Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Görülmedik gazlar

9 minut alar

 Görülmedik gazlar

 (hekaýa)

 Çagalyk döwrümiň bir wakasy ýadyma düşýär.

 Ekleýjisi bolmadyk maşgalalarda eklenç dürli wakalara, başdan geçirmelere, täsinliklere baý bolýar. Adatça, beýle maşgalalardaky eklenç birsydyrgynlygy söýmeýär we asla, birsydyrgyn bolmaýar diýen ýalam. Ine, şol günüň – gününe eklenjiň täsin ýollary bilen tanyşlyk açýan, onuň yzy – soňy görünmeýän dünýäsiniň içinde ýaşap ýören maşgalanyň biri hem meniň baş gahrymanlarym bolmaly. Olar köpgatly jaýlaryň üçünji gatynda ýaşaýardylar. Olardan aşakda ýene iki gat, ýokarda bolsa, üç gat bardy. Hakyt, “gara daşyň arasynda galan” diýlen jümläni aýdybermeli hojalykdy. Köpgatly jaýlar üçin niýetlenilen ambarlar hem bardy, olaryň hatary ýerde,  öýlerden on – on bäş metr uzakda ýerleşýärdi. Aslynda, bu ambarlar ýeňil ulagly raýatlara niýetlenip, ýeňil ulagy bolmadyk raýatlaryňam öýlerine sygmadyk akyr –şukurlaryny gizleýärdi. Indi ençe ýyllardan bäri ekleýjisiz galan Güller gelneje ambaryna baranok diýen ýalydy. Ol bazarda ownuk – bölek söwda edensoň, gününiň ep-esli ýarymyny bazarda oturyp, galan böleginem öýünde hysyrdanyp geçirýärdi. Onuň bu güni belli – belli wagtlarda sagatdaky höwürtgesinden çykyp, “ku-ku” diýýän oýunjak guşjagazy ýadyňa salýardy. Ol söwdadan boş wagtlaram dek oturanokdy. Her dürli gykyndyk matalardan ýorgandyr düşek tikýärdi. Bularyňam güzeranyňy aýlamaga ýetmedik wagtlarynda onuň – munuň ýerine derek işlemäge gidýärdi. Şeýle aladasy ýetik günler zerarly we zerurlygyň ýokdugy sebäpli, ambaryny unudypdy. Ambary satmak baradaky teklibem şeýeräk günleriň birinde eşidipdi. Güller gelneje näme etjegini bilmän uzak pikirlenip gezdi, sebäbi onsuzam dar öýüniň daşarda bolsa-da, bir künjüni ýitiresi gelenokdy. Kim bilýär, geljekde bu künjegiňem oňa gerek bolmagy ahmaldy. Ýöne bir tarapdan, geljekde näme boljagyny bir hudaý bilýär diýibem ikirjiňlenýärdi. Ol hasam iki otagly darajyk öýüniň diňe üç sany adama niýetlenip gurlan ýaly aşhanasynda çagalaryna nahar guýmak bilen başagaýka, tereziniň ambary satmazlyk böleginiň agyr gelýändigini duýdy. Bu daşyndan göräýmäge kiçijek aşhanynyň içine sygmaýan zat ýokdy. Ýüzi her dürli kartinalardan doly sowadyjy onuň tutuş bir çüňküni eýeläp dursa, adamlar babatynda ulanylýan “boýny bilinden” diýen jümläni sowadyjynyň ýanyndaky çüňküň ikinji bir bölegini tutup duran dörtburç stol babatda hem aýtmak mümkindi. Şeýlelikde, aşhananyň üçden iki bölegi “eýelidi”. Dörtburç stol inlidi, şol sebäpden oturmak üçin aşhanadaky ýer darlyk edýärdi. Muňa seretmezden, stoluň aşagyna sygmaýan zat ýokdy. Gyşa niýetlenilip ýapylan bankalar, suw şlangalary, gündelik ulanyşa girmeýän, ýöne toý – tomgada gerek bolýan gap-çanaklar, şeýle hem çekiçdir paltalar, hatda 20-30 ýyl mundan öň düşülen ak-gara reňkli suratlara çenli tapmak boljakdy. Maşgalanyň bary-ýogy üç sany agzasy: Güller gelneje we onuň iki sany çagasy – Berdi bilen Bahar üçin nahar edinmäge örän ujypsyzja meýdan galýardy. Birden myhman geläýen ýagdaýynda, olar hökman bir gyradaky suwly bedräni stoluň üstüne galdyrmaly bolýardylar. Bir gezek ejesiniň goňşy pişigi nahar iýilýän wagtynda gujagyňa alyp oturmagy gadagan edendigi sebäpli, Bahar ony üç-dört ädimden ybarat dälizde naharlamaly bolupdy. Güller gelneje nahar iýlip bolunýança, ambary satmak baradaky teklibini orta atybilmedi. Şol ikirjiňlendi oturdy. Ol ähli zatlar babatda şeýledi. Göräýmäge, derrew çözüp goýbermeli meselänem pikirlener ýörerdi. Onsoň oňa ejesiniň, käbir halatda aýal doganlarynyň “aňkasy aşan” diýip igenmekleri ýöne ýere däldi. Ýöne olar Güller gelnejä uzak gaharlanyp bilmeýärdiler. Sebäbi Güller gelnejäniň egnine iki sany çagany ese – boýa galdyrmak ýaly ýeňil däl ýüküň düşendigine oňat düşünýärdiler. Bu ýüki her kimiň, onda-da özleri ýaly apalanyp saklanan, zada mätäçlik çekmedik gyzlaryň ählijesiniň göteribiljek ýüki däldigini bilýärdiler. Entegem, şeýle ýüki Güller göterýärdi. “Başa gelenini göz görer” diýenleri-dä. Soraglaryň edil howa ýaly öňi – ardy görünmeýän giňişligine bir çümensoň, wagty bilen çykmajakdygyna belet Güller gelneje uludan demini aldy. Berdi bilen Bahar ejeleriniň ýene bir hyýala münendigini aňlap, biri – biriniň ýüzüne seredişdiler

