Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Terjimeçi

Meňzetmek / satiriki hekaýa

2 minut alar

MEŇZETMEK

Men bir näçe ýyl ozal Nýu-Ýorkdaky Selemanka şäherçesine geldim. Bu ýerde men otlymy çalşyp ýatyş orunly wagona münmelidim. Münüş meýdançasy adamdan doly, olaryň hemmesi bir eýýam dolan, uzyn wagona münmäge synanyşýardy. Men ýolpetek satylýan ýerde oturan adamdan: 
”Ýatyp gitmek üçin ýer alyp bilermikam?" diýip soradym, ondan "ýok" diýen jogap alyp, aňyrrak baryp başka bir işgärden iň bolmanda wagonyň darajyk bir burçundanam bolsa ýer tapyp bermegini haýyş etdim. Ol bolsa gazap bilen gepimi bölüp: 
— Mümkin däl. Hemme ýerler doldy. Indi meni bimaza etmäň!— diýip yzynada seretmän ýöräp gitdi. 
Juda gamlandym. Dostuma: 
— Bular meň kimdigimi bilselerdi— diýdim. 
Dostumam meni diňlemek islemedi, ol 
— Bolgusyz gürleme. Muňa öwrenişmegimiz gerek. Näme, olar seň kimdigiňi bilseler hyryn-dykyn wagondan boş ýer tapyp bererler öýdýäňmi?— diýdi. 
Onuň sözleri zerreçe hem bolsa ýagdaýymy gowlandyrmady. Şol mahal wagon gözegçisiniň maňa seredip duranyny görüp galdym. Birden onuň ýüzi özgerdi. Ýanyndaky kärdeşine meni görkezip bir zatlar pyşyrdady. Olar men barada gürleşýän bolmalylar. Soňra gözegçi mylaýym ýylgyryp biz tarapa ýöräp gaýtdy. Ol hoşamaýlylyk bilen: 
— Näme hyzmat, ser— diýdi— Boş ýer gerekmi? 
Men: 
— Hawa, tapyp berseňiz örän minnetdar bolardym. Başga hiç zat gerek däl— diýdim. 
— Bizde diňe maşgalalyk kupe galdy. Onda iki adamlyk ýer hem-de jübüt ýumşak oturgyç bar. Kupe dolulygyna siziň ygtyýaryňyzda, ser. Tom, bärik gel, şu çemodanlary wagona alyp çyk. 
Biz münüş meýdançasy boýlap hoş keýp bilen ýöräp gitdik. Dostuma bir zatlar diýjek boldum, emma, pikirimden dändim. Wagon gözegçisi kupede bize ýeňilliker döredip berdi. Ýylgyryp: 
— Başga näme isleýärsiňiz, ser? Aýtsaňyz getirip bereris— diýdi. 
Men: 
— Ýyly suw getirip bilersiňizmi?— diýip soradym. 
— Elbetde, häzir getirerin. 
— Ýagşy, krowatyň üstündäki çyra juda ýokary asylypdyr. Başga ýagtyrak çyra tapyp başyma ýakynyrak edip assaňyz, aňsat okamagym üçin. 
— Elbetde, jenap. Siziň isleýän çyraňyz goňşy otaga goýulypdy. Häzir ony alyp gelip, şu ýere ornadyp bererin, ol bütin gije ýanyp durar. Ýene-de göwnüňiz näme islese sorap bilersiňiz! Ýoluň dowamynda näme gerek bolsa çekinmän aýdyberiň, ser. 
Soňra ol çykyp gitdi. Men dostuma seredip ýylgyrdym. 
— Hä, indi näme diýýäň? Gördüňmi, olar meň Mark Twen ekenimi bilenlerinden soňra sylaýyşlaryny — dostum dymyp durdy— Saňa şular ýaly hyzmat etmelerini isläňokmy? Üstesine petek nyrhy bir bolsa— diýip gepime goşmaça etdim. 
Şol wagt girelgede gülüp duran gözegçi göründi. 
— Ser, men sizi ilki gören wagtym tanapdym. 
Oňa köpräjik çaýpul berip: 
— Şeýlemi? Onsoň, men kim ekenim?— diýip soradym. 
Ol: 
— Jenap Maklellan, Nýu-Ýork şäheriniň meri — diýdi. 
 

Mark TWEN

Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI 

22 |
|