2 minut alar
Ganaýança kes!
Ýyl 2022, ýaňyja 6 ýyllyk okuwymyň 4-njisini gutarypdym. Uniwersitet tarapyndan, islesek-islemesek hirurgiýa bölümlerine paýlanypdyk we tomusky tejribe aýymyza başlapdyk. Men hem şol islemeýänleriň biridim. Näme üçindigini dolyha bilemok welin, hiç hirurgiýa ugruna içim ýylamady. Şonda-da paýlandykmy – gitmeli, gitdimmi – birazam bolsa peýdaly zatlary öwrenmeli. Şeýle pikir bilen tejribäme dowam etdim we onuň köp bölegini operasiýa salonlarynda dälde, hirurgiýa bölüminiň özünde geçirdim. Bölümde operasiýa taýynlanýan hassalar, operasiýadan çykan hassalar we kiçi-kiçi “operasiýajyklara” mätäç bolan hassalar…