Syrly Geografiýalar

Syrly geografiýalar #1: Aždarha üçburçlugy

1-nji bölüm Aždarha üçburçlugy: Deňizdäki gizlin ýitirimler Aždarha üçburçlugy Demirgazyk ujy: 30 ° N, 140 ° E. Günorta-günbatar ujy: 24 ° N, 136 ° E. Günorta-gündogar ujy: 24 ° N, 144 ° E. Bu gizlin ýer Ýaponiýanyň günorta-gündogarynda, Ýuwaş okeanyň çuňluklarynda ýerleşýän ýerleri öz içine alýar. Şol syrly ýer "Aždarha üçburçlugy" bolup, ol öz ady bilen hem meşhurdyr, bu ýer "Iblisiň deňzi" diýlip hem atlandyrylýar. Bermud üçburçlugy ýaly meşhur bolmasa-da, aždarhanyň üçburçlugy suwasty gämileriň ýitip…

Syrly geografiýalar #1: Aždarha üçburçlugy

Syrly geografiýalar #7: Seddi Zülkarneýn

41°55'19.2"N 70°48'24.7"E Zülkarneýniň Beýik diwary (Seddi Zülkarneýn) diýlip çaklanylýan ýer Zülkarneýniň Beýik diwary (Seddi Zülkarneýn) diýlip çaklanylýan ýer Zülkarneýn (DALL-E 3 emeli aň tarapyndan döredilen surat) Zülkarneýn, Gurhany Kerimiň Kehf süresinde ady agzalan keramatly şahsyýetidir. Onuň ady "iki şahly" ýa-da "iki zamanyň eýesi" diýmegi aňladýar we onuň kimdigi barada dürli çaklamalar bar. Käbir düşündirişlere görä, ol Aleksandr Makedonskiý (Bu çaklama nädogrydyr, sebäbi Aleksandr gadymy grek taňrylaryna sygynan, Zülkarneýn bolsa Alla sygynan) beýlekileriň pikiriçe başga bir…

Syrly geografiýalar #7: Seddi Zülkarneýn

Syrly geografiýalar #6: Şeýtanyň çukury

ŞEÝTANYŇ ÇUKURY 47,8292254 DG -90,0495397 GB ABŞ-nyň Minnesota ştatynyň demirgazyk-gündogarynda tebigatyň syrlaryndan biri bolan "Şeýtanyň çukury" ýerleşýär. Bu geň we syrly tebigy emele geliş, bu ýerde şagawukdan suw uly bir çukura girip ýitip gidýär. Bu suw nirä akýar? Brule derýasynyň boýunda syýahat edýänler derýadan akýan iki şarlawuk akymyna şaýat bolup bilerler. Olaryň biri adaty şekilde aşaklygyna akýan bolsa, beýlekisi ullakan çukura akýar we soň ýitýär. Bu suwuň nirä gidýändigi barada ençeme ýyl bäri dürli teoriýalar…

Syrly geografiýalar #6: Şeýtanyň çukury

Syrly geografiýalar #8: 51-nji meýdan

51-nji meýdan Giriş Diňe aýdylýan teoriýalardan we hekaýalardan doly bolman, eýsem häzirki taryhyň iň uly syrlaryndan biri bolan syr we täsinlikden doly dünýä bar. Bu syrly ýere 51-nji meýdan diýilýär. Las Wegasyň demirgazygyndaky Newada çölünde gurlan bu syrly harby baza birnäçe ýyl bäri UFO synçylarynyň, dildüwşük teoretikleriniň we höwesjeňleriniň ünsüni özüne çekýär. 51-nji meýdan resmi taýdan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Howa güýçleriniň bazasy hökmünde bellidir. Ilkinji gezek 1950-nji ýyllaryň başynda, Sowuk Uruş döwründe Sowet Soýuzyndan üstün…

Syrly geografiýalar #8: 51-nji meýdan

Syrly geografiýalar #9: Winikunka "Älemgoşar" dagy

Görmeýärsiňmi? Allah gökden suw indirdi, şol suw bilen biz, dürli reňklerde miweler çykardyk. Daglarda hem dürli reňklerde ala-mula, ak, gyzyl we gara toprak bölekleri bar. (Kurany Kerim, Fatyr süresi 27-nji aýat) Peruň And daglarynyň ýüreginde, gözüňi alýan tebigy gudrat ýerleşýär: Winikunka, ýagny has meşhur ady bilen "Älemgoşar" dagy. Bu özboluşly ýer, Kusko sebitinde, dünýä belli Maçu Pikçudan takmynan 100 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýär. Winikunkanyň geografik koordinatlary takmynan 13.8691° GO, 71.3029° GB-de, Google Earth ýa-da meňzeş programmalarda…