  • Hol, ýerdäki ambarymyz bar-a – diýip, Güller gelneje gözüni aşak saldy. – Şony sataýsak näderkä? Barybir deregimize ýarajak gümany ýok. Iki ýüz müň manada satyn aljak diýdiler. Az pul däl-ä iki ýüz müň. Bahar saňa (ýantorba?) sumka alarys. Berdä-de, eger karzymy üzübilsem, köwüş almagym mümkin. Ýöne öňkiň ýaly geýäýseň, gaýdyp zat alar öýtmegin. Ile berip goýber diýip aldymmy şo köwşi saňa? – diýip, Güller gelneje birden başga bir gürrüňe geçiberdi. Gözleri bolsa gahardan ýaňa petredi.
  • Ady Berdi-dä. Ho gün rus dili sapagy üçin alyp giden depderinem Guwanja berdi – diýip, Bahar ýaňy tutaşyp başlan “oda” odun taşlamak isledi. Ýöne depderiň köwüş ýaly gymmat däldigi üçindir-dä, gaharlanmaga başlan Güller gelneje başlaýşy ýaly duýdansyz köşeşdi. Ol sesini peseldip, ýene öňküsi deýin gözüni aşak saldy:
  • Biziň bir üýşüp – çaşyp ýatan goşlarymyzam ýog-a o taýda goýar ýaly. Ýöne bir somalyp duran zat. Satyp goýberjek – diýende, ol yzyny aýtmaga ýaltanýan ýaly, gürrüňi gapböwründen böldi. Özüne sabyrsyzlyk bilen seredýän iki jübüt göze gözi düşende, ol eýýäm ýatar wagtyň bolandygyny aýdyp, çagalaryny saçak başyndan turuzmak bilen boldy
  • Ambary satmaly – diýip, ilki bilen Bahar ýorgandan diňe kellesini çykaryp aýtdy. Derrewem ýorgany başyna çekdi
  • Hawa, eje, satmaly – diýip, hemişe Bahara görä gürleýän Berdi düşeginde dikelip oturdy.
  • Ýat basym – diýip, Güller gelneje gözüniň gytagy bilen ogluna duýduryş berdi. Çyra söndürlensoňam, Baharyň ýorganyň aşagyndan, Berdiniň düşegiň üstünde dikelip oturan ýerinden “satmaly-da satmaly” diýen sesleri käte edil şygar ýaly kesgitli, käte haýyş ýaly ýalbaryjy äheňde eşidilýärdi. Bu ýerini çalşyp duran sesleriň äheňinden ýadan Güller gelneje başy aýlanyp, özünden giden hassa deýin uka çümdi. Uzak günüň argynlygy ony kellesini ýassyga goýdugy uklamaga mejbur edýärdi. Ertesi gün Bahar bilen Berdi dilleşmedik bolsalar-da, okuwdan soň bile gaýtdylar. Ýollaryny welin ýöriteläp ambarlarynyň üstünden düşürdiler. Olaryň ikisiniň hem okuwlary öýländi. Gyşyň soňky aýynda sapak gutaryp, öýlerine gaýdyberer uçurlary öýlän ýanyny ilkagşama berýärdi. Öýe gaýdyşyn olar ýaňy gögerip başlan ter otlaryň arasyndan kömelek tapjak boldular. Kömelege derek Bahara sary telpekli gül, Berdä ýaş tozgajyklar düşdi. Bahar köýnegine ýelmeşen tozgajyklary aýryp gelşine, eger Berdi tozga üflemegi bes etmese, onda Berdiniň ak köýnegindäki gök syýanyň çyzyklaryny öýe baranlaryndan soň ejesine görkezjekdigine we hökmany suratda Berdä bir şarpyjak berer derejede aýtjakdygyna, eger bulam ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda ýene bir zatlar oýlap tapjakdygyna söz berdi. Berdi oňa jogap berip ýetişmedi, sebäbi olar eýýäm ambarlaryň deňine baryp ýetipdiler.
