Bilim Taryh

Muhammet Rahmanow@Rahmanow
3 minut alar

Ýaş taryhçylar duşuşygymyz

Salam dostlar men size “Juwan” akademiýamyz bilen geçiren “Ýaş taryhçylar” duşuşygymyz hakda aýdasym gelýär. Duşuşugymyzyň esasy sebäpkäri Sarahs baba ýagny Abul Fazldyr. Şol gün Abul Fazlyň Haka gowşan günine 1000 ýyldy. Biz hem “Juwan” akademiýamyzyň agzybir ýaşlary bilen Sarahs babamyzyň hatyrasyna üýşüp taryhymyzy ýatlasymyz geldi. Men maşgalam bilen 2 gezek Sarahs babanyň kümmetine gidipdim we men oňa degişli birnäçe rowaýatdyr gürrüňleri diňläpdim. Şonuň üçin bu duşuşyk başda meň üçin gyzyksyz boljak ýalydy emma birinji sapar…

Merdangeldi Bayramov@passenger
2 minut alar

Ertiriň Alp Arslany, Fatyh Soltan Mehmedi kimlerdir?!

Ertiriň Alp Arslany, Fatyh Soltan Mehmedi kimlerdir?! Şu taryha yz galdyran gahrymanlara bir serediň! Döwrüň kynçylyklaryna garamazdan isledikleri ýeňişi aldylar. Ýöne nähili?! Hiç bir agaç azapsyz miwe bermez. Alp Arslanyň goşuny Malazgirde mejbury gitmedi. Olar ýeňişe ynanyp, hemmesi bir ynançda söweşdiler. Eger Alp Arslan adaty soltan bolsa bu ýeňişi almak ähtimallygy ýok. Ol döwrüň talaplaryna görä hereket etdi. Garşysyndaky goşuny plany bilen duzaga düşürmegi başardy. Bu plany jahyl adamyň başarjak zady däl. Ýeri gelen-de ylym…