Eje

Eje eşt sesimi…

Eje eşt sesimi... Eje salam, diýişleri ýaly sen ýanymdamy?! Men saña bir zat gürrüň bersem diňlejekmi? Ýa-da ýok eje eştjekmi? Men 17 ýaşymdadym eje bilýäňmi? Bir gün meni ýanyňa çagyryp : “Gel oglum, otyr” diýip öňüme surat goýdyñ. 3 sany surat, bu pylanyň gyzy Merjen, bu goňşyň Jennet we bu da klasdaşyň Leýla, saýla diýdiňiz. Eje, meniň durmuşymyň iň uly we iň kyn kararyny aldyrýanyňy bilýärdiňmi? Eje men 17 ýaşymda atlaryna görä saýlamalydymmy? Daşky keşbine…

Owaz

Nireden bir ýerden dutaryň owazy eşidilýär. Aşakgy ýa-da ýokarky goňşulardan gelýän bolmaly. Geň galaýmaly, olaryň ikisinde-de dutar diňlejek ýaşda adam ýok. Gulagym meni aldamaýan bolmasa, ol, hakykatdanam, dutaryň owazy bolmaly. Özem hamana uzak-uzak geçmişden ýaňlanýan ýaly şeýle çalajan eşidilýär. Dutaryň sazyna düşünişim ýabygorly hem bolsa, men ony hiç haçan özüme keseki zat ýaly duýmadym. Gaýtam, şu ömrüme ony mydama meniň barlygyma dahylly bir zat ýaly duýup gezdim. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbini, megerem, ýene çagalygymdan gözlemelidirin.…

Görülmedik gazlar

Görülmedik gazlar (hekaýa) Çagalyk döwrümiň bir wakasy ýadyma düşýär. Ekleýjisi bolmadyk maşgalalarda eklenç dürli wakalara, başdan geçirmelere, täsinliklere baý bolýar. Adatça, beýle maşgalalardaky eklenç birsydyrgynlygy söýmeýär we asla, birsydyrgyn bolmaýar diýen ýalam. Ine, şol günüň – gününe eklenjiň täsin ýollary bilen tanyşlyk açýan, onuň yzy – soňy görünmeýän dünýäsiniň içinde ýaşap ýören maşgalanyň biri hem meniň baş gahrymanlarym bolmaly. Olar köpgatly jaýlaryň üçünji gatynda ýaşaýardylar. Olardan aşakda ýene iki gat, ýokarda bolsa, üç gat bardy.…