Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Filosofiýanyň esasy meselesi. Dünýä akyl ýetiriş, gnoseologiýa

2 minut alar

Gnoseologiýa - dünýä akyl ýetirmek hakynda taglymat. Ol "bu dünýä akyl ýetirip bolarmy ýa-da ýok?" diýen soragyň jogabyny derňeýär. Gnoseologiýada adamlaryň bu dünýä akyl ýetirmäge çalyşmakda saýlaýan usuly boýunça, olar esasan optimistlere, pessimistlere, agnostiklere we skeptiklere bölünýär.


Optimistler, bu dünýäniň ähli syrlaryna akyl ýetirip boljakdygyna ynanýarlar. Optimistler bu dünýäde sebäpsiz we manysyz zat ýok diýip hasap etýärler (eger bir zadyň manysy bar bolsa, oňa akyl ýetirip bolar). Olaryň pikiriçe adam aňy hemme zady başarýar we älemdäki ähli syrlary çözmäge ukyply. Şol sebäpden olar mydama bir zada garaşyp gezýärler we gowulygyň gözleginde bolýarlar.


Pessimistler, bu dünýäniň syrlaryna nähili ýoly saýlanyňa garamazdan akyl ýetirip bolmajakdygynyň tarapdary. Olar bu dünýäni manysyz hasaplaýarlar. Bu dünýäden hiç zada garaşmaýarlar. Olaryň pikiriçe, adam dünýäniň gowulyklaryny däl, eýsem, gödek we säwlikli, ýetmez taraplaryny hem kabul etmeli. Bu nukdaýnazardan olar optimistleriň tersi.


Agnostikler, bu dünýäniň syrlaryna adam aklynyň ýetmejekdigine ynanýarlar.  Olaryň pikiriçe adam akly bu dünýäniň syrlaryna düşünerden ejiz gelýär, adam bilmek üçin ýaradylan barlyk däl. Agnostiklere görä ähli zadyň jogabyny bir Hudaý bilmäge ukyply. Adamlaryň ol syrlary çözmäge bolan ymtylyşy düýbünden manysyz hereket. 


Skeptikler, bu dünýäniň syrlaryna akyl ýetirmeklik meselesinde anyk jogap bermeýärler. Olaryň pikiriçe, bu dünýä akyl yetirip bolmaklygy ähtimal. Olar ähli zatdan şübhelenýärler we öwrenen zatlaryny duýgy ýa-da akyl eleginde elemän özlerine siňdirmeýärler. Olaryň pikiriçe, bir zat anyklanýança bolubam biler bolmanam. Ýagny, bu dünýä akyl ýetiribem bolar, ýetirmänem bolar.

Hormatlamak bilen: ylmy.goldaw

Wagt aýyryp okanyňyz üçin minnetdar!

P.S. makala ulanylan ýagdaýynda salgylanma görkezilse hoşal bolardym!

 

105 |
|