...

Toýly Jänädow

@edebiyatteswiri

Döret diýip, ýaradandyr Ýaradan!

Mynajat / Toýly Jänädow

8-nji mart Halkara zenanlar güni gutly-mübärek bolsun! Mähriban enelerimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, ruhlary belent, görjekleri diňe gowulyk bolsun! Dünýe dursun, bizi dünýä indiren mähriban enelerimiz dursun! Ejiz guluň dileg edýär ýalbaryp, Jan käbäme saglyk bergin Hudaýym! Dogamy kabul et, arşa galdyryp, Jan käbäme ömür bergin Hudaýym! Bar zady ýaradan gudratly Huda, Seniň gudratyňa mätäç men juda, Dilegmi goýmawer bu gün bihuda, Jan Käbäme saglyk bergin Hudaýym! Juma agşam, bu mübärek gijede, Rehim…

GAÝGY (hekaýa)

(Ýakup Ömeroglunyň «Iki Çynar» kitabyndaky «Gaýgy» («Sıkıntı») atly hekaýasy) Onuň işi dogry edip etmedigine ynamy ýokdy. Kimiň üçin dogry? Nämä görä dogry? Aslynda, ol bu işi etmegi birnäçe ýyldan bäri isleýärdi, ýa-da isleýän ýaly görünýärdi. Bu işi mundan öňem birnäçe gezek etmek isledi, ýöne hötdesinden gelip bilmändi. Bolmanyna-da gaty bir gynanmandy. Emma, indi Hilminiň içindäki gaýgy barha möwç alýardy. Gaty köp kişiň imrindigi örän gowy işi bardy. Aýlygy-da az däldi. Paýtagtda, merkezde şunuň ýaly işi…

«Kerem islärin» atly nezire şygry

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar «Owwal başda Kadyr Alla, Senden bir kerem islärin». Berseň köňle jaý bir perzent, Kalpdan, megerem islärin. Ýazgydym agyrmy çenden, «Hezl etmedim dünýe senden», Otuz bäş ýaş ötdi menden, Gadyrdan perzent islärin. Bolmak üçin arslan ýürek, Hemem ömrüme janserek [1] , Gidemden soň maňa derek, Nesil, dowamat islärin. Çaga görsem bolup maýyl, Kysmatyma däl men kaýyl, Öwlatlyk bolsa-da saýyl [2] , Göwne jigerbent islärin. Ömri otuz bäş gädeli, «Taňry…

Türkiýedäki täze akademiki neşirde «Türkmenistanda adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» atly makala çap edildi

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde – ýaňy-ýakynda Türkiýäniň Atatürk adyndaky Medeniýet, dil we taryh instituty tarapyndan türk dilinde neşir edilen «Türki dünýäsinde adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türk dünyasında terim çalışmaları») atly täze kitabyň 345 – 398-nji sahypalarynda «Türkmenistanda adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türkmenistan’da terim çalışmaları») atly makala çap edildi. «Türki dünýäsinde adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türk dünyasında terim çalışmaları») atly täze kitap Türkiýäniň Türk dili jemgyýetiniň başlygy Gürer Gülsewiniň ýolbaşçylygynda 2018-nji ýylda…

Türkiýedäki täze akademiki neşirde «Türkmenistanda adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» atly makala çap edildi

Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi merhum Myratgeldi Söýegowy hatyralady

Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda 73 ýaşynda aradan çykan meşhur türkmen dilçi alymy, türkolog, medeniýeti öwreniji, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Myratgeldi Söýegowy hatyralap, resmi web sahypasyna onuň terjimehaly barada maglumat ýerleşdirdi. Merhum Myratgeldi Söýegowyň terjimehaly baradaky maglumat Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň resmi web sahypasynda neşir edilen Ýusup Akgülüň galamyna degişli bolan «Türkmen dilçi alymy, akademik Myratgeldi Söýegow aradan çykdy» diýen habarda beýan edilýär. Meşhur türkmen dilçi alymy, türkolog, medeniýeti öwreniji,…

Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi merhum Myratgeldi Söýegowy hatyralady

«Kerem islärin» atly nezire şygry

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar «Owwal başda Kadyr Alla, Senden bir kerem islärin». Berseň köňle jaý bir perzent, Kalpdan, megerem islärin. Ýazgydym agyrmy çenden, «Hezl etmedim dünýe senden», Otuz bäş ýaş ötdi menden, Gadyrdan perzent islärin. Bolmak üçin arslan ýürek, Hemem ömrüme janserek [1] , Gidemden soň maňa derek, Nesil, dowamat islärin. Çaga görsem bolup maýyl, Kysmatyma däl men kaýyl, Öwlatlyk bolsa-da saýyl [2] , Göwne jigerbent islärin. Ömri otuz bäş gädeli, «Taňry…

Türkiýede "Magtymguly Pyragy we türki dünýäsiniň edebiýaty" atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkiýe döwletiniň paýtagty Ankara şäherinde Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli "Magtymguly Pyragy we türki dünýäsiniň edebiýaty" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň ilçihanasy we TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan gurnalan bu konferensiýanyň açylyş sessiýasyna Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly başlyklyk etdi. TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Baş sekretary Soltan Raewiň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň ilçileriniň we türki döwletleriň belli edebiýatçy alymlarynyň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşan "Magtymguly Pyragy…

Türkiýede "Magtymguly Pyragy we türki dünýäsiniň edebiýaty" atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly türki dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy

TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllyk toýunyň türki döwletlerde giňden dabaralandyrylýan günlerinde Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň inžinerler we arhitektorlar birleşiginiň umumy ýygnagynda türk ýazyjy, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly Türk dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy. Baýragy Türkiýäniň Ankara şäheriniň Mamak etrabynyň häkimi hem-de Türki dünýäsiniň inžinerler we arhitektorlar birleşiginiň başlygy Murat Köse bilen Ankara jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň rektory hem-de Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň başlygy, professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Musa Kazym Aryjan gowşurdy.…

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly türki dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy

GEZELENÇDÄKI PURSATLAR

(Hekaýa türk ýazyjysy Ýakup Ömeroglunyň «Iki çynar» kitabyndan) Ahmet bu sebitdäki tokaýyň içinden geçýän ýoluň köp öwrümlidigini eşidipdi, ýöne bular ýaly kändir öýdüp pikir etmändi. Kesgin öwrümleriň biri gutarmanka, başga biri başlaýardy. Gije ulag sürmegi halamaýan Ahmediň sagat ilerledikçe, gahary-da halys degnasyna degip başlady. Ahmet aýaly we çagalary bilen gezelenje çykypdy. Uzak ýyllap görüşmedik dosty Hüseýin hem, onuň gezelenje çykan sebitinde ýaşaýardy. Ahmet, telefonda bu ýerlere gezelenje geljekdigini aýdanynda, Hüseýin örän tutanýerlilik bilen: – Hökman…

GEZELENÇDÄKI  PURSATLAR

Iki dost

(Hekaýa türk ýazyjysy Ýakup Ömeroglunyň «Iki çynar» kitabyndan) Tomus paslynyň yssy günleriniň biridi. Towuklar diwaryň ýanynda duran gury şahalaryň üstünde agyzlaryny açyp hereketsiz garaşýardylar, olaryň dem alyşlaryny birnäçe metr uzaklykdan hem duýmak mümkindi. Pişikler bolsa, birden ýom-ýok bolupdy, itler özleriniň tapynan bir kölegesinde edil uklaýan ýaly, hiç hili hereketsiz ýatyrdylar. Biz bolsa Weýsel bilen tut agajynyň kölegesinde üç daş oýnuny oýnamaklykdan halys ýadapdyk. Bu oýunda men näçe gezek utdym,Weýsel näçe gezek ýeňiş gazandy, muny ikimizem…