...

Yaran Allamyradow

@galamkesh
MS biofizika

Amerikada master OKAJAKlara

Bu makala bakalawryny dünýäniň islendik ýerinde tamamlap indi master üçin Amerika gelmek isleýän we çyndan okamak isleýänlere degişli. Iş maksatly we beýleki maksatly soraglar bu makalada we mende jogap tapmaýar. Giriş duýduruşynam beren bolsak başlalyň. Bilşiňiz ýaly Amerikada okuw tölegleri tölärden gymmat, ýöne şonda-da okap ýören ep-esli daşary ýurtly talyp bar. Bular puly nireden tapýalar. Daşyndan gelýän master okuwçylary üçin esasy we gowy çözgüt Teaching Assistantship. Teaching Assistant käri köp uniwersitetleriň hemme bölümlerinde diýen ýaly…

Wagt nämeleri alar?

Ýene bir ýylyň soňuna ýetip gelýäs. Aslynda belkem bu makala edil doglan günümde ýazylaýmaly makalady, ýöne näme üçindir doglan günlerde adama oturup arkaýyn gynanmana berenoklar. Içinde agyr bir gussa daşyna daşyp bilmän hasam beter goýalyp çöküp gidiberýän ýaly. Sebäbi adamlar doglan günlerinde begenmäne zorlanýarlar. Ýene bir ýylyň geçip gidenine begenmäne... Şuwagt welin beýle zorluk ýok. Güýzem geçip barýar, gyş geldi diýibersegem bolar. Çaýyň bugaryp demini alyp durşy ýaly gussaň buguny çykaryp demlenip oturubermek üçin ýaman…

Damja 5 – Umman gary

Üýşüp ýokary galmana dowam etdik. Indi hasam ýagtylypdy töwerek. Her hili balyklar, akulalar, meduzalar gördük. Diýseň gyzykly geçdi. Ýene biraz ýüzüberdik welin suwuň ýüzüne ýakyn ägirt giň ýaşyllyk gördük. -Baýbowww bularyň owadandygyny – haýranlygymy gizlejek bolup durmadym. Bilgirjämiz haýran galanymy görüp ýene bat alyp gürläp başlady. -Bulara fitoplankton diýilýär. Öňler birnäçesi bilen duşuşypdym gaty mylaýym jandarlar. Ýagty bilenem aralary gowy bularyň haçan görseň suwuň ýüzüne golaý. Bu sözler meniň ünsümi çekipdi. Kim ýagta has golaý…

Damja 4 – Merjeniň mejnuny

Salam, barmysyňyz. Ýene men geldim, aýtjak zatlarym bar. Buşluk, umman ýagtylyp başlady. Gözüme köp jandarlar görnüp başlady. Ýagty dünýäniň dürli-dürli reňkleri bar eken. Tümlükden çykmak juda üýtgeşik duýgy. Her bir täze reňki görenimde öň bu ýerlere gelip gören ýoldaşlarymdan olaryň atlaryny soraýaryn. Olar diýseň gyzykly. Gyzyl, ýaşyl, sary, gök hemmesem ýaman owadan. Hiç haýsyny beýlekisinden üstün görüp bilmedim. Haýran galyp töweregime seredip barýardym welin birden hemme reňki özünde jemleýän bir balykda gözüm eglendi. Şeýle bir…

Damja 4 – Merjeniň mejnuny

Damja 3 – Ýol we ýoldaş

Salawmaleýkim, ýene men geldim. Ara gaty köp wagt salanymy bilýärin. Sizden ötünç soraýaryn. Beýle köp wagt görünmezligimiň elbetde bir sebäbi bar. Siziň öňüňize bahanasyz çykmak biderejik bahanaly çykmakdan has aýyp bolardy, şeýle dälmi? Şunça wagtlap gözden ýitenimiň esasy sebäbi ýolda bolanlygym. Ýadyňyza düşýän bolsa ýokary çykmak üçin iki sany zadyň esasydygyny bilipdim – süýjemek we ýylamak. Ikisi hem içki dünýäm bilen baglanşykly meseleler bolmagyna garamazdan, olar meniň daşky dünýämi hem örän üýtgetdi. Çyndanam ýuwaş-ýuwaş ýokary…

