Türkiýedäki täze akademiki neşirde «Türkmenistanda adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» atly makala çap edildi
3 minut alar
TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde – ýaňy-ýakynda Türkiýäniň Atatürk adyndaky Medeniýet, dil we taryh instituty tarapyndan türk dilinde neşir edilen «Türki dünýäsinde adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türk dünyasında terim çalışmaları») atly täze kitabyň 345 – 398-nji sahypalarynda «Türkmenistanda adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türkmenistan’da terim çalışmaları») atly makala çap edildi.
«Türki dünýäsinde adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türk dünyasında terim çalışmaları») atly täze kitap Türkiýäniň Türk dili jemgyýetiniň başlygy Gürer Gülsewiniň ýolbaşçylygynda 2018-nji ýylda döredilen ylmy geňeşiň «Ylym we tejribe» bölüminiň «Adalgalar sözlükleri» toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanyldy.
«Türki dünýäsinde adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türk dünyasında terim çalışmaları») atly täze kitabyň görnükli türkmen dilçi alymlary Maral Taganowanyň, Ata Gylyjowyň, Berdi Saryýewiň hem-de türk alymy Emrah Ýylmazyň galamyna degişli bolan «Türkmenistanda adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türkmenistan’da terim çalışmaları») bölümi «Girişden», şu aşakdaky:
- Türkmen adalgaşynaslygynyň taryhy barada gysgaça maglumatlar;
- Adalga düşünjesiniň kesgitlemesi;
- Sözlükçilik (leksikografiýa) we adalgalar sözlükleri;
3.1. Ensiklopedik sözlükler;
3.2. Filologik sözlükler;
- Türkmen sözlüklerini we sözlükçiligini (leksikografiýany) ösdürmek maksady bilen geçirilen käbir ylmy gözlegler;
- Türkmen diliniň adalgalar sözlükleri;
- Türkmen sözlükçiliginde (leksikografiýasynda) dili öwrenişdirmek we şiweleri ösdürmek maksady bilen geçirilen ylmy gözlegler;
- Iki dilli sözlükler;
- Türkmen adalgalarynyň tematik toparlary barada gysgaça maglumatlar;
6.1. Türkmen dilini öwreniş ylmynyň ýüz ýyllyk döwrüniň dowamynda
düzülen käbir adalgalar sözlükleri;
- Edebiýat we adalga;
- Türkmen adalgalary we adalgaşynaslygy boýunça geçirilen ylmy-derňew işleri;
- Türkmen adalgalarynyň düzülmegi bilen baglanyşykly käbir maglumatlar;
- Garaşsyzlyk döwründe türkmen adalgaşynaslygy;
- Türkmen adalgaşynaslygynda tehnologiýa bilen baglanyşykly adalgalar, Sanly ulgam adalgalary – ýaly on bir sany ylmy meýilnamadan we «Netijeden» ybaratdyr.
«Türki dünýäsinde adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türk dünyasında terim çalışmaları») atly täze kitabyň «Türkmenistanda adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türkmenistan’da terim çalışmaları») bölüminiň girişinde «Termin» diýen halkara düşünjesiniň türkmen dil biliminde «adalga» düşünjesi bilen aňladylýandygy beýan edilýär. Kitapda bellenilişine görä, «Adalga» sözi 1962-nji ýylda neşir edilen türkmen diliniň ilkinji sözlügine-de, 1987-nji ýylda çap edilen iki jiltlik sözlügine-de girizildi, ýöne bu sözlüklerde bu sözüň manysyna «Termin» sözüniň teswirinde düşündiriş berilýär. Täze neşirde türkmen dil biliminde ilkibaşda «Adalga» sözüniň ulanylandygy, XX asyryň ahyryna çenli döwürde bu söze derek «Termin» sözüniň ulanylandygy, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa ýene-de «Adalga» sözüniň ulanylanylyp başlanandygy we munuň millilige gaýdyp gelmegiň aýdyň täsiridigi barada beýan edilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, kitapda bellenilişine görä, türkmen diliniň Türkmenistanyň häzirki Garaşsyzlyk zamanasynda – 2010-njy hem-de 2016-njy ýyllarda neşir edilen iki jiltlik sözlüginde «Adalga» sözüniň manysyna ozalky sözlüklerdäki ýaly «Termin» sözüniň teswirinde düşündiriş berilmän, öz teswirinde düşündiriş berilýär.
Görnükli türkmen dilçi alymlary Maral Taganowa, Ata Gylyjow, Berdi Saryýew we türk alymy Emrah Ýylmaz «Türki dünýäsinde adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türk dünyasında terim çalışmaları») atly täze kitabyň «Türkmenistanda adalgaşynaslyk ylmynyň öwrenilişi» («Türkmenistan’da terim çalışmaları») bölüminiň netijesinde Türkiýäniň Türk dili jemgyýetiniň düzüminde türki dünýäsiniň dilçi alymlaryny bir ýere jemläp biljek umumy bir dil merkeziniň – Dil we ylmy gözleg merkeziniň döredilmegini hem-de bu merkeziň binýadynda hususy internet torunyň bolmagyny teklip etdi. Bu ylmy işiň awtorlary täze dörediljek Dil we ylmy gözleg merkeziniň çäginde türki dünýäsiniň umumy sözlükleriniň, monografiýalarynyň taýýarlanylyp bilinjekdigi hem-de bilelikdäki halkara ylmy-amaly maslahatlaryny gurap boljakdygy baradaky ylmy-nazary pikir-garaýyşlaryny öňe sürdüler.
Toýly Jänädow