Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

EJE, SENI TARYPLAMAK MÜMKIN DÄL!

1 minut alar

Türkmenmetbugat

Elime galamymy aldym we hiç zat ýazyp bilmän ençeme wagt oý-pikirde gezdim. Eje barada bir zatlar ýazmak, diňe maňa däl, eýsem ägirt uly şahyrlara-da agyr gelipdir. Men bolsa bu ýola ýany rowana bolan ýaş juwanlardan tapawutsyz, özümden uly bir işe baş goşupdym. Ýazmak üçin galamymy itekledim, onuň hasam ýazasy gelmedi. Galam  “meni itekleme, ýazjaklaryň eje barada boljak bolsa, oňa takadym ýok” - diýýän ýalydy. Galamyň ujy ejizlikden ýaňa döwüldi durdy. Ençeme gezek galamyň ujuny ýitiläp, täzeden synanşdym. Emma ýene başartmady. Şol wagt dünýädäki ähli güýçler bir ýerik jemlense, ejäni taryplamakdan ejiz galjak ýalydy. Sebäbi ejäniň hakyky waspyny edip biljek ne dana, ne-de bir filosof entek dünýä inipdi. Önki ägirtler, onuň waspyny etmek üçin ençeme kitap we dürli-dürli şygyrlaram ýazypdyrlar. Şonda-da onuň waspyňa mynasyp eser tapylmadyk ýalydy. Ejäniň hakyky waspyňy edip biljek adamogly tapylarkmyka, men-ä bilmedim!

Nirede adyň geçse, ol ýeri hökman bir mähir we söýgi gurşap alýar. Seniň mähriň we söýgiň adamzat döräli bäri täzeligini gorap gelýär. Hemme zat könelýär, bar zat modadan gaçyp barýar, emma seniň keşbiň ýyl - ýyldan durkuny goramagy başarýar. Dowamly täzelenýän durkuňa garap, owadanlyk solmaga boýun bolýar. Ine, bar ýazyp bilen zadym şu setirlerden ybarat eje, men seni taryplap bilmedim, meni bagyşla eje!

 

Suratyň çeşmesi :

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/14/articles/59916

161 |
|