Kiber Medeniýet näme? Hakerlaryň maglumat alyşynyň usuly
3 minut alar
Salam, bu makalamda men kiber medeniýet we kiber dünýäsi barada gysgaça aýdyp geçjek.
Kiber medeniýet bu, durmuşda adamlaryň özara gatnaşygyna we jemgyýetçilik kadalaryna täsir edip, onlaýn giňişlikde emele gelen medeni gurşawdyr. Bu, sanly ulgamlaryň giň toplumydyr, şol sanda internet, sosial ulgamlar, wirtual giňişlik, onlaýn oýunlar, sanly aragatnaşyk we onlaýn ulgamlaryň beýleki taraplary.
Bu barada has gowy düşünmek üçin, sanly ulgamdaky soňky ýyllarda bolan täzelikleri öwreneliň:
Görüşimiz ýaly, IT kompaniýalar öz girdejilerini esseläp köpeltdiler, bu diýmek adamlar onlaýn platformalarda wagtyny has köp geçirip başladylar. Biz ol platformalarda öz işlerimizi onlaýn edip başladyk, gatnaşýan adamlarymyz bilen onlaýn habarlaşyp başladyk, tölegleri onlaýn edip başladyk. Şol sebäpdenem hüjümçiler (hakerlar) biziň maglumatlaryz bilen has hem gyzyklanyp başladylar. Olardan goranmak üçin ýurtlar has köp çykdajy etmeli boldylar:
Hüjümçiler (hakerlar) hem öz gezeginde maglumat almak üçin täze-täze usullary döredýärler. Olar maglumat almak üçin iň gowy görýän usullaryň biri, bu sosial inžinerçilik, ýagny adamy döwmek, adamyň duýgulary we pikileri bilen manipulýasiýa etmek.
Meselem: göz öňüne getiriň, siziň elektron poçtaňyza şeýle hat gelýä:
Hormatly müşderi!
Biz, Bankyň online operasiýalaryna gözegçilik etýän bölüm. Şu gün 08.12.2023 sagat 14:03-da, Siziň hasabyňyza 1.200 TMT pul ugradyldy, ýöne käbir tehniki näsazlyklar bolany üçin ol pul size geçmän saklanylyp galyndy. Puly öz hasabyňyza geçirmek üçin 3 sagadyň dowamynda öz hasabyňyza giriň:
https://bank.online/login
Hormatlyk bilen, Bankyň online operasiýalaryna gözegçilik etýän bölüm!
Şular ýaly haty görüp, adam wagtymy gidirmäýin, hasabyma çaltrak girip, geçmeli puly özüme geçireýin diýýä we gelen ssylka (linka) basýar. Ssylka basanyňyzdan soňra, ol ýerde Bankyň saýtyna meňzeş saýt açylar. Siz hasabyňyza girmek üçin ähli gerek maglumatlary girizersiňiz, we şeýlelik bilen köşeşip pula garaşyp oturarsyňyz. Ýöne pul gelmeýär :)
Bir näçe wagtdan bolsa size bankdan sms geler, we ol ýerde siziň hasabyňyzdaky ähli pullary başga kişiniň hasabyna geçendigi barada maglumat ýazylar. Siz bolýan zatlara düşünmän banka jan etýäňiz, NÄME ÜÇIN MENIŇ HASABYMDAKY ÄHLI PUL BAŞGA KIŞINIŇ HASABYNA GEÇDI diýip, bankdaky işgär bolsa Size ONY SIZ ÖZÜŇIZ GEÇIRDIŇIZ diýip tutar.
Näme boldyka indi bärde? Siziň elektron poçtaňyza Bankdan gelen hat aslynda hüjümçileriň (hakerlaryň) ugradan hatydy, olar siziň duýgylaryňyz pikirleriňiz bilen manipulýasiýa edip, wagt çäklenmesini goýup, bankyň saýtyna meňzeş saýt döredip, siziň bank hasabyňyzyň maglumatlaryny size ýazdyrtdylar, we ol maglumatlary sizden alyp, siziň hasabyňyzdaky ähli pullary özlerine geçirdiler.
Bolan wakany analiz edip görsek, biz diňe howp abananda kellämizi işletdik, NÄME ÜÇIN BIZ ELEKTRON POÇTANY OKAP BANKA JAŇ ETMEDIK, MENIŇ HASABYMA KIM PUL UGRATDYKA diýip jaň edip soramadyk? Egerde jaň edilip soralan bolsa, bankyň işgäri Size olar ýaly zat ýok diýip aýdardy. Biziň şolar ýaly zatlary etmejegimizi bilip, olar özüne peýda görýärler.
Şonuň üçin internetda ähli etýän hereketleriňizi gaty seresaplyk bilen etmeli, maglumatlaryňyzy seresaplyk bilen girizmeli, maglumatlaryňyzy girizmäkäňiz nirede girizýäniňizi barlap, soň giriziň!
Bu makalada men bu temany ýüzleýin geçdim, maglumatlaryň möçberini köpeldip, indiki makanyň indiki sanynda has hem giňişleýin açars bu temany. Eger tema gyzykly bolan bolsa teswir ýazmagynyňyzy haýys etýärin.