Maksadyňaýetmeklik

Lukman bolmak islegimiň başlan ýeri

Salam dostlar, bu gün men size durmuşymda bolup geçen bir wakanyň geljekki kararymy üýtgedendigi hakynda aýdasym gelýär. 10 ýaşymdadym iýul aýynyň ortalarydy we men maşgalam bilen “Awaza syýahatçylyk we dynç alyş zolagyndan” öýe Aşgabada gelýärdik. Gumdagdan 23-24 kilometr geçipdik, 4-5 adam ýoluň gyrasynda üýşüp durlardy, kakam:”Saglykmyka” diýip, maşynyň tizligini haýallatdy. Görsek iki maşyn awtoulag heläkçiligine uçrapdyr, töwerekde hiç hili ýaşaýyş ýokdy. Kakam maşyny togtady we doganym bilen maşyndan düşdi. Ejem maňa maşyndan düşmezligi aýdypdy, emma…

Lukman bolmak islegimiň başlan ýeri

Motiwasiýamy ýa-da Distiplina

Salam dostlar bu makalany ýazmagyma sebäp bolan zat özümde goýberen ýalňyşlygymdyr. Häzirki wagtda sosial mediada iň köp ýaýran wideolaryň biri motiwasiýa wideolarydyr. Bular erbetmi? Aslynda motiwasiýa meniň pikirimçe bir zada gaz beren ýaly. Meselem şaryň içini gaz bilen doldursak we ony goýbersek ol şar belli bir aralyga çenli gider, ýöne gazy gutaransoň ýere gaçar. Mende hem şuňa meňzeş wakalaryň biri bolup geçdi. Instagramda birnäçe motiwasiýa wideolary görenimden soňra, türgenleşik zalyna gatnamaga höwes döredi we men…

Motiwasiýamy ýa-da Distiplina