Mugallym, manager
Näme üçin “Passenger”?!
2 minut alar
Köpleriň gyzyklanmasy bilen soradyklary sorag bar- Näme üçin “Passenger”?! jogaba gelmezden öň başga soraga seredeliň. “Biz kim we bu dünýä näme üçin geldik?” bu soragy googleden gözleseň her dürli düşünjeler çykar. Olaryň köpüsine seretsek gazanç etmek maksady bilen işlenen işlerdir. Ýagny biz adamalar käwagt bildiklerimizi pula, şan-şöhrata çalyşyp bilmezlikde galýarys. Asyl menzilimiziň nämedigini unutýarys ýa-da hiçbir habarymyz hem bolmaýar.
Sorag-biz kim?, jogap-adam(adamogly). Ony bizde bilýäris diýýänsiňiz. Aslynda bilmeýäris. Bu ýazanymyz anyk jogap däl. Ýagny ilki ýaşap görkezmesek, adam sözi şu bolýar diýip bilmeýäris. Gysgaça soraga jogap herkimiň özüne göre üýtgäp durýar. Edil käbir matematik mysallar ýaly. Meselem: a=x1+x2+X3+...+x4
deňlemäň çözüwi şertde berilýän a, n sanlara bagly. Ýagny soraga jogap bize bagly.
Sorag- bu dünýä näme üçin geldik?, jogap-ýaşamaga geldik. Ýene-de bilýän jogabymyz diýýänsiňiz. Ýöne ýene-de bilmeris aslynda. Ilki ýaşamagy öwrenmegimiz gerek. Belledigimiz menzilimize görä hereket etmegimiz gerek. Nähili menzil ol, ony bilmegimiz gerek. Diýmek hiçbir soraga jogap bilemeris, emma ýene-de sorasalar gürlän bolarys.
Mende bu işe bu iki soraga jogap gözlemek üçin girişdim. Biziň ýolumyz daşlardan däl soraglardan düzülen. Bu soraglaryň üstünden basmasak, ýoly geçip menzile baryp bilmeris. Diýmek ussat türk şahyry Nejip Fazyl Kysaküregiň aýtmagyna görä gijelerine ýatmazdan owal herkim özüne “men kim we bu iş nämäň nämesi?” soragy bermegimiz gerek.
"Passenger” sözüne gelsek, iňlis dilinden bir nokatdan başga nokada hereket edýän adama aýdylýar. Ýagny ýolagçy diýmekdir we ilkinji gezek XIV asyrda ulanylyp başlanypdyr. Men hem ýokardaky soraga jogap üçin çykanym üçin “Passenger” sözüni ulanyp başladym. Ýöne hemme sebäpler diňe bular däl. Ýolumyz indi başlady....(dowamy bar)