Teswirler (22)

Ýüklenýär...
User Avatar

ÇAGANY AŞA DEREJEDE SÖÝMEK DOGRUMY?

2 minut alar

Psihologiýada çendenaşa görkezilýän söýgini "kadaly ösmeýän söýgi" - diýip atlandyrýarlar. Bu bolsa adam şahsyýetiňiň ösüşine päsgel berýän iň uly faktordyr. Ylmy çeşmeleriň berýän maglumatlary umuman şeýleräk. 

 

Çaga - ene-atanyň durmuşyndaky iň uly baýlygydyr. Çaga dünýä inenden soňra, ene-atalar çagalaryna hemme kömegi bermäge we olar üçin bar bolan ähli serişdelerini sarp etmäge taýyn bolýarlar. Elbetde, ene-ata olara söýgüsini hödürlemeli, ýöne olaryň söýgüsi, çagalaryň erkin hereket etmegine päsgel berjek derejede bolmaly däldir. 

 

Jemgyýetde bar bolan “çenden aşa söýme, bolmasa lälik bolar...” ýa-da “islän zadyny etdirmäň, azajygam bolsa isleglerini çäklendiriň..” ýaly pikirlere esaslanýan wakalara köp duş gelýäris. Şeýle-de bolsa, çaga görkezilmeli mähiriň ululygy we görnüşi beýle bir çylşyrymly bolmasa gerek. 

 

Enäniň ýa-da kakanyň iň möhüm jogapkärçiliklerinden biri, edil, fiziki zerurlyklary ýaly çagasynyň emosional zerurlyklaryny hem kanagatlandyrmakdyr. Çaga aç wagty nähili iýmitlenýän bolsa, söýgä mätäç wagty hem oňa söýginiň berilmegi möhümdir. 

 

Mysal üçin, seýilgähdäki beýleki çagalar bilen bile oýnamak isleýän çagany göz öňüne getireliň. Çagasyny "gaty gowy görýän" ene, çaganyň ýykylmagyndan ýa-da özüne zeper ýetirmeginden ýa-da zeper ýetmeginden gorkup, çagasynyň ýeke gitmegine rugsat bermeýär. Çaga ejesi bilen topara doly goşulyp bilmeýär, sebäbi ejesi elmydama ýanynda, beýleki çagalar öz aralarynda erkin oýnaýarlar we belli bir wagtdan soň ylgap başlaýarlar, ejesi her ädimde çagasynyñ yzynda. Bu mysaldaky ýaly, käwagt çagalary aşa goramaga synanyşmak çaga üçin zyýanly bolup biler. 

 

Mysallaryň ýene biri, ejesinden aýrylyp bilmeýän bir gyzjagaz. Ejesiniň etegine ýapyşýar we goýbermeýär. Bir aýdan soň hem üýtgeşiklik bolmaýar. Arka hatarda oturan ene-de bu ýagdaýdan närazy. Enesinden aýyrjak bolanlarynda, derrew aglap başlaýar. 

 

Soňky mysal: Ýaňy ýakynda durmuşa çykan aýal doktora jaň edýär. Men ýigrimi iki ýaşly, durmuşa çykanyma ýaňy üç aý boldy. Ejemden soraman hiç zat edip bilemok. Men jaň edip, ejemden nahara näçeräk duz goşmalydygyny soraýaryn. Indi, meseläniň çözgüdine geleliň. 

 

Nämeler edip bolar? 

 

1-Çagaňyzy her bir adaty hereketleri üçin goramakdan özüňizi saklaň. Öwrenmek üçin çaganyň käwagt ýykylmalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň.
 

2-Kämilleşmegine rugsat beriň. Oňa kiçi jogapkärçilikler beriň.
 

3-Onuň üçin hemme zady özüňiz etmäň. Netijesi erbet bolsa-da, käbir zatlary özbaşdak etmegi öwrensin.

 

4-Dostlary bilen düşünişmezligi bar bolsa, tarap tutmaň. Diňe diňläň we çagaňyza wakany dürli tarapdan görmegine kömek ediň.

 

5-Wagtal-wagtal şowsuzlyklary duýsun. Ony hakyky durmuş bilen tanyşdyryň.

 

6-Olara öz meselelerini çözmäge mümkinçilik beriň.

 

7-Zerur bolanda elmydama şol ýerde boljakdygyňyzy aýdyň.

 

©Serdaryn_Pikirleri

08.06.2024ý.

 

Çeşmehttps://www.dbe.com.tr/tr/cocuk-ve-genc/11/sevginin-olcusu-ne-olmali/

143 |