Terjimeýazgylary

PSIHOLOGIÝA ÝALANY

PSIHOLOGIÝA ÝALANY Psihologiýasy iň bozuk jemgyýet jahylyýet döwründäki arap jemgyýeti bolupdy. Adamlar atasynyň mirasyna ir eýe çykmak üçin öz atasyny öldürip, jesedini duşmanynyň ýa-da dawalaşan ynsanynyň meýdanyna taşlaýardy. Soňra Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip, "Atamy biri öldürdi, jesedini meýdanda tapdym" diýip, aýdýardylar. Pygamberimiz (s.a.w) olaryň sözlerine ynanýardy. Käbir alymlar "Zümer" süresiniň 19-njy aýatynyň inmeginiň sebäbini şular ýaly wakalar bilen baglanyşykly diýip, şeýle düşündirýärler: "Alla, gözleriň hyýanatyny we ýürekleriň içindäki gizlin zatlary hem görýär". Bu gün ýalan…

PSIHOLOGIÝA ÝALANY

Oýnaş / hekaýa

OÝNAŞ 1 Zöhrä gargadylar, Soltana nälet ýagdyrdylar. Ikiside gazap daşlary bilen daşlandylar. Myş-myş gürrüňleriň topragyna duwlandylar. – Olar öňden bäri söýüşýän ekenler, gaçyp gidenmişler... – Waý toba, gaçyp gidenmişler... — Hawa, gaçypdyrlar. …kim bilýär, belki çyndyr… – Jany çyksyn, saçy kesilmiş, çagasyny taşlap gitmän gara ýere girsin, bir är azlyk edýän ekenmi? – Jany çykmyş, saçy kesilmiş.. – Bir är, ýetenokmy... – Çagasyny taşlap, oýnaşy bilen gaçypdyr, hä? …kim bilýär, belki çyndyr… Bu gürrüňler kiçijik…

Oýnaş / hekaýa

Ogry oglum /hekaýa

OGRY OGLUM Kakamyň kaza kylanyna ençe ýyl boldy. Bu ýyl, on ýedinji ýylyň[1] baharynda ejemden hem aýrylyp, bütinleý ýetim bolup galdyk. Biz, dört ýetimden habar alyp durmaga mamam - Rokiýabibi gelýärdi. Ony gowy görüp "garry mama" diýýärdik. Gijelerine mamam bilen hemmämiz, öňi açyk eýwanda köneje ýorganlara bürenip, şalyň üstünde uklaýardyk. Sentýabr aýynyň ahyry, ilkinji güýz gijeleriniň biridi. Howa salkyn, biz ýetimler biri-birimize gysylypjyk, biri-birimizi ýylydyp uka gidipdik. Hatarda iň soňky, ene guş kimin bolup mamam…

Ol ölenmi ýa-da diri? /satiriki hekaýa

OL ÖLENMI ÝA-DA DIRI? 1882-nji ýylyň martynda men Montanadaky Riwearada-da ýaşaýardym. Monte-Karlo ýa-da Nitsadaky ýaly adamlardan däl-de, şäheriň çetindäki bu ýerde ýalňyzlykdan rahatlanýarsyňyz, üstesine adamlaryň goh-galmagalysyz günüň şöhlesinden, arassa howadan we dup-dury deňizden arkaýyn lezzet alyp bilýärsiňiz. Montana şan-şöhrada dalaş etmeýän asuda, dynç şäher. Baý, begzada adamlar bu şäheri känbir pitiwa etmeýärler. Şeýle hem bolsa bu ýere käte birki sany baý gezelenje gelýär. Ýakynda men ana şolar ýaly bir baý adam bilen tanyş boldum. Onuň…

Ol ölenmi ýa-da diri? /satiriki hekaýa

Wah / hekaýa

WAH –Sizi dogumly, gaýratly ýazyjy diýýärler... şol çynmy? – Has dogrusy, şonuň ýaly bolmak isleýärin. –Kimdir birini söýdüňizmi, ondan aýryldyňyzmy... Ýandyňyzmy? –Hawa... –On sekiz ýaşanlara bir nesihat berseňiz... "Sagadatyň" redaksiýasynda bolan gürrüň. *** Gapy açylyp, ýüzi soluk zenan baş sokdy: –Mümkinmi? –Giriň!– diýdim. Otaga göz gezdirip, diwanyň ýanyndaky kürsä oturdy. Kosmetika ulanmagy başarmaýandygy bildirip durdy. – Bagyşlarsyňyz, wagtyňyzy alaryn. Seýit Ahmediň ýanyna gelipdim, ýok ekeni... –Sizi diňleýärin– diýdim. –Şükür aga, meň başyma bir kynçylyk düşdi.…

