Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Eje eşt sesimi…

2 minut alar

Eje eşt sesimi...

 Eje salam, diýişleri ýaly sen ýanymdamy?! Men saña bir zat gürrüň bersem diňlejekmi? Ýa-da ýok eje eştjekmi? Men 17 ýaşymdadym eje bilýäňmi? Bir gün meni ýanyňa çagyryp : “Gel oglum, otyr” diýip öňüme surat goýdyñ. 3 sany surat, bu pylanyň gyzy Merjen, bu goňşyň Jennet  we bu da klasdaşyň Leýla, saýla diýdiňiz. Eje, meniň durmuşymyň iň uly we iň kyn kararyny aldyrýanyňy bilýärdiňmi?  Eje men 17 ýaşymda atlaryna görä saýlamalydymmy? Daşky keşbine görämi? Saýlamasam bolmazdymy? Bolmazdy, enem pahyr meniň toýumy görmelidi. Men Leýlany saýladym eje, klasdaşymdy we owadandy. Men 18 ýaşadym öýlendirdiňiz , men 1 manat hem goşant goşmadym toýuma, hat-da men çagalykdan çykmankam men bir çylşyrymly durmuşa sokdyňyz. Eje men özümi tanamokdym ahyry, maňa kimiň gerekdigini nädip bilip bilerdim.... Ol saýlan gyzlaryňyzy nämä görä saýlapdyňyz? Maşgalalary “BIZIŇKI” ýalydymy?  Eje meniň arzuwlarym bardy men iňlis dili öwrenjekdim, ýokary okuw jaýyna girjekdim. Ýokary okuw jaýyna saldyňyz, menden näme isleýänimi ýene soramadyňyz, saýla diýdiňiz. Men saýladym, emma eje men inžener bolmak islemändim. Men iňlis dili mugallym bolmak isleýärdim. Enem pahyr ýogaldy eje, ýatan ýeri ýagty bolsun, men bolsa ýaşap ýördim. Eje şol ýaşamakdymy? Eje men Leýlany tanamokdym, maňa bir ýabany ýaly gelýädi, sebäbi men özümi tanap başlapdym eje. Men özümi tanadygymça Leýladan uzaklaşdym, özüme ýakynlaşdym. Leýlanyň günäsi nämedi? Eje senem gitdin meni goýup. Indi men nädip ýaşamaly? Sen mana durmuş gurup berdin emma gideňde ýykyldy, kartdan gurlan öýler ýaly bir kart gaçdy, tutuş öý ýykyldy eje. Eje men aýrylşdym, Leýlanyň günäsi ýokdy, men ýykylan durmuşymy täzeden gurdym eje, iňlis dilini öwrendim, häzir hem men mugallym.

 Diňe eje diýýän, aslynda seniň näme günäň bar diýsene...Hany diýýälerä “Ejesi ursada çagasy eje diýip aglarmyş” diýip.  Meni sen ýaly ýürekden diňlejek ýokdygyny bilýän. Eje men indi özümi tanaýan. Ýaşym 27 eje. 10 ýyl howlukdyñyz eje. .

185 |
|