Teswirler (10)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýüregimiz ýukalmasyn

2 minut alar

Egin-eşik näçe köp geýildigiçe sary gitmek bilen bolýar. Kä ýerleri has ýukalýar. Joraplaň geýildigiçe ökjesi ýukalyp ýyrtylagan bolýar. illeň
köýneginiň nähili ýukalýandygyny bilemok, meň öýde geýýän köýneklerimiň dyzlary ýukalyp ýyrtylagan. Kiçijikkämem şeýledi. Ýöne o wagtlar geýilmekden ýaňa däl-de bir ýere ilişip ýyrtylardy. Ýama ýamanymda dynç alýan birine öwrüldim-şo ýyllardan bäri. Arada bir günem köýnegimi ýamadym. Ejem: “Şunyňy aýap geýýäý diýdim-ä”—diýýär. Içimden bir türk ştapeli 5 ýyldan köp nähili aýap geýip boljagy hakynda pikirlenýän...
Şol köýnegimi ýamanymda näme üçindir bir wagtlar bolan waka ýadyma düşdi.
Güýz. Töý möwsümi. Mähelle. Şol mähelläň içinden bir gyzjagaz, “Salam., genje!”—diýýär. Jogap, ýok. Belkem eşiden däldir. Ýene gaýtalanýar. Ýene jogap ýok. Üçinji gezek bu ýagdaýyň gaýtalanyp gaýtalanmandygyny iki tarapam ýatlap bilmese gerek. Gyzjagazyň şu
wagtam agyrýan dişlerini jatyrdadyp gysyşy, zoraýakdanam bolsa ýüziniň tüýsini üýtgetmejek boluşy ýadyna düşýär. Näme sebäpli Salamynyň alynmadygam(bu gyzjagazyň özünden başga kişä dahyly hem zyýany bolmadyk bir waka) her gezek her kime Salam berende ýadyna düşýär. 

21 yaşymdadyryn-da diýip hasaplaýan şo wagty, sanaýmalyja ýyl geçipdir. Näme üçindir, şondan soň sowuk-sala boldym, ozalam gaçgynym mähelledi. Dommadym. “Iň bolmanda ýüregim bilen Salam alyp bermäm bardy” diýýän, Indi olam galypdyr. Bu ýagdaý işde ünsimi çekipdi:
- “Salam, Jennet”
- “hümm, gowmy” ýa-da sessiz üýnsiz baş atyp geçmek.
Salam bereňde gowmylaşýan işdeşler, deregiňe Salam berip başlasa birhili utançmy, ýa-da başdansowmaga çalyşýan ýaly duýgy ýaşaýan ekeniň. Şondan bäri aýap ýören ýüregimi belkem, hemme ýerde ulanmalam däldir, ýa-da men gözümde ulaldýandyryn bolanlary. Ýöne, köýnekdäki ýamalar näme? Köýnegiň bir ýerinden ýama düşmäge başlasa, başga ýerleňem şo hetde barýandygyny göreňokmy näme? Ýüregimem hemme ýerde ulanybersem, ýukalyberip, ýamalmaly derejä  düşse näme? Soňam köne öý köýnekleri ýaly hiç zada ýaramasa näme? Walerýanka, karwolol içýänleri görüpdim, karwalolyň ysy ýaly bimaza ediji ysy henize çenli alyp görenim ýadyma düşenok. Haçandyr bir wagt, belli bir ýaşa ýetemde karwalol içesim gelenok. Haýsydyr bir işi ýüregim bilen edip, Salam almaýşym ýaly  bolasymam gelenok. Şonuň üçinem ýüregimiň ýukalmazlygynyň gamyny iýmekçi indiden beýäk. Belki, sizem pikirlenip görersiňiz.

©Jan Jennet

176 |
|