Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

TOPRAK

3 minut alar

Topragyň özboluşly ysy bolýar. Ene topragymyzy terk edip gidenimizde oglum ýaňy kyrk günlük bäbejikdi. On ýaşanynda-da biz yzymyza dolanyp geldik. On ýyllap dünýäniň iň şäherleşen ýurtlarynyň birinde ýaşap, betondyr emeli parklardan başga zat görmedik oglum garry öýümize gele-gelmän, garry tuduň düýbündäki küpürsäp ýatan topraga elini urdy. Ejem ikimiz aýnadan synlap otyrys. Oglumyň gum oýnaýandygyny görüp, ejemiň ýüregi gyýlyp gitdi. Ol: «Balajyk gumy agzyna salyp iýäýjek bolýar» diýip, uludan demini aldy. Ejemiň sözleri maňa erbet täsir etdimi nämemi, kellämde bir topar sorag çarh urup başlady.  Ejem biziň gelenimize begenip şeýle diýdimkä? Ýa-da bu onuň «näme üçin çagalary beýle giç getirdiň?!» diýip igendimikä?! Men munuň anygyna ýetäýjegem boldum. Ýöne biderek onuň derdini gozgap oturmaýyn diýen pikir bilen sesimi çykarmadym. Soň ara dymyşlyk girdi. Biz ikimiz ýene oglumy synlamaga durduk.  Oglum mellegimizde has yzgarlyrak ýer tapdy-da, hezil edip palçyk oýnady. Näme üçindir şol pursat ýaňadan çagalyga gaýdyp barmak arzuwy meniň ähli duýgularymy gurşap aldy.

Topragyň ysyny demiňe sormagyň öz lezzeti bar. Çagada käbir endikleriň döremegi üçin, birbada, onuň üstünden gözegçilik etmeli bolýar. Meniň toprak bilen ysnyşmagymda hem belli bir dereje gözden salynmadyk «gözegçiligiň» täsiri uly boldy. Atam ýer agdarmalam bolsa, ekin ekmelem bolsa, ýa başga bir iş etmelem bolsa, hergiz meni ýanyndan goýmady. Onuň özi-hä, ýalňyşmaýan bolsam, pensiýa çykanyndan soň ekerançylyk bilen meşgullanmaga wagt tapana meňzeýär. Sebäbi enemiň gürrüň bermegine görä, ol bütin ömrüne ýaban ýatyp, sürüjilik edipdir. Pensiýa çykansoňam, garrylyga özüni basdyrmajak bolup, şäheriň çetinden mellek ýer satyn alypdyr. Ine, meniň atam bilen baglanyşykly ýatlamalarym şol uçurlara gabat gelýär. Meniň hatda atam ikimiziň mellegimizi başdan-aýak agdaryp çykanymyz hem ýadymda. Atam ýerden bir depim gum alyp, özüniň göz çaky bilen pes hasap edýän ýerine zyňyp goýbär. Menem gütläp düşen gumuň içinden, gamyşy eýleki-beýlekisi bar bolsa çöpläp alaryn. Şeýdip, mellegimiziň gumyny näçe öwrä agdaryp çykanymyzy bir Alla bilýär. Täzeje agdarylan ýeriň ysynyň bark urşuny diýsene?! Şol ys tutuş mellegimizi tutardy. Ol juda üýtgeşik ysdy. Birhili, maňa bakylygyň ysy ýaly bolup duýlardy. Demime sorup, kükregimi şol ysdan şunça doldursamam, hiç ganyp bilmezdim. Gün ýaşyp, howanyň çigregi sähel duýlup başlar hem welin, ine şonda agdarylan ýerden göterilýän ys hasam möwjär. Onsoň, öýüňe-de gaýtman, gumuň üstünde kelläňi humarladyp ýatasyň geler.

Adam özüne gowy diýip hasap edýän zadyny ýakynlaryna-da isleýär. Atam hem heniz çagalykdan meniň toprak bilen bagrymyň badaşmagyny islän bolmaly. Topragyň çagalygymda galan şol tanyş ysy iň soňky gezek atamy ýere tabşyryp, haýdan-haý üstünde gum sürýän mahalymyz burnuma urupdy. «Okuw, iş, eklenç, güzeran» diýip, toprak bilen köp ýyllyk aýralykdan soň, (has dogrusy ýaşym kyrka eňňit edeninden soň) men ýene şol çagalymda galan ysy gussa bilen demime dartmaly boldum. Atamyň dünýeden gaýtmagy, üstesine çagalygym bilen aramyza şeýle köp wagtyň girmegi hem-de şunça wagtlap bigänelige bendi bolup gezmegim, mende iň gymmatly zadyny arzan baha satyp goýberen ýaly ýakymsyz duýgy oýarypdy. Wah, häzir pikir edýän welin, şol gün hiç kimiň haý-waýyna garaman, atamyň guburyny gujaklap ýatmaly ekenim diýýärin. Guburyň täzeje gumunyň ysyny galan ömrüme unutmaz ýaly bar güýjüm bilen demime dartan bolsam bolmaýarmydy diýýärin?! Zeminiň ysyny unutman ýaşan bolandygymda dünýämiň «öli» pursatlary, gör, nähili az boljak eken. Şol tenekar ys hemişe burnuma gelip duranynda, meger hem men aslymyň toprakdandygyny, iru-giç topraga gaýdyp barmalydygymy, topraga duwlanman ölümi ýeňip geçip bolmajagyny unutmasam unutmazdymam. Goý, her kime yzlaýanyny tapmak nesip etsin!

78 |
|