Watan

Penjire

Daňdanyň ümüş-tamşynda gapymyz kakylýar. Aýalym: «Gapy kakylýar» diýip meni turuzýar. Gapyny açsam, eli radsiýaly «işgärleriň» biri. Maňa: «Aýnaňyzyň biri çalaja açyk galypdyr, ýapaýyň» diýýär. Näme üçin ýapmalydygyny sorap oturmagyň hajatynyň ýoklugyny, soraýanyňda-da esasy maglumatyň gizlenip diňeje «Çäre bar» diýlip oňulýandygyny bilenim üçin, «Bolýar» diýip göwünli-göwünsiz gapyny ýapýaryn. Uly ýoluň ugrundaky penjireleri birlaý gözden geçirýärin. Göräýmäge, bary ýapyk ýalydy. Ýöne, dogrudanam, ýaňky peläketiň aýdyşy ýaly, bir penjirämiz doly ýapylman sähelçe açyk galypdyr. Öz-özüm geň galýaryn. Penjirämiň…

Penjire

Nobat

Ýurdumyzyň ady belli bankynda nobata durun. Bar zatdan öňürti men özümiň paýtagtly däldigimi size ýatladasym gelýär. Sebäbi indiki gürrüň bermekçi bolýan zatlarymy okaýan mahalyňyz siz meniň paýtagtly bolup dogulmazlyk bagtsyzlygyndan (belkem bagtlylygyndan) ullakan paýyny alan ýazgyda eýedigimi hergiz ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Ine, şol faktory göz öňünde tutsaňyz, onda meniň indiki sözlerim siziň üçin hiç hili geň bolmadyk ýagdaýa öwrülmegi hem ahmal. Mahlasy, bankda durun. Ýurdumyzyň ady belli, hatda ýurdumyzyň adyny göterýän bankynyň kassasynda çagamyň okuw…

Pataçylyk

Käbir adamlaryň aradan çykmagyna asman barlyklary hem gynanarmyş. Käbir adamlaryň dünýeden sogrulyp gitmegine asman-zemin gözýaş edermiş. Bu aýdýanym aýat bolmagy hem gaty ahmal. Şäher ýerinde ýaşasaň adamlar ölmeýän ýaly bolup dur. Negada bir bolaýmasa, pata-beýlekä-de gözüň düşenok. Bu ýagdaýy görüp, ölümiň edrenç ýüzüni görkezmezlik maksady bilen pata-sadakalary hem gizläýýälermikä, jynazalary hem restoranda-beýlekide okadaýýamykalar diýesiň gelip dur. Obada welin, sosial dagynyklyk entek doly agalyk etmänsoň, öldi-ýitdi habarlary derrew her kimiň gulagyna degýär. Käbir ýurtlarda, belkem, dünýäde…

Şükranalyk

Şükür! «Ynsan nämä şükür etmeli?» Bu sowalyň manysyz bolup duýulmagy ahmal. Sebäbi sowalyň özi ýene bir sowaly biziň öňümizde keserdip goýýar: «Ynsan nämä şükür etmeli däl?». Şonuň üçin hem galyplaşan akymyň wekilleri meniň başky sowalymyň diňe bir manysyzlygyny däl-de, eýsem, küfür geplemeklige barabarlygyny ýanjap aýdaýanlarynda-da geň görjek däl. Elbetde, olaryň hem nygtaýşy ýaly ynsan hemme zada şükür etmelidir. Ýöne ynsan şükür etmek diýilýän zadyň kaýyllykdan büs-bütin tapawutly amaldygyny hem hergiz unutmaly däldir. Şükür etmek –…

Oýunjak

Telewizoryň kanallaryny geçirip otyrkam çagalygymda köp görlen kinokomediýalaryň biri öňümden çykdy. Men bu komediýanyň sýužetini giňişleýin gürrüň berip oturjak däl. Adyny aýtsam, onuň näme baradadygyny siz bada-bat bilersiňiz: «Oýunjak». Kinonyň baş gahrymany Pýer Rişar. Men çagalygymda bolşy ýaly ýene gülüp hezil etmek üçinmi, ýa-da çagalyk dünýämiň ýatlamalaryna ymsynýandygym üçinmi, bilmedim, ýöne bu kinony başdan-aýak görmäge durdum. Emma näme üçindir komediýa bu gezek meni şatlandyrmady. Kinoda ikiýüzli millioner jenap Koşeniň roly hasam şowly çykypdyr. (Ikiýüzli diýýänimiň…

Garaşsyzlyk baýramy.

Ine, ýene-de baýramlaryň naýbaşysy – Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsanç. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly beýleki köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, olar täze…

Garaşsyzlyk baýramy.

Öz ynanan zatlarym / goşgy

Bahana agtarma, çäresin agtar, «Türkmen» diýdir bitmez işi bitir-de. Yhlas et, zähmet çek, iş bitir ---- magtan! Öwünewer onsoň git-de-getir-de. Her bir işe ýapyş ýüregiň bilen, Yhlasyňda hiç kemterlik bolmasyn. Demir ýaly erkiň bolsun içiňde, Çagaňda-da hiç kemşermek bolmasyn. Gul deý işle, gum sowrup depäňden, Dünýä işlemäge gelen ýaly bol. Dynç alaňda dynç al, alan şekilli, Ýedi pyşdyň han-beg bolan ýaly bol. Ýere bagryn baglan ata-babalaň, Taryh şaýat, ýedi yklymy baglapdyr. Başyňny goý, başyň ile…

Öz ynanan zatlarym / goşgy

TOPRAK

Topragyň özboluşly ysy bolýar. Ene topragymyzy terk edip gidenimizde oglum ýaňy kyrk günlük bäbejikdi. On ýaşanynda-da biz yzymyza dolanyp geldik. On ýyllap dünýäniň iň şäherleşen ýurtlarynyň birinde ýaşap, betondyr emeli parklardan başga zat görmedik oglum garry öýümize gele-gelmän, garry tuduň düýbündäki küpürsäp ýatan topraga elini urdy. Ejem ikimiz aýnadan synlap otyrys. Oglumyň gum oýnaýandygyny görüp, ejemiň ýüregi gyýlyp gitdi. Ol: «Balajyk gumy agzyna salyp iýäýjek bolýar» diýip, uludan demini aldy. Ejemiň sözleri maňa erbet täsir…