#4. C++ programmirleme dilinde maglumatlary girizmek we endl funksiýasy
2 minut alar
Salam hemmäňize! Bu makalada maglumatlary girizmäni öwreners we öwrenen zatlarymyzy ulanyp tejribe geçers.
Makalany okap başlamakdan öň "#3. C++ programmirleme dilinde üýtgeýän ululyklaryň düşündirilişi" makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy.
Ilki bilen maglumatlary girizmäni öwreneliň. cin funksiýasy iostream kitaphanasyna degişli bolup, ol funksiýa maglumatlary bize girizmäne mümkinçilik berýär. Meselem, doglan ýylymyzy soraýan programma düzeliň:
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
int yyl;
cout<<"Doglan yylynyzy girizin: ";
cin>>yyl;
cout<<"Siz "<<yyl<<"-nji yylda doguldynyz";
}
1-nji kodlama
Programmany işledip doglan ýylyňyzy ýazyň. Meselem doglan ýylyňyzy 2004 diýip girizseňiz şeýle netije alarsyňyz:
Programmada biz bütin san girizmeli (ýagny doglan ýylymyzy), şonuň üçin yyl üýtegän ululygy biz int görnüşli üýtgeýän ululyk diýip aldyk.
Indi biz ýenede bir meselä seredip göreliň. Diýeliň bir bäsleşik geçirildi, basleşigiň netijesi belli boldy (1-nji ýer Aman, 2-nji ýer Didar, 3-nji ýer Maksat), indi şony biz çapa çykaralyň. Onda şeýle programma kody ýazmaly bolýas:
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
cout<<"1. Aman";
cout<<"2. Didar";
cout<<"3. Maksat";
}
2-nji kodlama
Eger biz 2-nji programma kodyny işletsek onda şeýle netije alars:
Görüşiňiz ýaly 2-nji kodlamada cout funksiýasyny täze setirde ýazsaň hem programmanyň netijesinde indiki setirde çap edilmeýär. Täze setirden çap etdirtmek üçin biz endl funksiýasyny ulanmaly bolýas. Onda:
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
cout<<"1. Aman"<<endl;
cout<<"2. Didar"<<endl;
cout<<"3. Maksat";
}
3-nji kodlama
Indi üýtgeden programma kodymyzy işledip göreliň:
Görüşimiz ýaly indi çap edilen netije düşnükli boldy.
Indi bolsa kiçiräjik tejribe geçireliň. 3-nji makaladaky 7-nji kodlamany üýtgedeliň, ýagny täze öwrenlerimizi ulanyp has kämil görnüşde ýazalyň. Meseläniň şertini ýatlap geçeliň: özümiz barada maglumat ýazjak bolýas, ýagny öz adymyzy, ýaşymyzy, agramymyzy we jynsymyzy (erkek bolsa “E”, aýal bolsa “A”):
#include<iostream>
using namespace std;
int main()
{
string at;
cout<<"Adynyz: ";
cin>>at;
int yas;
cout<<"Yasynyz: ";
cin>>yas;
float agram;
cout<<"Agram: ";
cin>>agram;
char jyns;
cout<<"Jyns: ";
cin>>jyns;
cout<<"Menin adym "<<at<<" we men "<<yas<<" yasymda."<<endl;
cout<<"Menin "<<agram<<"kg agramym bar."<<endl;
cout<<"Menin jynsym: "<<jyns;
}
4-nji kodlama
Programma kody işledip göreliň:
Biz programma kodymyzy has kämileşdirdik, biz maglumatlary özümiz girizip, olary düşnükli görnüşde çap etdirtdik.
Indi şu geçilenleri has gowy özleşdirmek üçin men size özüňiz kod ýazyp tejribe etmegiňizi maslahat berýän.
Tema degişli soraglaryňyz ýa-da pikirleriňiz bar bolsa teswir ýazmagyňyzy haýyş etýärin.