Damja 2 – Ýola taýýarlyk

Salam. Nähili ýagdaýlaryňyz? Menem erbet däl. Höwesim gaçmanjyk maksadyma ymtylsam, täzelik bolsa gelip aýdyp bererin diýipdim. Akja zatlar birnäçe gezek düýşüme girip ýatyrmady. Ilki-ilkiler şo gorkunç balykdan gorkup oýanýardym. Soňa-baka şol ýagýan zatlara seredip düýşlemden keýp alyp başladym. Ýöne düýşler seredip ýatmak üçin berilýän däldir şeýle dälmi? Ymtylmajak bolsaň arzuwyñ näme peýdasy bar? Garaz şu pikirler bilen ýokary çykmagyñ küýüne düşdim. Bir zatlar edip ýokary çykmagyñ ugruny tapmalydym. Geçenki ýaşulyñ ýanyna barasym gelenokdy. Birhili gürleýşi…

Damja 2 – Ýola taýýarlyk

Damja 1 - Tümlük

Salam eziz diňleýiji ýa-da okyjy. Men damja. Ýöne siziň bilýän damjalaryňyzdan däl. “Damja bilen damjaň arasynda näme tapawut bolsun?” diýýän bolup bilersiňiz. Hawa şeýle seredeniňde kän bir tapawudam ýok ýaly. Ýöne men edil şuwagt siziň görüp eşdip biljek ýeriňizde däl. Men ummanyň müňlerçe metr aşagynda. Bäri şeýle bir çuň welin bärde hiçhili ýagtylygam ýok. Tümlügiň iň goýy gatlagynda gezip ýörün. “Eger hemme ýer tümlük bolsa, onda tümlükdedigiňi nirden bilýäň?” diýip bilersiňiz. Aslynda siziň aýdýanyňyz dogry,…

Damja 1 - Tümlük

Rak näme ?

Aramyzda rak keseliniň adyny eştmedigimiz ýokdur. Ony gahrymanlarça ýeňen hassalar barada ýa-da kösenip ýogalanlar barada maglumatlara azyndan birnäçe gezek duş gelensiňiz. Entägem doly emini tapmak başartmadyk rak keseliniň nämedigini bilýärsiňizmi? Geliň onda rak bilen tanyşalyň. Beýleki hemme jandarlar ýaly bizem ilki başda ýekeje öýjükden emele gelýäris. Ejelerimiziň ýatgysynda köpelip her bir organymyzy emele getirýän bu öýjükler, biz doglanymyzdan soň hem köpelmäne dowam edýär. Bedenimizdäki bolup geçýän fiziologiki hereketleriň köp bölegini kontrol edýän genlerimiz, bu öýjükleriň…

Bagt näme diýseler - Buddha (birazajyk pelsepe 2)

Gadyyym döwürlerde (563-483 b.e.ö) şuwagtky Nepalda owagtlar Lumbini diýen ýerde, gurplyja bir maşgalada gowja oglanjyk ýaşap ýör eken. Bir diýeni iki gaýtalanmaýan, döwrüniñ şertlerine görä maddy ýagdaýy gaty gowy bolan bu oglanjyk bir gün, bu zatlaryñ hiiiiiçisinden lezzet alyp bilmeýändigine göz ýetiripdir. Şeýdip Akyşyñ "bagt näme diýseler, puldur öýtmäñ adamlar" aýdymynyñ sözlerini pikirlenmäne başlapdyr. Yañky oglanjygymyz, Siddharta Gautama, haaas meşhur ady bilen Buddha(ýagtylanan-durmuşy çözüp taşlan diýen manyda), bu barada pikirlenip başlapdyr. Buddha bu keýpleriñ ahyr…

Bagt näme diýseler - Buddha (birazajyk pelsepe 2)

Pikirlenýän, diýmek men bar. Rene Dekart (Birazajyk pelsepe 1)

Pikirlenmegi, pelsepäni halaýan her bir adam barlygy soraga çekmäge çalyşandyr. Her kynçylyga duş gelenimizde "Men näme işläp ýörün?" diýp soramaýanymyz az bolsa gerek. Rene Dekart diýip bir ýaşuly, meşhur fransuz filosofy, näme işläp ýörün diýmändir-de birazajyk öteräk geçipdir. Derdi ulurak bolmalyda, ol özüne "Meñ barlygym bir çynmyka?" diýip sorapdyr. Men barmy? Bu soragyñ jogaby bir bada gaty açyk görünýär. Dagy näme, men bar, biz bar. Ýöne gezek subut etmäge gelende biraz kynlaşýar. Duýuş organlarymyzyñ beýnimize…

Pikirlenýän, diýmek men bar. Rene Dekart (Birazajyk pelsepe 1)