Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ortopedik stomatologiyanyñ gysgaça taryhy

5 minut alar

Dişleri protezlemek biziň eýýamymyzdanam öň başlapdyr. 

Müsürüň faraony Hefresiň piramidasy açylanda onuň mumiýasynyň gapdalynda ýatan agaçdan ýasalan diş proteziniň şu günki günüň prtotezlerinden kän bir tapawudy bolmandyr. 

Sidon töwereklerinden tapylan gadymy protez

Emeli dişleriň altyn ýa-da kümüş simler bilen berkidip, ýasalyşyny protezi berkidip oturtmagyň iň irki usuly diýip çaklaýarlar. Diş goýmaklyk esasan rim imperiýasy döwründe giň ýaýrapdyr. Diş ýasamakda altyn-kümüş, piliň, öküzüň süňkleri-dişleri ulanylypdyr. Bu işi hünärmenler, demirçiler, dellekçiler, hammamçylar, hat-da sowatsyz adamlaram ýerine ýetiripdir. XI asyr arap lukmany Abul Kasym diş protezlemeklige lukmançylyk ylmynyň aýratyn bir şahasy hökümünde garapdyr.

Ortopedik adalgasy fransuz alymy Nikol Andri tarapyndan 1741-nji yylda girizilip, iki bölekden ybaratdyr: orthos-grekçe-dogry, paideia-terbiyelemek, dikeltmek diymekdir.

Ibn Sina çagalaryň dogabitdi ýetmezliklerini operasiýa etmegi ilkinji bolup amala aşyrypdyr.

Belli fransuz hirurigi Ambrauz Fore ilkinji bolup gaty kentlewigiň dogabitdi ýetmezliginde piliň süňkünden ýörite gural (obturator) ýasapdyr. XVIII asyrdan başlap diş ýasamak hünäri kämilleşdirilip başlanýar. Diş protezleri adamlara diňe owadanlyk bermek bilen çäklenmän, eýsem iýmit böleklerini göwnejaý çeýnemäge hem mümkinçilik berýär. Diş lukmançylyk hünäri, şol bir wagtda, diş ýasamak hünäri bilen birlikde lukmançylygyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde hasaplanyp başlanýar. Aýrylmaýan we aýrylýan protezler iş ýüzünde giňden ulanylyp başlanýar.

1728-nji ýylda Pýer Foşar diş bejermek boýunça «Dişleriň hirurgiýasy ýa-da dişler hakynda traktat» diýen işini ýazýar. Ol bütinleýin boş äňde aýrylyp goýulýan tutuş protezleri altyndan ýasalan pružinler bilen berkitmegi amala girizýär. P.Foşar birinji bolup dişleriň kökleri galanda olara ştiftli dişleri ýasamagy amala aşyrýar. Süňkden ýasalan dişleriň reňkini gowulandyrmak üçin diş protezleriň üstüni syrça bilen örtmegi başarýar. Mundan başga-da Foşar obturatorlaryň ýasalyş usullaryny kämilleşdirýär.

Foşaryn protezleri
 

Diş nädogrulyklarynyň ortodontik bejerilişini hem ilkinji bolup durmuşa geçirýär. Londonyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, dişler kariýes sebäpli zeperlenen bolsa olary altyn bilen doldurmak (dolduryjy) Marfi tarapyndan ulanylypdyr. Şondan 5 ýyl geçenden soň, 1884-nji ýylda fransuz lukmany De Sarran dişleriň koronka bölegi zeperlenen bolsa dolduryjylary ulanmagy teklip edýär. Karmihael(1906) ýarym koronkalary altyndan ýasapdyr. 1909-njy ýylda Olendorf guýma dolduryjylary iş ýüzüne girizýär, diş protezleriň guýma usulyny Taggart 1907-nji ýylda oýlap tapypdyr.

Russiýada dişleriň bejerilişi baradaky ilkinji kitap «Dentistika ýa-da dişleriň bejeriliş sungaty we çagalaryň gigiýenasy» ady bilen 1829-njy ýylda Peterburgyň lukmançylyk-hirurgiýa akademiýasynyň ştab-tebibi Alekseý Sobolew tarapyndan ýazylypdyr. Bu kitap şol döwrüň diş bejerilişi ylmy taýdan esaslandyrylyp, «dentistika lukmançylygyň bir bölümi» diýlip hasap edilýär we lukmançylyk kanunlaryna onuň tabyndygy nygtalýar. Kitapda diş protezleri barada beýan edilmese-de, dişleriň nädogry ösüşleri suratlandyrylypdyr.