  • Ana, ho biziňki bolaýmasa – diýip, Bahar gözüni tegeledi. Olaryň mundan öň ambaryň ýanyna gelmeýändigini aýtmak gerek. Geläýselerem, ambaryň daş – töwreginde oýnap, haýsy ambaryň özlerine degişlidigi bilen gyzyklanmaýardylar. Ambary baryp görmek islegi diňe onuň satyljakdygy baradaky habardan soň peýda bolupdy. Görkezilen ambara ýetip barýarka, Berdini ýene Baharyň sesi saklady:
  • O biziňki däl ekeni, ynha, biziňki! – diýip, Bahar jigisine elini salgady. Olaryň ikisem kerpiçleri garalyp duran pessejik jaýa aňk bolşup seretdiler. Ambaryň daş – töweregi ýaňy arassalanan bolmalydy. Ol ýerden odun çapyp aýyrýandyklary düýbüne çenli çapylan ösümliklerden görünýärdi. Ambaryň işigi garalyp, hoňkaryp ýatyrdy. Çagalar birbada onuň daşy gara köýük bolan, ýöne şonda-da içi abat bolansoň, durmagyny dowam edýän dört-bäş sany agaçdan ybarat işikdigine düşünmediler. Elbetde, ambaryň käbir ýerleri ýalyn ýalan ýaly garalyp dursa-da, onuň bişen sary kerpiçden guýlany görünýärdi, ýöne kerpiçler örän irkidi. Şol sebäpden döwük – döwükdi, abat kerpiçleriniňem ýarpy böwri gyzyl, ýarpy böwri sary kerpilçerdi. Olar tä depesine çenli garalyp duran ambaryň öň haýsydyr bir ýangyny başdan geçirendigini habar berýärdiler. Ambaryň depesinde nämäniň bardygyny welin, çagalar saýgaryp bilmediler, sebäbi onuň depesi gurap barýan çaýyrdyr ýandaklar bilen örtülendi. “Biz hökman o ýere girip görmelimi?” diýen soragy berýän gözleri jogapsyz goýup, hemişe birinji bolmak ýüküni egnine alýan Bahar jigisiniň elinden tutdy. “Ýör, hany” Ambaryň içi örän garaňky bolup çykdy. Doganlaryň ikisem birbada ädim ädibilmän, gapynyň agzynda togtadylar. Bahar daşardan gelýän ýagtylyga tarap boýnuny uzatdy. Şo pursat Berdi onuň elinden sypdy-da, ambaryň içine girip gitdi. Edil garaňkylyga siňip giden baş gahrymany halas etmeli ýaly, Baharam gorkyny – ünjini unudyp, jigisiniň yzyna eýerdi. Her ädim ädende-de, hamana, öňlerinden döw çykaýjak ýaly, çirkin seslenip, Berdini gözleýärdi. Olar gowaga düşen adamlar kimin nirä, näme üçin barýandyklaryny bilmän, şobir dörtburçlugyň içinde aýlanyp ýördüler. Ahyry Berdiniň kellesi gaty bir zada degende, ol eli bilen sermeşdirip, diwary tapdy.
  • Şeýle boljagyny bilýärdim – diýip, Bahar dişinden syzdyryp jabjyndy. – Sen hökman geçi ýaly bolup, diwary süsersiň. – Bärde hiç zat ýok – diýip, ol henizem maňlaýyny sypalap duran Berdiniň ýanyna bardy. Indi olar üçin ambaryň içi başdakasy ýaly däldi, sebäbi gözleri garaňkylyga öwrenşipdi. Ambar aşagyna beton guýlan, dört diwardan ybaratdy. Başga saýgarara zat ýokdy. Zeýlidi hem-de nämedir bir zadyň ýakymsyz ysy gelýärdi.
  • Biz şu taýda mal saklasak näderkä? – diýip, Berdi garaşylmadyk soragy orta atdy.
  • Bilemok – diýip, Bahar ambary halamaýandygyny mese-mälim ýüzüne çykaryp gürledi – Nähili mal saklap bolsun bärde?! – diýip närazy seňrigini ýygyrdy
  • Ördek saklasak näme?