Syrly geografiýalar #9: Winikunka "Älemgoşar" dagy

Syrly geografiýalar #2: Stounhendj

Giriş 51.1789° N, 1.8262° W Stounhendj dünýäde iň syrly we ikoniki gurluşlaryň biridir. Angliýanyň günorta-günbatarynda, Salisbury düzlüginde ýerleşen bu gadymy gurluş müňlerçe ýyl bäri adamlary haýran galdyryp gelýär. Uly daşlaryň tertipli düzülen bu gurluşy arheologlaryň we taryhçylaryň arasynda heniz hem köp sorag belliklerini galdyrýar. Stounhendj diňe bir taryhdan öňki döwürde gurlan gurluş bolman, eýsem mifologiýada we rowaýatlarda hem möhüm orun eýeläpdir. Taryhy we gurluşy: Stounhendj haçan we nädip gurlandygy henizem anyk belli däl. Umuman b.e.öň…

Syrly geografiýalar #2: Stounhendj

Syrly geografiýalar #5: Giperboreýa

Syrly geografiýalar #5: Giperboreýa Giperboreýa gadymy grek mifologiýasynyň bir bölegi bolup, Demirgazygyň ujunda bar bolan diýlip hasaplanylýan rowaýaty materik. Bu materik, aýylganç howa şertleri we barmak kynlygy bilen tanalýar. Gadymy çeşmeler Giperboreýanyň ilatyny adatdan daşary uzak we bagtly adamlar hökmünde suratlandyrýar. Giperborýanyň geografiki ýerleşişi: Gadymy ýazgylarda Giperboreýanyň takyk ýerleşýän ýeri görkezilmeýär, ýöne umumy kabul edilen teoriýa Demirgazyk polýusyň aňyrsynda bir ýerde ýerleşendigi. Gözlegçileriň köpüsi, Giperboreýanyň häzirki Arktika sebtine gabat gelýändigine ynanýarlar. Giperboreýa we gadymy çeşmeler:…

Syrly geografiýalar #5: Giperboreýa

Syrly geografiýalar #4: Tunguska wakasy. Sibiriň syry

Tunguska wakasy. Sibiriň syry 60.9° N, 101.9° E 1908-nji ýylyň 30-njy iýun säherinde Sibiriň ilatsyz bir ýerinde asman ýagtyldy we güýçli partlama boldy. Bu partlama millionlarça agaçlary weýran etdi we takmynan 2150 km² aralyga ýaýrady. Bu waka Tunguska hadysasy diýlip atlandyrylýar we XX asyryň iň uly tebigy hadysalaryndan biridir. Şeýle-de bolsa, bu partlamanyň sebäbi barada köp teoriýa bar we bu ýerde nämäniň bolup geçendigi henizem syr bolup galýar. Wakanyň ýüze çykmagy: 1908-nji ýylyň 30-njy iýunynda…

Syrly geografiýalar #4: Tunguska wakasy. Sibiriň syry

Syrly geografiýalar #3: Externsteine: Germaniýanyň syrly daş şekilleri

Externsteine: Germaniýanyň syrly daş şekilleri 51.8694° N, 8.9164° E Syrly geografiki ýerler köp gyzyklanma bildirilýän nokatlar bolup, olar dürli rowaýatlar bilen baglanşdyrylýar. Germaniýanyň Stounhendji hasaplanylýan "Eksternşteýn" diýip atlandyrylan daş gaýalary bu syrly ýerleriň biridir. Tebigy gaýalaryň şekillendirilen görnüşi bilen emele gelen bu gurluş ýerli halkynyň arasynda dürli rowaýatlar, teoriýalar bilen hasda gyzyklylygny artdyrýar. Eksternşteýn — Teutoburg tokaýlygynda, Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliý sebitinde ýerleşýär. Bu daş desgalary dokuz sany äpet daşlarynyň ýan ýana utgaşdyrylmagy netijesinde emele gelipdir.…

Syrly geografiýalar #3: Externsteine: Germaniýanyň syrly daş şekilleri