Wah / hekaýa

Gülki ummany / saýlanan degişmeler

DERT BOLAN DÜÝŞ Bir adam psihologa derdini aýdýar: — Wah agam, her gije düýşümde nähili dertler çekýänimi, nähili ajal derlerini dökýänimi bir bilsediňiz… Psiholok: — Pygamber ýorgudy bolsun Inşallah. Düýşüňizde nähili zatlary görýärsiňiz?. Adam aglamjyrap jogap berýär: — Näme, nämeler… Zyýapat, tans, aýdym-saz, içgiler. Her dürli, aňry baş iýmitler, garaz her zat bar-da… Içhä-iç, çalha-çal… — Ajaýyp, mundan başga näme isleýärsiňiz? Käşkä menem her gije şular ýaly zyýapatly düýşler görsem, başga näme isläp bilerin. Adam…

Gülki ummany / saýlanan degişmeler

1984 - Jorj Orruel (Romandan bölek)

...- Ýöne ýerasty ýitip giden haýwanlaryň süňklerinden doly - mamontlar we ş.m ýer ýüzünde adamzat döremänkä has öň ýaşan ullakan süýrenijiler, ýagny dinozawrlar." - Winston, şol süňkleri gözüň bilen gördüňmi? Elbetde ýok. Olary XIX asyr biologlary oýlap tapdylar. Adamdan öň hiç zat ýokdy. Adamdan soň hem hiç zat bolmaz. Adamyň daşynda hiç zat ýok. -Ýöne tutuş älem daşarda. Ýyldyzlara seret! Olaryň käbiri million ýagtylyk ýyly uzaklykda. Olary ele salyp bilmersiňiz. - Ýyldyzlar näme? - diýip,…

1984 - Jorj Orruel (Romandan bölek)

Big Hero 6 (2014)

Eger-de Siz "Big Hero 6" (2014) animasion filmini görmedik bolsaňyz, onda ony görmegi maslahat berýäris. Umuman belläp geçsek, filmiň wakasy hyýaly San-Fransokio, amerikan we ýapon medeniýetiniň garyşýan şäherinde bolup geçýär. Ýaş, robot söweşleri bilen gyzyklanýan, zehinli we filmiň esasy gahrymany Hiro Hamada bolup geçýän betbagytçylykly wakalaryň netijesinde çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Ol hem öz gezeginde Beýmäksi we beýleki dostlaryny öz başarnyklary bilen düýpgöter görnüşde her biriniň mümkinçiliklerini kämilleşdirip, ýaraglanyşa geçýär we ... Baryny aýdyp bersek gyzykly…

Big Hero 6 (2014)

Geň-taň ogurlyk / satiriki hekaýa

GEŇ-TAŇ OGURLYK Gyşyň aňzak tüni. Satyjy dükanyň penjiresiniň daşky gözeneklerini ýapyp duran mahaly tötänden dükanyň içinde gezip ýören bir adama gözi düşdi. Daşary çykmazdan ozal dükanda adam galandygyny görmändi. Nätanyş adam tekjede duran birnäçe bölek mesgäny çakganlyk bilen alyp, başgabynyň içinde gizledi. Satyjy gapydan daşary çykmaga howlugyp gelýän ogryny synlap duran mahaly "Täsin iş boldy bul-a" diýdi. Aýny wagtynda oňa jeza bermegiň ýoluny hem agtarýardy. Çykyp gitmäge şaýlanan nätanyş adamyň eli gapyň tutawajyna degen wagty…

Geň-taň ogurlyk / satiriki hekaýa

Iň gysga, täsirli hekaýalar

GYSGA HEKAÝALAR Uzyn hekaýalar okamakdan irdiňizmi? Geliň onda biraz dünýädäki iň gysga hekaýalary hem okap göreliň! Bu hekaýalar juda gysga bolup biler, emma, özleriniň täsirliligi, manylylygy bilen uzyndan uzyn hekaýalaradan birjigem galyşmaýar. Gysga hekaýalaryň iň meşhury, şek-şübhesiz Ernest Hemingueýiň alty sözden ybarat hekaýasydyr, emma, Ernestden soňra hem uzyn bir romanda aýdyljak zady gysgajyk, birnäçe setirde ýazyp bilen ussat ýazyjylar az bolmandyr. Ilki bilen Ernestiň şol meşhur hekaýasyny okalyň soňra beýleki hekaýalara hem geçeris. Ernest Hemingueý…