Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Terjime ýazgylary

Big Hero 6 (2014)

1 minut alar

Eger-de Siz "Big Hero 6" (2014) animasion filmini görmedik bolsaňyz, onda ony görmegi maslahat berýäris. 

Umuman belläp geçsek, filmiň wakasy hyýaly San-Fransokio, amerikan we ýapon medeniýetiniň garyşýan şäherinde bolup geçýär. 

Ýaş, robot söweşleri bilen gyzyklanýan, zehinli we filmiň esasy gahrymany Hiro Hamada bolup geçýän betbagytçylykly wakalaryň netijesinde çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Ol hem öz gezeginde Beýmäksi we beýleki dostlaryny öz başarnyklary bilen düýpgöter görnüşde her biriniň mümkinçiliklerini kämilleşdirip, ýaraglanyşa geçýär we ...

Baryny aýdyp bersek gyzykly bolmaz, şonuň üçin biziň taýýarlan terjime ýazgyly faýlymyzy, ýagny film subtitrini Siz şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz.

Terjime ýazgysyny döretmekde goşan goşandy üçin, Aýjemal Gurbanowa aýratyn minnetdarlyk bildirýäris.

Belki-de araňyzda iňlis dili bilen gyzyklanýanyňyz ýa-da ony kämileşdirmäge ymtylýanyňyz bardyr. Biziň niýetimiz, bu Size daşary ýurt dillerindäki filmleri we beýleki gysga göwrümli wideolary türkmen dilinde, terjime ýazgy (subtitr) görnüşinde dykgatyňyza ýetirmek bolup durýar.

Soraglaryňyz we teklipleriňiz bar bolsa, biz bilen habarlaşyň. Biziň elektron poçtamyz: [email protected]  

Bizi Telegram we ICQ sahypalarda goldamagy unutmaň ❤

28 |
|