Döretmekmi?! Hetdimi bilýän çaga men. Unutmajak bolýan Ýaradany Aşa şatlanan ýa aglan çagymam. Daglar döredilende Baglar... Älem döredilende... Iňň esasam ASMAN döredilende... ASMAN bolasym gelerdi, Iññ bolmanda adym bilen. Dag bolasym gelerdi... Bag bolasym gelerdi... Kakam Aýa deňese Ejem Uçmaha deňese Enem Behişde deňese Näm bolsun başga adym... Daglar döredilende Baglar... Älem döredilende... Iňň esasam ASMAN döredilende (Aý, bor-la, aýdasym gelenok Sözi başga ýana sowasym gelýär Onam kän bir oňaramok) * * * Giç bildim…

bir goşgy

Ortopedik stomatologiyanyñ gysgaça taryhy

Dişleri protezlemek biziň eýýamymyzdanam öň başlapdyr. Müsürüň faraony Hefresiň piramidasy açylanda onuň mumiýasynyň gapdalynda ýatan agaçdan ýasalan diş proteziniň şu günki günüň prtotezlerinden kän bir tapawudy bolmandyr. Sidon töwereklerinden tapylan gadymy protez Emeli dişleriň altyn ýa-da kümüş simler bilen berkidip, ýasalyşyny protezi berkidip oturtmagyň iň irki usuly diýip çaklaýarlar. Diş goýmaklyk esasan rim imperiýasy döwründe giň ýaýrapdyr. Diş ýasamakda altyn-kümüş, piliň, öküzüň süňkleri-dişleri ulanylypdyr. Bu işi hünärmenler, demirçiler, dellekçiler, hammamçylar, hat-da sowatsyz adamlaram ýerine ýetiripdir.…

Ortopedik stomatologiyanyñ gysgaça taryhy

yigrimidörtlük

Bir zat aýdasym gelýär dileglerime de döküp bilmedim derdim owadan ölmek diýeýinmi ýa da owadan ýaşasym gelýär diýeýinmi eşek bilen ýola çykman diýenim üçin Salamym her alynmanda içimden erbet sözler gözläp tapmanym üçinem belkem eşek mendirin onda dagy hetdiňi tanap bedew bilen ýola çykmadyň diýip serpaý ýapmaly ekenler maňa diýenim üçinem ýaňybir öwrenip başlamda taşlan dillerim üçinem görmegi arzuw edip kartadan geografik ýerleşişini öwrenip romanlardan ruhyny duýup baryp görmedik ýerlerim üçinem görmelimiş diýip alnan kinolary…

yigrimidörtlük

Ýüregimiz ýukalmasyn

Egin-eşik näçe köp geýildigiçe sary gitmek bilen bolýar. Kä ýerleri has ýukalýar. Joraplaň geýildigiçe ökjesi ýukalyp ýyrtylagan bolýar. illeň köýneginiň nähili ýukalýandygyny bilemok, meň öýde geýýän köýneklerimiň dyzlary ýukalyp ýyrtylagan. Kiçijikkämem şeýledi. Ýöne o wagtlar geýilmekden ýaňa däl-de bir ýere ilişip ýyrtylardy. Ýama ýamanymda dynç alýan birine öwrüldim-şo ýyllardan bäri. Arada bir günem köýnegimi ýamadym. Ejem: “Şunyňy aýap geýýäý diýdim-ä”—diýýär. Içimden bir türk ştapeli 5 ýyldan köp nähili aýap geýip boljagy hakynda pikirlenýän... Şol köýnegimi…

Ýüregimiz ýukalmasyn

Miweli agaç bolmak añsatmy näme?!

Bir wagtlar sözleň manysyna düşüş bolan döwürlermiz, eje-kakamyzyň gulagmyza guýan nakyly: “ Miweli agajyň başy aşak ” Şol döwürlerem, has soňraklaram kän bir bu nakyl ünsümi özüne çekmändi. Düşniksiz zadam ýok. Sadadan dogry söz. Ýüzünden ýerden galdyrmaýan daýylary göremde has kän ýadyma düşerdi bu nakyl. Ine bu tomus welin kän oýurgandyrdy bu 4 söz, 10 bogun, 10sy çekimli, 10sy çekimsiz, 20 harpdan ybarat—nakyl. Şu ýaz ýalňyşmasam gapymyzdaky şetdalylar ilkinji gezek gülläpdi. Sebäbi, mundan ozalam güllän…

Miweli agaç bolmak añsatmy näme?!