...

Muhammet Rahmanow

@Rahmanow

Halkara gatnaşyklar institutyna gezelenç

Salam dostlar, bu gün Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutyna gezelenç etdik. Bu gezelenç diýseň täsir galdyryjy boldy. Biz institut hakynda birnäçe maglumatlary öwrendik. Men hem öz gezegimde bu maglumatlary siz bilen paýlaşmak isledim. Halkara gatnaşyklar instituty Milli Lidermiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany esasynda döredildi. 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli institutyň binalar toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Institut 248 orunlyk talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyndan hem-de döwrebap sport…

Halkara gatnaşyklar institutyna gezelenç

Motiwasiýamy ýa-da Distiplina

Salam dostlar bu makalany ýazmagyma sebäp bolan zat özümde goýberen ýalňyşlygymdyr. Häzirki wagtda sosial mediada iň köp ýaýran wideolaryň biri motiwasiýa wideolarydyr. Bular erbetmi? Aslynda motiwasiýa meniň pikirimçe bir zada gaz beren ýaly. Meselem şaryň içini gaz bilen doldursak we ony goýbersek ol şar belli bir aralyga çenli gider, ýöne gazy gutaransoň ýere gaçar. Mende hem şuňa meňzeş wakalaryň biri bolup geçdi. Instagramda birnäçe motiwasiýa wideolary görenimden soňra, türgenleşik zalyna gatnamaga höwes döredi we men…

Motiwasiýamy ýa-da Distiplina

Baýlyga ýetmek üçin birinji ädimler

Baýlyga ýetmek üçin birinji ädimler Salam dostlar her bir ýaşy uly-kiçiniň arzuwy baý bolup ýaşamakdyr. Emma nädip? Bu sowala bu gün Juwan akademiýamyzyň agzybir meýletinçileri hem-de Merdan Ataýewiň alyp barmagynda okuw sapagyny geçirdik. Bu seminar barada size gysgaça aýdyp bermegi ýüregime düwdüm. Dünýäde baý adamlaryň 70% öz maňlaý deri bilen baýan adamlar galan 30-% bolsa miras düşerler. Aslynda miras düşerleriň sany kän bolmaly ýöne näme üçin azka? BAE patyşasy:” Meň atam düýede gezen men bolsa…

Baýlyga ýetmek üçin birinji ädimler

Ýaş taryhçylar duşuşygymyz

Salam dostlar men size “Juwan” akademiýamyz bilen geçiren “Ýaş taryhçylar” duşuşygymyz hakda aýdasym gelýär. Duşuşugymyzyň esasy sebäpkäri Sarahs baba ýagny Abul Fazldyr. Şol gün Abul Fazlyň Haka gowşan günine 1000 ýyldy. Biz hem “Juwan” akademiýamyzyň agzybir ýaşlary bilen Sarahs babamyzyň hatyrasyna üýşüp taryhymyzy ýatlasymyz geldi. Men maşgalam bilen 2 gezek Sarahs babanyň kümmetine gidipdim we men oňa degişli birnäçe rowaýatdyr gürrüňleri diňläpdim. Şonuň üçin bu duşuşyk başda meň üçin gyzyksyz boljak ýalydy emma birinji sapar…

Ýaş taryhçylar duşuşygymyz

Ýetginjek dostlaryma maslahatym

Salam dostlar. Ýylar geçýär aýlar aýlanýar diýilýän sözüň manysyna indi düşündim. Düýn ýalakdy ejemiň elinden tutup 1-nji synpa giden wagtlarym indi bolsa 11-nji synp. Nesip edenden ýene-de ýakyn wagtlardan ýokary okuw jaýyna girip bir hünäriň eýesi bolmaly. Mekdep pursatlary diýseň gyzykly welin wagtyň nädip geçýändiginäm bilip bilemizok. Ýöne işiň gowy tarapy tejribeli mugallymlarmyzyň saýasynda gymmatly wagtymyzy boşa gidermän herimiz öz saýlan ugurlarymyz boýunça goşmaça sapaklar okap özümizi kämileşdirýäris. Ýöne welin gynansak-da häzirki wagtda meň ýaşymda…

Ýetginjek dostlaryma maslahatym

Lukman bolmak islegimiň başlan ýeri

Salam dostlar, bu gün men size durmuşymda bolup geçen bir wakanyň geljekki kararymy üýtgedendigi hakynda aýdasym gelýär. 10 ýaşymdadym iýul aýynyň ortalarydy we men maşgalam bilen “Awaza syýahatçylyk we dynç alyş zolagyndan” öýe Aşgabada gelýärdik. Gumdagdan 23-24 kilometr geçipdik, 4-5 adam ýoluň gyrasynda üýşüp durlardy, kakam:”Saglykmyka” diýip, maşynyň tizligini haýallatdy. Görsek iki maşyn awtoulag heläkçiligine uçrapdyr, töwerekde hiç hili ýaşaýyş ýokdy. Kakam maşyny togtady we doganym bilen maşyndan düşdi. Ejem maňa maşyndan düşmezligi aýdypdy, emma…

Lukman bolmak islegimiň başlan ýeri

Gurluşykdan alan tejribäm

Dynç güni irden säher wagtydy, sagat heniz 7.00. hem bolmandy. Men bolsa düşegimde süýji ukyda ýatyrdym. Bütin hepdäniň beren ýadowlugyndan soň uky şeýle bir süýjidi, ýöne bu süýji uky şol ýakymsyz sesleri eşidýänçäm, dowam etdi. Ukymdan oýandym kelläme gelýän birinji pikir, haýsy goňşyň gurluşyga başlandygy, emma bu pikir tä traktoryň sesini eşidýänçäm dowam etdi. Aýnadan seretsem bu sesleriň daşaryk degişlidigini we öýde näme sebäpden suwyň ýokduguny bildim. Daşarda gazuw işleri gidýärdi. Takyk näme iş etýändikleri…

Gurluşykdan alan tejribäm

Mugallymym bilen “tualet” ýuwup başladyk.

Günlerden çarşenbe güni agşam sagatlary 21:00 töwerekdi. Men hem mugallymym Merdan Ataýew bilen ähli işlermizi bolup baş-başa söhbetdeş bolup otyrdyk. Men halypa birinji sapar öz arzuwlarym hakynda paýlaşyp başladym. Orta mekdepde soňky ýylym we arzuwlaryma ýetmek üçin kynçylyklar bilen göreşip başlamalydygym hakynda aýtdym. Mugallym meni diňläp bu derejelere ýetmegiň nähili kyndygyny we göni birden ähli zat bolman, aşaky basgançaklardan başlamalydygym, durmuşuyň kyn synaglary hakynda aýdyp otyrdy. Meniň arzuwum hakynda gyzyklanan bolsaňyz, dostlar, aýdyp geçeýin. Meniň…

Mugallymym bilen “tualet” ýuwup  başladyk.