Teswirler (8)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sales manager

Gybat.

2 minut alar

Elbetde gybatyň gowy zat däldigini ählimiz bilýärmikäk diýip pikir edýärin. Hawa, gybat erbet zat. Geliň GYBAT-a giňişleýin seredip biraz analiz edeliň.

Ilki bilen "GYBAT näme?" diýen soraga jogap berjek bolalyň.

GYBAT - biriniň daşyndan edilýän nädogry, takyk däl gürrüň, myjabat - diýip ene dilim sözlüginde düşündirilýär. 

GYBAT meniň düşünişimçe şeýleräk bir zat bolmaly. Biri barada aýtýan sözlerimiz şol kişini rahatsyz etýän bolsa bu gybatdyr. Niýetimiz näme bolsa bolsun şol kişini rahatsyz etjek zatlar bolsa ýene-de gybatdyr.

GYBAT ynsan bilen ýa-da bolmasa ynsalar bilen baglanşykly birnäçe zatlaryň üsti bilen edilip biler. Meselem: Kişiniň bedeni, ahlagy, işi, maddy ýagdaýy, dini dünýäsi, eşikleri, şahsy aksesuarlary, ulagy... Gözüniň çaşylygy, semizligi, horlygy, uzyn boýlylygy, kelte boýlylygy, saçynyň dökülenligi ýa-da saçynyň uzynlygy, teniniň reňkinin akýagyz ýa-da garaýagyz bolmagy ýaly zatlar sebäpli bir kişiniş kalbyny ýaralap biljek ýa-da il içinde kemsidip biljek, köpçiligi üstünden güldürjek sözler gybatdyr. Gybat diňe dil bilen däl hereketler bilen hem edilip biliner. Meselem biriniň boýunyň gysgalygyny el, barmak yşarady bilen başga adamlara görkezmesi hem gybatdyr. Gybady tassyklamak hem gybatdyr.

Yslam dini hem gybady gadaganlapdyr. Gybat barada hadyslarda we Gurhanyň käbir aýatlarynda bellenilip geçilipdir. Muhammet pygamber (s.a.w) "Gybat etmek gardaşyň etini iýeniň ýalydyr" diýipdir. 

Gepiň keltesi doganlar, gybatdan gaça durmaklyga mäkäm ýapyşalyň. Töweregimizdäki adamlara hem gybadyň erbet zatlygyny başardygymyzdan düşündirjek bolalyň.

118 |
|