WI- FI-yñ ýetirýän zyýanlary
1 minut alar

Tehnologiýasyz ýaşap bilmeris - bu hakykat. Emma zyýanly netijelerden özümizi nädip goramalydygymyz hakda has köp bilmeli. Wi-Fi marşrutizatoryny howpsuz ulanmak ýa-da iň bolmanda bolup biljek zyýany azaltmak barada käbir maslahatlary belläp geçeliñ.
Internete birikmek üçin ulanylýan simsiz Wi-Fi ulgamy häzirki wagtda hemme ýerde diýen ýaly giñden ulanylýar. Şeýle-de bolsa, Wi-Fi enjamlaryny oturtýan hyzmat işgärleriniň saglyga howp salmagy barada anyk görkezmeleriň bardygyny az adam bilýär. Simsiz enjamlary birikdirmek üçin routerleri ulanýarys.Routeriň özi saglyga ep-esli zyýan ýetirip biljek WLAN signallaryny - elektromagnit tolkunlary çykarýar.
Bu hakykaty köplenç äsgermezlik edýäris, sebäbi bu hakda hiç zat bilmeýäris. Şeýle-de bolsa, bu signallar bedene zeper ýetirmegini dowam etdirýär.
Angliýanyň jemgyýetçilik saglyk gullugy tarapyndan geçirilen gözlegler Wi-Fi routerleri adamlaryň we ösümlikleriň ösmegine päsgelçilik döredýändigini subut etdiler.
Wi-Fi-yň zyýanly täsirleri:
Dowamly ýadawlyk;
Gulak agyry;
Konsentrasiýanyň bolmazlygy;
Ýygydan agyr kelle agyry;
Uky meselesi.
Nurana ÝUSUPOWA
TOHI-niñ Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ Maglumat ulgamlary we tehnologýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrynyñ 2-nji ýyl talyby.