Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Kardiomont dagy

3 minut alar

Kardiomont dagy

Kardiomont dagy gaty belent dag hasaplananok. Emma ol adaty dag däl. Bu dagy başga daglardan tapawutlandyrýan bir aýratynlyk bar. Bu dagda älemde ýekeje ýerde duş gelýän korfulýoz güli yetişýär. Dagyň özboluşly tebigaty bar. Etekleri hemişe ýaşyl öwüsýär, dagyň özi gaty daş böleklerinden ybarat bolsa-da çagyl ýa-da ownuk daşlary asla görmersiň. Bu dag ösümliklere örän baý: dürli hili miweli we miwesiz agaçlar, kiçili-ululy gyrymsy baglar, köpýyllyk we otjumak ösümlikler dagda mesgen tutunypdyrlar. Haýwanat dünýäsi hem ösümlik dünýäsinden kem galanok. Bu dagda her hili haýwana duşmak mümkin, emma olaryň ählisi diýen ýaly adam gözüne seýrek duşýarlar.

 Korfulýoz güli, 17 ýyldan 1 gezek gülleýän gül. Daşky keşbi boýunça ol adam ýüregini ýadyňa salýar. Ol ömrüniň 15 ýylyny dagyň jümmüşlerine kök urmak üçin sarp edýär, galan 2 ýylyny bolsa boý alyp güýçlenmeklige; ömrüniň ahyrky ýylynda bu gül gunçalaýar we daşky gurşawa ýakymly ysyny ýaýradyp başlaýar. Bu ys şeýle bir ýumşak, şeýle bir syrly welin, golaýyndan geçen ähli zady özüne çekýär. Gülüň ysyny alan islendik jandar ony gana-gana ysgamak isleýär. Ine, korfulýoz güli şeýle täsin gül. Hat-da bu güliň dikeni hem ýok, ýapraklary adam eliniň aýasy ýaly ýasy, çar-ýana seçelenip durandyr. Baldaklary bolsa gowaça çöpüni ýadyňa salýar, gaty we gödek görünýär. Emma ýakynlaşyp üns bilen seretseň, elläp görseň, gowaça çöpi bilen baglanşykly ýeriniň ýokdugyna düşünýärsiň. Ýöne onda-da ol şeýle bir berk welin, ony döwmek asla mümkin däl. Güli kökünden sogurmak bolsa döwmekdenem kyn. Ine, şeýle gurbatly we güýçli gül. Hamala tebigat iň soňky gaýratyny we yhlasyny şu güle siňdirendir diýersiň...

Korfulýoz güli ýetişenden soň oňa degmeli däl. Islendik jandar korfulýoz gülüni baryp ysgasa, ol dessine tohumlanýar*. Ýeri, tohumlananda näme erbet ýeri bar diysene?! Erbet ýeri şunda: bu gül ýürek şekilli bolansoň onuň ähli ýerleri ýapyk, diňe iň yokarsynda iki sany yş bar. Ol yşdan bolsa daş-töwerege gülüň atyr ysy ýaýylýar. Tohum bolsa düwünçekde ýetişýär, düwünçek bolsa gülüň baldagy bilen birleşýän ýerinde, ýagny düýbünde. Korfulýoz gülüniň tohumlary hem özi ýaly täsin. Olar diken şekilinde, we daşyna seçelenmedik ýagdaýynda gülüň içinde ösüp başlaýarlar...

 Ynha, Kardiomont dagynyň belent gerişleriniň birinde syrly korfulýoz güli ösüp otyr. Ol eýýäm gunçalapdyr. Çar-ýana onuň syrly we ýakymly ysy ýaýylýar.Ýakynrakdan baryp seretseň bu güliň eýýäm tohumlanandygyny görmek bolar.Onuň içinde ullakan dikenler ýetişipdirler. Ýakynda bu dikenler gülüň içini ýarypçykarlar we öz tohumlaryny ýere sepelärler. Ýetişen dikenlerden täze gül döremez; olar hem güli hem özlerini isrip etdiler. Dagyň gerşinde ol dikenler gurap galarlar we gül bilen birlikde iň soňky howasyny bererler. Emma kiçijek tohumlar bolsa ýeriň jümmüşine inerler we täzeden ösüp başlarlar. 15 ýyllap ýere kök urarlar we ömrüniň 17-nji ýylynda gunçalap güllärler...

Ählimiz dag, hemmämizem gül...

Soňy!

Awtor: Joraýew Babageldi 

Öz pikirleriňizi teswirlerde paýlaşsaňyz hoşal bolardym. Siziň pikiriňizçe dag we gül hökmünde näme göz öňünde tutulýar?

Bellik: hekaýadaky atlar hyýal önümidir. Hakykatda beýle dag we gül ýokdur. Atlary grek we latyn sözlerinden alynan.

89 |
|