Çagalyk

Çagalygyma gidäýsem... Günortanlary urulyp ýatyrylýan günlerime... Mekdepden geleniňde: ,,Näçe sany 5-lik aldyň" diýilýän günlerime... Jigim bilen urşup onuň köýneklerini bukup goýýan günlerime ... Ejem gelýänçä sallançakda ýatan jigimi üwräp oturmaly günlerime... ,,Bar, balam, kuhniýadan plan zat getir" diýilende almaly zadymy unudyp, ikilenji gezek soraýan günlerime... ,,Erigi ýuwman iýmäň" diýilýän günlerime... Hemem öýkelänimde aglap bilýän günlerime ... We iň esasysy bolsa kakaly günlerime... **** Gel, seni aklymyň otaglary bilen tanyşdyraýyn... Ynha, bu otagda göresim gelýänleriň suratlaryny…

#Nädeýin

12/01/2020ý. Adamlar üýtgedi eje. Çalt üýtgeýä. Beýle diýsem pasyllarama üýtgeýä, aýlar üýtgeýä, gije-gündizem üýtgeýä, asmanam günde-günaşa dürli-dümen reňke boýalyp ýatyr.Üýtgemek herhal biz Adamogullarynyň, tebigatyň ýazgydy. Aýtsanaňyzla maňa üýtgemek gowy zatmy eje? Adamlar üýtgedi, üýtgeýä diýip otyrn şu wagt welin ogluňama kän öwerlik däl haly. Herhal bu şäher sebäpkär ýa-da özüm. Sen ogluňdan gaty görme eje. Nädeýin elimde däl üýtgedim. Çagalygymy ýatlaýan. Obamyň köçelerinde gumly ýer tapardyk tapan şol ýerimizde oýunuň içine çümerdik, oýnardyk. Diňe geliň…

#Nädeýin