Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Ertiriň Alp Arslany, Fatyh Soltan Mehmedi kimlerdir?!

2 minut alar

Ertiriň Alp Arslany, Fatyh Soltan Mehmedi kimlerdir?! Şu taryha yz galdyran gahrymanlara bir serediň! Döwrüň kynçylyklaryna garamazdan isledikleri ýeňişi aldylar. Ýöne nähili?! Hiç bir agaç azapsyz miwe bermez. Alp Arslanyň goşuny Malazgirde mejbury gitmedi. Olar ýeňişe ynanyp, hemmesi bir ynançda söweşdiler. Eger Alp Arslan adaty soltan bolsa bu ýeňişi almak ähtimallygy ýok. Ol döwrüň talaplaryna görä hereket etdi. Garşysyndaky goşuny plany bilen duzaga düşürmegi başardy. Bu plany jahyl adamyň başarjak zady däl. Ýeri gelen-de ylym aldy, ýeri geldi ata münüp gylyç alyp goşuny bilen söweşdi. Geçmişde soltanyň ogullaryny ýörüte atabeglere berip ýetişdirýärdiler. Fatyh Soltan Mehmet 1453-nji ýylda alyp bolmaz diýiliýän Konstantinopol häzirki Istanbuly 21 ýaşynda basyp almagy başardy. Fatyh Soltan ýaşlygyna garamazdan şäheri aljak gününi hasap edip biljek derejede matematikany, 6 sany dili(arap, pars, grek, latyn, ibrani, slawik), aýyň şol gün nireden dogjagyny hasaplap bilýärdi. Şäheri alandan soň häzirki Istanbul uniwersitetiniň düýbüni gurdy. Alymlardan öwrenmegi hiçwagt egsiltmedi. Olaryň birinden öwrenip beýlekisinden sorap olaryň ylym dawalaryna ýol açyp biljek derejede akyllydy. II Abdülhamid Han şazada wagtyndan söwda bilen, agaç ussalygy meşgullanyp başlady. Men şazada diýip ýan berip ýatmady. Tagta geçen ilkinji günlerinden döwletiň içinde ylyma-bilime uly üns berdi, mekdepleri, hashanalary açdy. Döwrüň kyn ýagdaýynda 1500 km-lik demir ýoly gurdy. Döwletiň bir bölek ýerini duşmana 33 ýyllap aldyrman tagty dolandyrdy. Döwründe oňa taý geljek politika adamsy ýokdy. Iki duşmanyny birbirine düşürmegi başarjak derejede zehinlidi. Bu soltanlaryň hiçbiri siziň derejäňizde bilim alma mümkinçiligi ýokdy. Olar döwrüň talaplaryna görä hereket edip durmuş diýlen oýuny gazanmagy başardylar. Bu maglumatlary näme üçin aýtýaň diýýänleriňiz bardyr. Biziň kimlerden bolanymyzy kimler bolup bilmek ähtimallygymyzy düşündirmek isledim. Hökman başga ýerden görelde almaga gahrymanlary gözlemek mejburynda däl. Serediň al-Horezmi algoritimiň düýbüni tutdy. Belki ol bolmadyk bolsa seniň eliňdäki mobiliň bolmazdy. Ýa-da Ibn Sina. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýerinde onuň kitaplary ulanylýar. Häzirki gahrymanlar bilimde, söwda-da täze ýol açan adamlardyr. Gündelik durmuşyny planly wagtyny hemişe özüni ösdürmek, adamlara peýda gazandyrmak üçin geçirýändir. Aslynda olar wagt geçirenoklar hakyky durmuşy ýaşaýanlardyr. Sende ýaşamak üçin oýanmaga wagtyň bolmadymy?!
64 |
|