  • Ördekler bu ýerini hapalar  - diýende, Bahar haýsy maly saklap boljagyny pikir edýän ýaly, daş – töweregine göz aýlaşdyrdy. Onuň ýene bir gezek ilkudurmuş jemgyýetçilik gurluşynyň gowaklaryna meňzäp duran ambary gözden geçiresi geldi. Diwarlarda her dürli çyzyklar, gödek sözleriň ýarym – ýalta sudurlary saýlanyp durdy. Birinji synp okuwçysy çekdimikä diýdirýän adam göwreleriniň suratlary hem bardy. Şol göwreleriň kelleleri gazan ýaly uly, aýaklary çyzyk ýaly inçejik, eliniň barmaklary üç sany, gözleri bolsa ýüzüniň tas ýarysyny tutup duran derejede uludy we kirpiksizdi. Baharyň bu bulam – bujarlygyň içinde gelşikli bir zady döredesi geldi. Ol şeýlebir gelşikli zat bolmalydy welin, şu çyzyk – myzyk diwarlary we ýakymsyz ysly ambary bezemelidi, gelşigine getirmelidi. Bu ýere ýygy-ýygydan geler ýaly duýgyny oýarmalydy. 
  • Gaz saklasak bolar – diýip, Bahar ynamly aýtdy. – Olar owadan bolýar. Özem ullakan ganatlaram bar. Ördeklerdenem ýüz esse gowy. Gazlar şeýle tans edip bilýärler. Eýjejik, akja guşjagazlar – diýip, ol duran ýerinde pyrlandy. Berdi bolsa sesini çykarmady. Has dogrusy, ol şo wagt bu ýerde aşyk oýnap boljagyny ýa bolmajagyny pikirlenýärdi. Ýöne bu soragy Bahara bermekden çekinýärdi, çünki aýal dogany gaz saklamagy ýüregine düwen bolsa, iň gowusy aşygy sesiňi çykarman, bildirmän oýnamakdy. Aýal dogany gazlaryň ýanyny alyp oturasy ýok. Ana, şonda dost oglanlary bilen gelip, bu ambary tapaýmalydy. Şeýlelikde, çagalaryň dünýäsinde öň mälim bolmadyk ambar peýda boldy. Ol hyýalda hakykatdaky görnüşinden düýpgöter tapawutlanýardy. Ambar giňdi, ýagtydy. Içem örän arassady. Ap-ak gazlar owadan tanslary bilen ikiýana gatnaýardylar. Betonyň üstüni derýa deňizdir öýtmän ýüzýärdiler. Oglanlar bolsa bir gyrada aşyk oýnaýardy. Indi olara guma bulaşyp, daşarda üşemegiň hajaty ýokdy. Oglanlaryň ählisi şeýle “gaçybatalga” tapany üçin Berdä minnetdarlyk bilen seredýärdiler. Garaz, hemme zat şeýle ajaýyp bolansoň, Güller gelneje ambary satmakdan boýun towlady. Ol sypaýylyk bilen, ýöne pert-pertden ambaryň entek özlerine gerekdigini düşündirýän wagtynda Bahar-a Berdiniň köwşüne, Berdem Baharyň ýantorbasyna gözüni aýlady . Çaga bolsalaram, olar şo pursat durmuşyň örän wajyp bir sahnasynyň içindedigini aňýardylar. Nämedir bir zady gazanýandyklaryny we şo gazanýan nämedir bir zatlarynyň ambardan has wajyp zatdygyny duýýardylar. Olar ençe ýyllap gazlaram saklanmadyk, hatda bir gezek aşygam oýnalmadyk, ýandakdyr çöp – çalamlaryň içinde ýitip giden köne ambarlarynyň deňinden geçip barýarkalar, şo nämedir bir zady syzyp geçdiler we  kem-kemden onuň güýjeýändigini bilmäge başladylar. Doganlaryň göz öňünde ejeleri gaza öwrülip uçup gidende-de, özlerine hemişelik miras galan şo nämedir bir zadyň söýgi bolandygyny sessiz boýun aldylar. 

Ýazylan ýyly: 2019

Çap bolan ýyly: 2021 "Medeniýet" žurnaly, mart-aprel sany

  Bägül ATAÝEWA

31 |
|