...

Baynazar Muhammedow

@baynazar

Programmirleme barada ýazmany halaýan

Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024)

2024-nji ýylyň sentýabrynda ýurdymyz boýunça Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024) geçiriler. Çäre Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldaw bermegi bilen gurnalýar. Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahatynyň esasy maksady howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň ähmiýetini görkezmek, ýüze çykýan meseleleri milli we dünýä derejesinde çözmek, Türkmenistanyň ýaşlaryna ylham bermek we olary klimat başlangyçlaryna…

Ýaş ilçileriň ilkinji önümli aýlary

Durnukly ösüş maksatnamalarynyň ýaş ilçileriniň ikinji aýy, iýul aýy hem tejribelere baý önümli aý boldy... Bu aýyň altysyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş iş sapary bilen Türkmenistana geldi we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurduň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyklardan soňra Jenap Antoniu Guterriş Türkmenistandaky BMG-nyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we şol dabara gatnaşan biz ýaş ilçiler bilen aýratynlykda salamlaşyp bizi has hem ruhlandyrdy. Ondan başgada, bilşiňiz…

Ýaş ilçileriň ilkinji önümli aýlary

Durnukly ösüş maksatlary

Iýun aýynda BAE-nyň ilçihanasynda BMG-nyň howanyň üýtgemegi konferensiýasyna (COP) bagyşlanan “ Dubaýdan Bakuwa barýan ýol: COP29 taýýarlyk ” atly ýygnak geçirildi. Bu ýerdäki ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri we bu işdäki ornuny işjeň ara alyp maslahatlaşdylar. Bu waka, Bakuwda boljak COP29-zy üstünlikli geçirmek üçin möhüm ädim boldy. Dubaýdan Bakuwa barýan ýol: COP29 taýýarlyk Şeýle hem, iýun aýynda Aşgabatda “ Täze DÖM ilçileriň ” (Durnukly ösüş maksatlar) wezipä geçiş dabarasy geçirildi. Durnukly ösüş maksatlary üçin…

Durnukly ösüş maksatlary

Kiber Medeniýet näme? Hakerlaryň maglumat alyşynyň usuly

Salam, bu makalamda men kiber medeniýet we kiber dünýäsi barada gysgaça aýdyp geçjek. Kiber medeniýet bu, durmuşda adamlaryň özara gatnaşygyna we jemgyýetçilik kadalaryna täsir edip, onlaýn giňişlikde emele gelen medeni gurşawdyr. Bu, sanly ulgamlaryň giň toplumydyr, şol sanda internet, sosial ulgamlar, wirtual giňişlik, onlaýn oýunlar, sanly aragatnaşyk we onlaýn ulgamlaryň beýleki taraplary. Bu barada has gowy düşünmek üçin, sanly ulgamdaky soňky ýyllarda bolan täzelikleri öwreneliň: Görüşimiz ýaly, IT kompaniýalar öz girdejilerini esseläp köpeltdiler, bu diýmek…

Kiber Medeniýet näme? Hakerlaryň maglumat alyşynyň usuly

#4. C++ programmirleme dilinde maglumatlary girizmek we endl funksiýasy

Salam hemmäňize! Bu makalada maglumatlary girizmäni öwreners we öwrenen zatlarymyzy ulanyp tejribe geçers. Makalany okap başlamakdan öň " #3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi " makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy. Ilki bilen maglumatlary girizmäni öwreneliň. cin funksiýasy iostream kitaphanasyna degişli bolup, ol funksiýa maglumatlary bize girizmäne mümkinçilik berýär. Meselem, doglan ýylymyzy soraýan programma düzeliň: #include <iostream> using namespace std; int main() { int yyl; cout<<"Doglan yylynyzy girizin: "; cin>>yyl;…

#4. C++ programmirleme dilinde maglumatlary girizmek we endl funksiýasy

#3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi

Salam hemmäňize, şu makalada üýtgeýän ululyklar we olaryň görnüşleri barada gürrüň beriler. Makalany okap başlamakdan öň " #2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include) " makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy. Ýönekeý dilde aýdamyzda üýtgeýän ululyk ( rus dilinde : переменная ; iňlis dilinde : variable ) bu maglumatlaryň gutusydyr. Adyndan belli bolşy ýaly üýtgeýän ululyklar programmanyň işiniň dowamynda üýtgedilip bilner. Meselem, “ x ” üýtgeýän…

#3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi

#2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include)

Hemmäňize salam. Bu makalada С++ programmirleme diliniň sintaksisi bilen kiçiräjik tanyşlyk geçiler. Makalany okap başlamakdan öň " #1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň " makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy. C++ dilinde ýazylan kodlama seredip göreliň: #include <iostream> using namespace std; int main() { cout<<"Salam!"; } 1-nji kodlama Şu kodlamada indi her setiri bir-birdan seredip göreliň. #include <iostream> Berilen kodlama C++ programmirleme dilinde “ iostream ” kitaphanany birikdirýär,…

#2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include)

#1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň

Programmirleme – bu belli bir programmirleme dilleri ulanyp, kompýuter programmasyny düzmek prosesidir. Şu wagtky döwürde programmirleme iň gerekli hünärleriň biri bolup durýar we tehnologiýalaryň ösmegi bilen bu hünäriň wajyplylygy ösýär. Programmirlemegiň kömegi bilen her dürli programmalary, oýunlary, web-sahypalary we başgada köp zatlary ýasap bolýar. Bu bize köp prosesleri awtomatlaşdyrmaga we köp ugurlary ösdürmäge mümkinçilik berýär. Islendik programmirleme diliniň öz aýratynlyklary we ulanylýan ýerleri bar, şonuň üçin programmirleme dili saýlaňda etjek zadyňa görä saýlamaly. Ýöne islendik…

#1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň