Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Bäsdeşlik

3 minut alar

 

Bäsdeşlik häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde iň wajyp orun eýeleýär. Kapitalizm makalamda hem belläp geçipdim. Bäsdeşlik diňe ykdysadyýetiň ösüşine däl, eýsem bütin adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly täsir edýändir. Bäşdeşlik nädip bütin adamzat siwilizasiýasyna täsir edip biler? Bäsdeşlik diňe ykdysadyýete degişli termin dälmi?

Bäsdeşlik biziň bilşimiz ýaly iki ýa-da ondan köp önüm öndürijiniň arasynda bolup geçýän ykdysady proses bolup durýandyr. Ýagny hilini ýokarlandyr, bahany arzanlat. Bäsdeşligiň 2-nji tarapynda bolsa alyjylar çykyş edýär. Ýagny bäsdeşligiň döremeginiň esasy sebäbi alyjylar. Şolaryň isleglerine görä bäsdeşlik hem ösýär. Ýokary hilli, arzan önüm. Eýsem bäsdeşlik diňe 2 sany önüm öndürýäniň arasynda bolman, eýsem döwletleriň arasynda hem bolýanyny aytsam? Häzirki ulanýan telefonlarymyzyň, kompýuterlerimiziň, internediň kelläňize gelip biljek hemme harytlarymyzyň hemmesi häzirki döwüre gelip ýetmegi üçin uzak wagt gerek boldy. Birnäçe özgerişiklerden geçdi. Käbir harytlar indi asyl ulanylmaly maksatlaryndan daşlaşyp has kämil önümlere öwrüldi. Nämäniň hasabyna? Bäsdeşligiň hasabyna. Uzak taryha gitmän her gün ulanýan akylly telefonlarymyz häzirki döwüre gelýänçä nähili özgerişiklerden geçdi, gysgaça durup geçeliň.

Telefonlar. Häzirki döwrümiziň wajyp harydy. 30-40 ýyl mundan öň öýümize giren ýerimizde kiçijik stoluň üstünde duran ullakan enjam häzirki döwürde hemme adamlaryň jübüsinde. Telefon 1876-njy ýylda Aleksandr Graham Bell tarapyndan döredilip, patenti alyndy. Ol döwürde bu açyş dünýä boýunça uly ses getirdi. Poçta bilen habarlaşmak indi taryhda galyp barýardy. Ilkinji ýönekeý telefonlar gysga aralykda kabellar arkaly habarlaşylýardy. Radiotolkunlar arkaly habarlaşmak XX asyrda ýuwaş-ýuwaş döräp başlady. Ilki günbatar ýurtlarynda harby maksatlar bilen ulanylyp başlasada, kem-kemden halk köpçüligine hem ýaýrap başlady. Ilkinji 2 kilogram agramly el telefony 1973-nji ýylda döredildi. XXI asyryň başlarynda birnäçe hususyýetçiler tarapyndan telefon önümçiligi hem başlady.

Hemmämiziň ömründe bir gezek bolsada ulanyp gören telefon markasy Nokia 1982-nji ýylda döräp şol döwürde telefon bazarynyň uly eýeleriniň biri bolmagy başardy. Bu uly başarnygy bolsa beýleki markalardan tapawutlylykda ulanmaklygyň has ýeňil we düşnükli bolmagydy. Nokia 2007-nji ýyla çenli telefon bazarynyň uly böleginiň eýesi bolmagy başarypdy. Ýöne 2007-nji ýylda bolan waka bu markany bazardan pozmaga ýetdi.

Stewe Jobs gatnaşan konferensiýasynda özüniň 1-nji nesil Iphone marka telefonyny tanatdy. Bu waka meniň pikirimçe telefonyň döredilmegi ýaly uly wakalaryň biridi. Sebabi şol döwüre çenli kiçijik ekranly, knopkaly telefondan tapawutlylykda Iphone özüniň minimalist keşbi we knopkasyzlygy bilen tapawutlanyp çykan ýylyndan häzirki döwüre çenli telefon bazarynyň uly eýeleriniň biri bolmagy başarypdy. Nokia, Blackberry, Motorolla ýaly markalar Iphone bilen bäsdeşligini dowam edip bilmedi, we bazardan çekilmäge mejbur boldy. Knopkaly, az funksiýaly telefonlaryň ýerini indi has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan smartfonlar tutdy. Häli hem aýdyp geçipdik. Indi telefon öz esasy häsiýeti, ýagny biri bilen jaň edip habarlaşmak häsiýetinden başga maksatlara ulanylyp başlandy. Ýylsaýyn has kämil kameralar ornaşdyrylýar, ýylsaýyn täze funksiýalar girizilýär. Bu bolsa bizi tehnologiki taýdan öňe saýlanmagymyza uly täsir edýär.

Bäsdeşlik diňe ykdysady proses diýip geçmeli däl. Stewe Jobs Iphone markasyny tanatmadyk bolsa belki häzir hem knopkaly Nokialary ulanardyk. Belki birnäçe öňegidişlikler bolmalysyndan has giç bolardy, belkem bolmazdy. Bäsdeşligiň bütin adamzat taryhyna uly yz goýup biljek uly güýji bar. Bäsdeşligiň kömegi bilen adamzat ýene bir uly ädimleriň birini ätmegi başardy. Bäsdeşligi gollamak, täzelenmegi hem gollamakdyr. Men bu makalam bilen bäsdeşligiň wajyplygyny düşündirmäge çalyşdym. Pikirleriňize we soraglaryňyza teswirde garaşýan. Inniki makalamda görüşýänçäk.

theEconomist  

38 |
|