...

Garlawach ...

@Enemahri
Žurnalist.

Duýguçyl, ýöne doňýürek :)

Çagalygyma gidäýsem... Günortanlary urulyp ýatyrylýan günlerime... Mekdepden geleniňde: ,,Näçe sany 5-lik aldyň" diýilýän günlerime... Jigim bilen urşup onuň köýneklerini bukup goýýan günlerime ... Ejem gelýänçä sallançakda ýatan jigimi üwräp oturmaly günlerime... ,,Bar, balam, kuhniýadan plan zat getir" diýilende almaly zadymy unudyp, ikilenji gezek soraýan günlerime... ,,Erigi ýuwman iýmäň" diýilýän günlerime... Hemem öýkelänimde aglap bilýän günlerime ... We iň esasysy bolsa kakaly günlerime... **** Gel, seni aklymyň otaglary bilen tanyşdyraýyn... Ynha, bu otagda göresim gelýänleriň suratlaryny…

Söýýänsireýänlerden gorasyn...

Söýmeýänlerden däl, söýýänsireýänlerden gorasyn Allajan... Geň galýan, birine ýasamalyk edenlerinden soň nädip özlerini halap bilýäler-kä? Mysal üçin men öz göwnüme degmek islemeýändigim üçin başgalara ýasamalyk edemok. Islendik gatnaşykda-da meniň özüm has möhüm, ýagny özümi garşymdaky kişä içimden gelişi ýaly alyp barmasam men özüme ikilik edenim bolýar...Öz duýgularyma, öz akylyma, öz hormatyma, öz terbiýäme... Şonuň üçin ýasamalyk garşyňdaka däl-de özüňe edilýän erbetlikdir... Öz bolşuňy, içki dünýäňi, içki sesiňi inkär edip birine gowy görünjek bolmak bilen gazanmagyň…

SAŇA AÝTMALY ZATLARYM BAR!.. Hawa, bu men! Saňa hat ýazmagy gowy görýän dostuň! Meniň saňa aýtmaly zatlarym bar! Men arzuw etmekden ýadadym, gadyrdan! Çünki köňül aýnam döwüleni bäri äpişgämden sowuk şemal girýär ýüregime... Ol ýerdäki gürsüldiniň sesi bolsa barha haýallap, gursagymam daşa öwrülip barýan ýaly... Bärde üşesemem seniň getirjek baharyňa henizem garaşýan men. We ähli güýjim bilen saňa hat ýazýaryn, gadyrdan, seniň kimdigiňi bilmesemem! Hiç kime aýdyp bilmedik zatlarymy saňa ýazyp ugradasym gelýär birhili. Bir…

Ýene düşnüksiz duýgular...

Soňky wagtlar solan güller hoşuma gidýär. Belki şonuň üçindir içimdäki kebelejiklerimiň hem meni terk edeni. Içim daşymdan yza galyp barýar öýdýän, edil wagt täsir etmeýän ýaly. Daşyma bahar gelse-de içimde güýz. Henizem bahara garaşyp oturşym. Ýapynjamam maňa ýylylyk berenok. Sözlerem ýigrenip başladym, olaram maňa päsgel berýär soňky wagt. Seslerden ýadadym, sessizlige tarap ýöräsim gelýär. Hiçkimň ýok ýerinde ümsümligi diňläsim gelýär. Ýazasym gelýär, gorkuly duýgular hakynda ýazasym gelýär, olary maňa aşyk bolaryndan saklasym gelýär. Ýanymdaky sessiz…

Ýene düşnüksiz duýgular...