Ahlak

Akyl bilen Zehiniň arasyndaky tapawut näme?

Akyl we Zehin köplenç biri-biri bilen bulaşýan düşünjelerdir. Şeýle-de bolsa, bu iki düşünjäniň arasynda käbir tapawutlar bar. Akyl , adama mynasyp bolan "pikir etmek" ukybydyr. Bu ýerde pikirlenmek, meseleleri çözmek, karar bermek we analitiki pikirlenmek ukyby bar. Mysal üçin, matematika meselesini çözmek ýa-da diskussiýany logiki taýdan öňe sürmekdir. Zehin , adamyň umumy düşünje ukybyna we öwrenmek ukybyna degişlidir. Zehin, ölçenip bolýan aýratynlykdyr we IQ synaglary ýaly testler bilen ölçelip bilner. Zehin hem aňy öz içine…

Dogry, ýalňyş. Obýektiw moral

Geçen twitter-de ýazan zadyma gelen jogaba jogap ýazýarkam, şuny makala edip ýazsam has gowy boljak diýen pikir geldi, alyň onda siziň bilen ilkinji makalam. Meniň ol ýerde aýdan zadym moralyň obýektiwligidi, ýagny “objective morality” hakynda. Bu makala hem şol hakda. Moral Ilki bilen moral diýenimde näme diýmek isleýän? Moral bir zadyň dogry ýa-da ýalňyşlygy bilen baglanşykly prinsipe aýdylýar. Ahlak diýip hem terjime edilip bilner. Edilýän, aýdylýan zat dogrumy, ýa-da ýalňyşmy? Obýektiw moral Indi bolsa obýektiw…

Döwrebap adam

(hekaýa) Käwagt ýazyň soňky aýynda howanyň petişdigine garamazdan, gara bulutlar asmany tutýar-da, gelişleri ýaly duýdansyz ýagyş ýagdyrýar. Şabyrdap ýagýan damjalar eýýäm gardyr ýagyş baradaky pikirlerini unudyp ýetişen adamlarda alasarmyk duýgy oýarýar. Şol äm-sämlikden açylyp ýetişmänkä-de, är-aýalyň urşy ýaly gysgajyk ýaz ýagşy “Hamana bolman ekenim” diýýär-de, ýol ugrunda ýaňy gögeren ýaşyl otlara, ýagyş ýagandan soň, edil ýag dökülen ýaly ýalpyldaýan gara ýola siňip gidýär. Ýagşyň, mümkin, öz ysy ýokdur, ýöne ol ýaşyl otlara siňenden soň, gara…