Hyýal

Hyýal

Hyýal (Liriki hekaýa) Şol gün öýlän duýdansyz ýagyş ýagdy. Ilkibada edalyja ýel öwüsmäge başlady, soň biraz güýjedi, onsoň ýeliň çynydygy bildirip ugranyndan soň, gür baglar agramly telpegini saklabilmän, eýlä – beýlä yrandylar. Garagol ýeliň eýini berjek bolýan ýaly, şahalary bilen galgaşyp, çarýana hallan atdylar. Ýerdäki ösgün otlar ýüzüne urlan ýaly, tas ýarysyna çenli bir tarapa gyşardylar. Şeýdip, ilkinji damjalar asmandan düşdi, olaryň yzýany bilenem alňasak beýleki damjalar tekiz ýeri garaltmaga başladylar. Men gözüme ynanman, oňa…

Klero (II bölüm)

Hawa... Ol uka batdy, elbetde ýerinda başga biri bolsa ol hem uklardy... Oglanjyk bolsa pejiň gapdalyndaky oturgyçda oturyp ýolagçyny synlaýardy... Eýsem bu ýolagçy kim? Oglanjygyň gözi bilen bu nätanyş myhmany tanalyň: edil şu wagt ol aýratyn bir älemdi, adam emma başga adam, hemmeler ýaly däl, üýtgeşik adam. Onuň sudury zemin gözelliginden däl, onuň özi hem zeminli däl, megerem ol arşdan gelen bolsa gerek... Başga biri bolsa oňa adaty gyzjagaz diýerdi, emma oglanjyk üçin ol aýratyn…

Kardiomont dagy

Kardiomont dagy Kardiomont dagy gaty belent dag hasaplananok. Emma ol adaty dag däl. Bu dagy başga daglardan tapawutlandyrýan bir aýratynlyk bar. Bu dagda älemde ýekeje ýerde duş gelýän korfulýoz güli yetişýär. Dagyň özboluşly tebigaty bar. Etekleri hemişe ýaşyl öwüsýär, dagyň özi gaty daş böleklerinden ybarat bolsa-da çagyl ýa-da ownuk daşlary asla görmersiň. Bu dag ösümliklere örän baý: dürli hili miweli we miwesiz agaçlar, kiçili-ululy gyrymsy baglar, köpýyllyk we otjumak ösümlikler dagda mesgen tutunypdyrlar. Haýwanat dünýäsi…

Kardiomont dagy

Klero

Bu bir meňzetme... Käte şeýle-de bolaýýar! Uly tokaýda ýalňyz öýjagaz... Öýüň içinde täsin bir oglanjyk; göräýmäge adaty ýaly... Onuň hem saçlary bar, özem altyn öwüsýär, sarymtyl bugdaý reňkli; onuň hem burny bar, ne uzyn, ne-de kelte, ne inçe, ne-de ýogyn, adaty bir burun; onuň hem gözleri bar, goňur, asman ýyldyzlary ýaly şöhle saçýar, hamala diýersiň iň bagtly adam; onuň hem gaşlary bar, ne has ýogyn, ne has inçe, ýöne welin ussat suratkeş çekendir diýersiň; onuň…

Gürrüňdeş

Gürrüňdeş (Hekaýa) Haçan başlanandygyny-ha bilemok welin, günüň ikindi ýarymy iň köp pikir edýän wagtyma öwrüldi. Biziň sygyrlary örüden getirýän gumaksy ýolumyz bar, ýoluň bir gyrasy içini gamyşlyk basyp giden kiçiräk ýaba degip geçýär. Şol ýoldan mallary idip gelşime, al reňke boýalan gözýetimi synlamagam täzeden çykarypdyryn. Bolmasa gözýetimdäki ikindin ýüze çykýan al reňkli şapak mundan on bir ýyl öňem – meniň sekiz ýaşda mal bakyp başlan wagtymam bardy. Obanyň çopan oglanlary bolup, günüň ýaşar wagtynda uzak…