XIX asyryň dowamynda Russiýada diş protezlerini ýasamak lukmançylygyň aýratyn bölegi bolman, hünärmençilik görnüşinde ýola goýlupdyr. Protezleriň ýasalyş usullarynda el hünäri höküm sürüp, proteziň agyz boşlugynyň agzalary we dokumalary bilen çylşyrymly özara gatnaşygynyň içerki ýagdaýlaryny öwrenmek inkär edilipdir. Muňa garamazdan şol döwürlerde birnäçe özboluşly işler peýda bolupdyr. Muňa mysal edip, I.I.Hruşowyň (1884) «Diş lukmançylygy boýunça gollanmasy», Perelmanyň (1910) «Dişleri protezlemegiň tilsimaty» diýen işlerini görkezmek bolar. Agyz boşlugynyň hereket ediji agzalarynyň fiziologik we patologik ýagdaýlary barada hem ýazylan işler ýüze çykypdyr. B.O.Popowyň (1880) «Daşky ýagdaýyň mehaniki täsiri astynda süňkleriň şekiliniň üýtgemegi» diýen synag-ylmy işinde dişler sogrulandan soňra äňlerde gyşarma (deformasiýa) bolup geçýändigi suratlandyrylýar. A.I.Dementewiň «Diş ýaýy we onuň adamlarda üýtgemegi» diýen işi 1886-njy ýylda neşir edilýär.

 N.N.Nesmeýanow 1905‑nji ýylda «Dişleriň alweolýar pioreýasyny öwrenmek üçin materiallar» atly ylmy işini ýazýar. Ol Ýewropa alymlarynyň arasynda ilkinji bolup, diş ýany dokumalaryň funksional we genetika ýakynlygy esasynda barlag geçirip, oňa amfodont diýip at beripdir.

Birinji jahan urşy döwründe Kiýew gospitalynyň diş lukmany G.G.Tigerştedt (1916) äňleriň döwük-ýenjiklerinde alýumin simlerinden ýasalan seýikleriň ulanylyşyny girizýär. Bu usul bilen äň-ýüz agzalarynda şikesi bolan esgerlere lukmançylyk kömegini bermekde uly açyş bolupdyr. Bu usul ikinji jahan urşunda-da giňden ulanylypdyr, ol häzir hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.
 

1940-njy ýylda N.A. Astahowyň, E.M. Gofungyň we A.Ý. Katsyň «Ortopediýa stomatologiýasy» atly okuw kitaby ilkinji gezek neşir edilýär. Şeýle okuw kitabynyň çykarylmagy bilen ortopedik stomatologiýasy ylym hökmünde resmileşdirilýär we ol beýleki lukmançylyk dersleriniň arasynda aýratyn ylym hökmünde öz ornuny tapýar. 

Biziň Türkmenistan döwletimizde XX asyryň başlaryna çenli stomatologiýa ylmy ösüş ýoluna gadam urup bilmändir. Diş lukmançylyk hünärmentçiligi örän pes derejede bolup, Hazarýaka sebitinde diňe dört sany diş lukmany işläpdir. XX asyryň 20-nji ýyllarynda lukmançylygyň ähli ugurlary bilen bir hatarda stomatologiýa ylmy hem ösüş ýoluna düşýär.

Mysal üçin, 1928-nji ýylda, Daşoguz welaýatynda diş otaglary işläp başlaýar.

1935-nji ýylda Aşgabatda Respublikan diş lukmançylyk orta hünärment mekdebi açylýar, onuň ilkinji goýberilişi 1938-nji ýylda bolup, ýaşlaryň 82-si diş lukmany, 34-si bolsa diş ussasy bolup ýetişýär.

Türkmenistanda stomatologiýa ugry 1950–1960-njy ýyllarda örän ýokary derejede ösüş ýoluny dowam edýär. Welaýat merkezlerindäki lukmançylyk orta hünärment mekdeplerinde diş lukmançylyk bölümleri açylýar, 1958-nji ýylda bolsa ýerli ilatdan bolan işgärler Bakuwyň lukmançylyk institutynyň stomatologiýa fakultetine okuwa iberilip başlanýar.


Türkmenistanda stomatologiýa ylmynyň ösmeginde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde (öňki ady Türkmen döwlet lukmançylyk instituty) stomatologiýa fakultetiniň açylmagy (1964 ý.) örän uly rol oýnady. Fakultetiň kafedralaryndaky alym mugallymlar stomatologiýa ylmynyň ähli görnüşlerinde ylmy-derňew işlerini üstünlikli alyp barýarlar.

Ortopedik stomatologiýa ylmyny ösdürmekde ýurdumyzyň belli alym mugallymlary H.A. Almazow, A.O. Gurbanow, T.A. Atdaýew, J.Nazarow, B.H. Allagulyýew öz saldamly goşantlaryny goşdular. Türkmenistanda geçirilen lukman-stomatologlaryň I (1986) we II (1991) gurultaýy stomatologiýanyň taryhy ösüşinde aýgytly orun eýeläp, ýurdumyzda stomatologiýa ylmynyň we ugurda amaly işleriň kämilleşmegine itergi berip, halkymyza edilýän ortopedik stomatologiýa hyzmatynyň hiliniň gowulandyrylmagyna uly ýardam etdi. Häzirki wagtda Watanymyzda dünýä möçberinde ulanylýan, ýagny aýrylýan we aýrylmaýan, guýma we metalplastmas, metalkeramika, býugel protezleri, hem‑de implantantlary ulanyp taýýarlanylýan diş protezlerini berkitmek çäreleri biziň amaly işlerimizde öz ornuny tapdy.

Çeşme: Ortopedik Stomotologiya; yokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby

122 |
|