Mekdep

Mekdep kitaplarynda özgeriş

Ýaňy ýakynda başlangyç synplarda zähmet, sungat, aýdym dersleri boýunça hem aýratyn kitaplarynyň bardygyny bildim. Bu derslerden kitap bolmalydyram öýdemokdym. Aýdym kitabynyň ýarysy aýdym, ýarysy hem şol aýdymlaryň notalary. Aýdymyň aýdylşyny bilmeseň, notalaryny tanyş kompozitoryňa suratyny ugradyp sorap bolýar. 1990-njy ýyllaryň başynda başga harytlar bilen bir hatarda mekdep kitaplary hem gytlyk edip başlady. Käbir sapaklardan 2 adama bir kitap berilýärdi. Başda başda oglanlar zähmet otagyna, gyzlar tikin otagyna girip el hünäri öwredilerdi. Soň soňlar bolsa mugallym…

Mekdep kitaplarynda özgeriş

#Uçurymlara Ýüzlenme!

Uçurymlara! Eziz uçurym! Bugün seniň ýoluň açykdyr we öňüňde ençeme gyzykly başdan geçirmeleriň bardyr. Emma özbaşdaklyk näçe süýji bolsa-da, bilgin, durmuşyň käbir öwrümlerinde mekdebiňi ýatlarsyň, okuwçy döwrüňe dolanmak islärsiň. Durmuşyňda boljak adalatsyzlyklar mekdebiňi küýsetdirer. Mugallymlaryň her näçe käýýänem bolsalar, diňe seniň peýdaň üçin şeýdendiklerine gowy düşünersiň. Kyn günüňde ýanyňda boljak ýürekdeş dostlaryň aglabasy klasdaşlaryňdan bolar, çünki çaga wagty hiçkim şahsy bähbidini oýlamaýar. Saňa kiçiräk bir syr açaýyn: aslynda mekdep ylym öwrenmek üçin däldir. Uniwersitetiň bir…