#3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi
3 minut alar
Salam hemmäňize, şu makalada üýtgeýän ululyklar we olaryň görnüşleri barada gürrüň beriler.
Makalany okap başlamakdan öň "#2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include)" makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy.
Ýönekeý dilde aýdamyzda üýtgeýän ululyk (rus dilinde: переменная; iňlis dilinde: variable) bu maglumatlaryň gutusydyr. Adyndan belli bolşy ýaly üýtgeýän ululyklar programmanyň işiniň dowamynda üýtgedilip bilner. Meselem, “x” üýtgeýän ululyk bar we onuň bahasyna 5 dakalyň, soňra bolsa islesek “x” üýteýän ululygyň bahasyny 7-ä üýtgedip bilýäs. Üýtgeýän ululyklara biz her dürli maglumatlaryň görnüşlerini dakyp bilýäs (meselem: san, tekst, harp). Her bir üýtgeýän ululugyň öz ady goýulýar we soňra üýtgeýän ululygyň ady kodlamada ulanylýar.
C++ programmirleme dilinde köp üýtgeýän ululyklaryň görnüşleri bar. Geliň olary bir-birdan seredeliň:
Bütin sanly üýtgeýän ululyklar
Bu üýtgeýän ululyklarda diňe bütin sanlar saklanylyp bilner. Meselem üýtgeýän ululygyň int görnüşine -2 147 483 648 başlap 2 147 483 647 aralygyndaky ähli bütin sanlar girýär. Meselem int görnüşli “a” üýtgeýän ululygy döredip, onuň bahasyna 3 dakalyň:
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
int a;
a=3;
}
1-nji kodlama
1-nji kodlamada “a” üýtgeýän ululyk 3 deň.
Nokatly sanly üýtgeýän ululyk
Üýtgeýän ululygyň bu görnüşine drobly sanlary hem dakyp bolýar. Meselem bu görnüşli üýtgeýän ululygyň float görnüşinde nokatdan soň 6-7 sany san bolan takyk sanlary saklap bolýar. Meselem float görnüşli “k” üýtgeýän ululygy döredip, onuň bahasyna “3.75” dakalyň:
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
float k;
k=3.75;
}
2-nji kodlama
Simwolly üýtgeýän ululyklar (char)
Bu görnüşli üýtgeýän ululyklar özünde diňe bir simwoly saklap bilýärler. Meselem char görnüşli üýtgeýän ululyklar özünde sifry, harpy, otur belgisini (,) we beýleki simwollary saklap bilýärler. char görnüşli “r” üýtgeýän ululygy döredip, onuň bahasyna “!” dakalyň:
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
char r;
r='!';
}
3-nji kodlama
Setir görnüşli üýtgeýän ululyk (string)
Bu üýtgeýän ululyklar simwollaryň yzygiderligini özünde saklap bilýär. Meselem string görnüşli üýtgeýän ululykda firmanyň adyny, adamyň adyny, familiýasyny ýa-da islendik bir teksti saklap bolýar. string görnüşli “s” üýtegeýän ululygy döredip, onuň bahasyna “Delta Technology” diýip bir firmanyň adyny dakalyň:
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
string s;
s=”Delta Technology”;
}
4nji kodlama
Logiki üýtgeýän ululyklar (bool)
Bu üýtgeýän ululyklar diňe 2 sany bahany özünde saklap bilýär – true (hakykat, истина) ýa-da false (ýalan, ложь). Meselem bool üýtgeýän ululyklary “hawa” ýa-da “ýok” ýaly logiki aňlatmalary görkezmek üçin ulanylýar.
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
bool b;
b=true;
}
5-nji kodlama
Indi üýtgeýän ululyklara has gowy düşünmek üçin, olary ulanyp tejribe edip göreliň. Diýeliň, biz kodlamada özümiz barada maglumat ýazjak bolýas. Meselem öz adymyzy, ýaşymyzy, agramymyzy we jynsymyzy (erkek bolsa “E”, aýal bolsa “A”). Onda biziň kodlamamyz şeýle bolar:
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
string at;
at="Merdan";
int yas;
yas=23;
float agram;
agram=76.8;
char jyns;
jyns='E';
}
6-nji kodlama
Indi biz şu maglumatlary ulanyp, olary çap edeliň. Çap etmek üçin “cout” funksiýasyny ulanalyň.
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
string at;
at="Merdan";
int yas;
yas=23;
float agram;
agram=76.8;
char jyns;
jyns='E';
cout<<"Menin adym "<
7-nji kodlama
Kodlamany işledip görsek, şeýle netije alýas:
Görşüňiz ýaly, üýtgeýän ululyklaryň her bir görnüşiniň ulanylmaly ýeri bar. Bu diýmek, biz üýtgeýän ululyklaryň hemme görnüşlerini bilmeli we olary öz ýerinde ulanmany öwrenmeli.
Makalanyň dowamy şu ýerde