Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Syrly geografiýalar #3: Externsteine: Germaniýanyň syrly daş şekilleri

2 minut alar

Externsteine: Germaniýanyň syrly daş şekilleri

51.8694° N, 8.9164° E

Syrly geografiki ýerler köp gyzyklanma bildirilýän nokatlar bolup, olar dürli rowaýatlar bilen baglanşdyrylýar. Germaniýanyň Stounhendji hasaplanylýan "Eksternşteýn" diýip atlandyrylan daş gaýalary bu syrly ýerleriň biridir. Tebigy gaýalaryň şekillendirilen görnüşi bilen emele gelen bu gurluş ýerli halkynyň arasynda dürli rowaýatlar, teoriýalar bilen hasda gyzyklylygny artdyrýar.

Eksternşteýn — Teutoburg tokaýlygynda, Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliý sebitinde ýerleşýär. Bu daş desgalary dokuz sany äpet daşlarynyň ýan ýana utgaşdyrylmagy netijesinde emele gelipdir. Her daşyň üýtgeşik keşpleri bolup, ol taryhyň dowamynda dürli maksatlar üçin ulanylypdyr. Arheologik barlaglar bu gurluşlaryň käbir bölekleri köphudaýlylyk döwründe ybadathana hökmünde ulanylandygyny görkezýär.

Eksternşeýn hem köp rowaýatlaryň temasy bolupdyr. Bu rowaýatlaryň biri Isa Mesihiň haçynyň şu gaýalaryň arasynda ösen agaçdan ýasalandygy baradadyr. Şeýle-de, olaryň köphudaýlylyk däp-dessurlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde ulanylandygy aýdylýar. Emma Eksternşteýn nädip we näme üçin gurlandygy henizem anyk belli däl. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, bu gurluşlar Gün ybadathanalary ýa-da astronomik obserwatorialar hökmünde ulanylypdyr, käbirleri bolsa diňe dini däp-dessurlar üçin gurlan diýip hasaplaýarlar.

Netijede, Eksternşteýn Germaniýanyň syrly geografiki nokady hökmünde bellidir. Rowaýatlar, taryh we arheologiýa bu daşlar toplumynyň töwereginde jemlense-de, ony ulanmagyň takyk maksady we nädip gurlandygy henizem jedelli.


Çeşmeler:

  1. "Externsteine: Archaeological Site and Natural Monument" - UNESCO World Heritage Centre
  2. "Externsteine: Sacred Rocks and Ancient Wonders" - Ancient Origins
  3. "Externsteine: A Mysterious Sacred Site in the Teutoburg Forest" - Ancient Pages
81 |
|